Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz Türkmenistan dünýäde durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar hem-de energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda başlangyçlary öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi netijesinde Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara derejesinde eýeleýän ornuny has-da berkitdi. Uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdumyz ony bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar.
Durmuşa geçirilýän beýik işleriň esasy ugry Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň senagat pudaklaryny, hojalyk düzümlerini has-da depginli ösdürmekde, jemagat talaplaryny doly kanagatlandyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda elektroenergetika pudagynyň hem hyzmaty uludyr. Oňa döwlet tarapyndan möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ulanylýan, şeýle hem ulanmaga berilýän täze desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlarda döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalar gurlup, işe girizildi. Olar biri-biri bilen kuwwatlyk taýdan baglanyşykly bolup, ýurdumyzda elektrik guşagyny emele getirýär. Şunuň netijesinde energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary ençeme esse artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň senagat we jemagat talaplaryny elektrik energiýasy bilen doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, goňşy döwletlere — Eýran Yslam Respublikasyna, Owganystan döwletine ibermäge hem mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ýakyn we alys halklaryň ojaklarynda türkmeniň tebigy gazynyň alawlamagy doganlyk milletleriň ýüregini ýyladýar. Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasyndaky serhet parahatçylyk we dostluk serhedine öwrülýär. Netijeli ykdysady hem medeni gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk giň gerim alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne laýyk gelýän görnüşde täze mazmuna eýe bolýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagaty ösüş bilen ýokary galýar. Gazanylýan netijeler bolsa Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Çemen KAKALYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.