Energetika diplomatiýasynyň ösüş ugurlary

Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebit we bütindünýä ähmiýetli energetika ulgamyndaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Bitarap Watanymyz dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Döwrüň derwaýys meseleleri boýunça döwlet Baştutanymyzyň oňyn başlangyçlary we teklipleri sebitleýin hem-de ählumumy derejede özara bähbitli gatnaşyklaryň amatly mehanizmleriniň işlenip taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çemeleşmegi aýratyn bellärliklidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nebitgaz toplumynda gaýragoýulmasyz wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn çäreleriň hatarynda ýurdumyz üstaşyr magistral turba geçirijilerini döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi we oňa gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagy döwletiň ykdysady kuwwatynyň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge işjeň gatnaşýar, energiýa serişdelerini ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň belent münberinden beýan eden döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp bolup, Baş Assambleýanyň kabul eden birnäçe Rezolýusiýalarynda berkidildi.

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwletimiz üçin uly ähmiýeti bolan bu täze desganyň açylmagy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Çünki gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu ulgamda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda özara bähbitli hem-de köpugurly taslamalary durmuşa geçirýän kuwwatlyk döwlet hökmünde aýratyn işjeňlik görkezýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan —Pakistan —Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini görkezmek bolar. Gözbaşyny «Galkynyş» gaz käninden alyp gaýdýan TOPH gaz geçirijisiniň möhüm ähmiýeti hem onuň bir wagtda üç döwletiň ilatly nokatlarynyň «mawy ýangyja» bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, sebitiň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, Günorta Aziýa sebitinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge hem şert döredýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň energetika howpsuzlygynyň dürli jähetlerini berkitmäge gönükdirilen, dünýä jemgyýetçiliginiň we iri halkara guramalarynyň goldawyna mynasyp bolan halkara başlangyçlary bu günki günde ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň umumadamzat ähmiýetli tagallalary dünýä döwletleriniň bähbitleriniň sazlaşmagyna we utgaşmagyna esaslanýan syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň bilelikdäki ýollaryny işläp taýýarlamak boýunça täze mümkinçilikleriň açylmagyna ýardam edýär.

Energetika ulgamyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ilerlemegini maksat edinýän Türkmenistan BMG-de, Halkara Energetika Hartiýasynda anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Häzirki wagtda halkara energiýa akymlarynyň ygtybarlylygy we howpsuzlygy, energiýa serişdeleriniň hukuk taýdan goraglylygy wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda umumy hem-de köpugurly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, energiýa serişdelerini iberýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň anyk we üýtgewsiz ýörelgelerini ýola goýmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz energiýa serişdeleriniň halkara üstaşyr geçirilmeginiň deňhukuklylyk, adalatlylyk esasynda amala aşyrylmalydygyna, onuň ykdysady taýdan bähbitli, täjirçilik babatda esaslandyrylan bolmalydygyna ynam bildirýär.

Ýangyç iberiji, ony üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň ählisi üçin häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda hemmeleriň bähbitlerini sazlaşdyrmak möhüm bolup durýar. Ol wezipeleriň esasanda energiýa üpjünçiliginiň tehnogen, ekologiýa, tebigy-geologiýa, maliýe-ykdysady howpsuzlygy bilen baglanyşyklydygy dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Şoňa görä-de, energiýa howpsuzlygynyň toplumlaýyn häsiýeti, onuň dünýä döwletleriniň ykdysady howpsuzlygynyň düzüm bölegi bolup durýandygy kesgitlenýär. Çünki islendik döwletiň ykdysadyýetiniň hereket etmeginiň, şonuň ýaly-da ýaşaýyş-durmuş maksatly ulgamlarynyň ösüşiniň netijeliligini üpjün edýän desgalaryň bökdençsiz işlemegi ilkinji nobatda energiýa üpjünçiligi bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçin hem energiýa serişdeleriniň dürli görnüşleri üçin niýetlenilen geçirijileriň howpsuzlygyny gazanmak meselesine gönüden-göni bütindünýä ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Energiýa howpsuzlygynyň bitewi ulgamyny emele getirmekde köptaraplaýyn diplomatik işlere ähmiýet berýän ýurdumyz bu ugurda anyk maksatlara gönükdirilen strategiýanyň we daşary syýasatyň mümkin bolan serişdelerini ýerlikli ulanýar.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan dünýä döwletleriniň bähbidine «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, sebit we halkara derejesindäki iri taslamalaryň başyny başlap, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär, durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynyň halkara derejesinde ygtybarlylygynyň hem-de durnuklylygynyň üpjün edilmegini ileri tutýar. Munuň özi, sebit we yklymara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge, geoykdysady giňişligiň strategik ösüşini bahalandyrmagyň döwrebap çemeleşmelerini hem-de dünýä halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşine hyzmat edýän gatnaşyklarynyň oňyn nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär.

Gurban MYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20013