Ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ösüş aý­ra­tyn­lyk­la­ry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň senagatlaşdyrmaga gönükdirilen syýasatyny amala aşyrmakda, ýurduň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmak, olary senagat taýdan çuňlaşdyrylan görnüşde gaýtadan işlemekde ykdysadyýetiň ähli ugurlary depginli ösüşlere eýe bolýar. 2015-nji ýylda «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamsynyň» kabul edilmegi ýurduň önümçiligini oňyn guramak, öndürilen taýýar önümleriň dünýä bazarlaryna amatly nyrhlar bilen ýerlemäge hem-de Türkmenistanyň bazar şertlerinde bäşleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň iň möhüm ugurlarynyň biri-de uglewodorod serişdelerini eksport etmek bolup durýar. Beýik Britaniýanyň «Gaffney Сline & Assoсiates» iňlis şereketiniň hünärmenleri tarapyndan 2012-nji ýylda geçirilen garaşsyz halkara auditiniň netijesine görä, tebigy gazyň «Galkynyş» gaz ýatagynyň kuwwaty 26,2 trillion kubmetre deň bolup, Eýranyň we Kataryň serhet ýakasyndaky ýerleşen, kuwwaty 28,3 trillion kubmetre barabar bolan «Günorta Pars» ýatagyndan soňra, dünýäde ikinji orunda durýar. Umumy gazyň möçberi boýunça Türkmenistan dünýäde 4-nji orunda durýar. Tebigy gazy ulanmakda atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň mukdary kömürden bäş, nebit önümlerinden üç esse azdyr. Bu görkezijiniň geljekde ýurdumyzyň we umumadamzat ekologik görkezijilerini gowulandyrmakda wajyp orny bardyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ilatly nokatlarynyň doly gaz bilen üpjün edilmegi daşky gurşawy goramakda, ekologik ýagdaýlary gowulandyrmakda «Biodürlülik baradaky», «Çölleşmäge garşy göreş baradaky», şeýle-de «Howanyň üýtgemegi baradaky» halkara Konwensiýalary boýunça döwletimiziň alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde örän wajyp ähmiýete eýedigini bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalary bilen ýurdumyzda ilkinji gazdan benzin öndürýän zawodyň we iri himiýa toplumynda plastmassa önümlerini öndürýän zawodyň gurulmagy ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ugurlaryň biri bolup durýar.

Hormatly hormatly Prezidentimiziň öňe süren ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek modeli talaplary kanagatlandyrmak üçin zerur şertleri özünde jemleýär. Ýurdumyzda ygtybarly strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ykdysady pudaklary has belent sepgitlere çykarmak, taýýar önümleri dünýä bazaryna çykarmagyň täze ugurlaryny kesgitlemek wajyp meseleleriň biri bolmak bilen, bazar şertlerinde ýurduň bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» boýunça ýangyç-energetika toplumy ileri tutulyp ösdürilýän toplumlaryň hataryna goşulýar. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini daşary ýurtlara eksport etmegiň netijesinde, ýurdumyza walýutada uly möçberli girdejiler gelip gowuşýar.

Döwletimiz halkara Energetika Hartiýasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 25-26-sy aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen halkara Energetika Hartiýasynyň konferensiýasynda Türkmenistan 2017-nji ýyldaky bu Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanyldy. Bu waka ýurdumyzyň abraýyny we Gahryman Arkadagymyzyň energetika hyzmatdaşlygy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolýandygyny görkezýär. 2017-nji ýylda halkara Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol» atly Aşgabat forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň abraýyny halkara derejede has-da ýokary galdyrdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64, 65, 66 we 70-nji mejlisleriniň barşynda ýurdumyzyň öňe süren beýleki başlangyçlary hem uly seslenmä eýe boldy we dünýä metbugatynda giňden beýan edildi. Energiýa howpsuzlygy XXI asyrda dünýäde bolup geçýän durnukly ösüşiň hem-de öňdengörüjilikli ýagdaýlaryň esasy ölçegi hasaplanýar. Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Energetika barlaglar institutynyň bilermenleriniň çaklamasyna göra, Türkmenistan arassa tebigy gazy daşary ýurtlara çykarmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň hatarynda durýar.

Türkmenistanyň teklibi bilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisinde 192 döwletiň biragyzdan ses bermegi esasynda kabul edilmegi bütindünýä energiýa üpjünçilik ulgamyň howpsuzlygyny ýola goýmaga ägirt uly täsirini ýetirýär. Bütindünýä energiýa üpjünçilik ulgamynyň esasy emele getirijileriniň biri hökmünde biziň döwletimiz çykyş edýär.

Bu taryhy mejlisde öz aýdyň beýanyny tapan garaýyşlara, düýpli tekliplere nazar aýlanymyzda, Türkmenistanyň Prezidentiniň öz halkynyň hem-de dünýä halklarynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen başlangyçlary gysga wagtda döwletimizi dünýä tanadyp, halkara derejede uly abraýynyň artmagyna getirdi. Ýurdumyzyň oňyn energetika diplomatiýasy halkara guramalaryň arasynda giň goldawa eýe bolýar we umumadamzat energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmekde esasy orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen, Türkmenistanda şeýle uly energetika gorlarynyň bardygyny äşgär etmek hem-de oňa eýe bolmak bütin adamzadyň ählumumy ösüşiniň wajyp meseleleriniň çözgütlerini tapmaga ýardam edýär.

Bäşim RAHMANOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/49052