Energetika pudagy üns merkezinde

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan möhüm wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň dowamynda milli Liderimiz: «Biz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalaryny gurduk, bar bolanlarynyň durkuny täzeledik» diýip bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan energetika ulgamyna çekdi. Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň milli energetika ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny doly tassyklady.

Bu günki gün Türkmenistan tutuş dünýäde iri energetika döwleti hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyzda degişli ugurda häzirki döwre çenli giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirildi we dünýä jemgyýetçiligine nusgalyk tejribe toplanyldy. Bu bolsa döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmeklige we energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistany elektrik energiýasyny eksport edýän kuwwatly ýurda öwürmäge mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan energetika senagaty düýpli döwrebaplaşdyryldy. Ýokary derejeli tehnologiýalar esasynda pudagyň işi kämilleşdirilip, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberi artdyrylýar. Bu ugurda obalarda, şäherçelerde we etrap merkezlerinde energiýa paýlaýjy ulgamlaryň durky yzygiderli täzelenýär. Öz gezeginde ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň — kuwwatly täze elektrik stansiýalarynyň we elektrik geçirijileriň gurulmagy bilen, milli energetika pudagynyň kuwwaty has-da ýokarlandyrylýar. Munuň özi möhüm geosyýasy we geoykdysady ähmiýetli transmilli elektrik geçirijileri gurmaga ýardam berýär. Muňa şu ýyl Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan, uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi. Bu resminamalar döwletimiziň elektrik energetika ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Mejlisiň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamalydygyny belledi. Onda ýurt Baştutanymyz «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanuny kabul etmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny hem aýratyn nygtady. Bularyň ählisi energetika pudagynyň milli Liderimiziň üns merkezinde saklanýandygyny doly äşgär edýär.

Jumanazar BATMANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22119