Energetika diplomatiýasynyň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, energetika diplomatiýasy Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Biziň başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek boýunça Kararnamalary kabul edildi.

Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ägirt uly möçberlerde maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmegi esasy wezipe edip goýýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýangyç we energetika serişdelerini tygşytly hem-de netijeli ulanmaga uly üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça hem zerur çäreler geçirilýär. Şoňa görä-de, bu ulgama innowasiýalary, ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen bir wagtda, Türkmenistany daşary ýurtlara elektrik energiýasyny iberýän döwlete öwürdik. Milli energetika ulgamyny ösdürmegiň ýakyn onýyllyklar üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Dünýäniň energetika ulgamynda ýurdumyzyň tutýan ornuny berkitmek boýunça anyk çäreler bellenildi. Şonuň bilen birlikde, Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetika ulgamyny durnukly ösdürmegi üpjün etmek, munuň üçin ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň we çäkleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek zerurdyr. Şu maksat bilen, energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak wajypdyr. «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi.

Parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ählumumy ykrar edilmegine eýe bolan biziň ýurdumyz sebit hem-de halkara ähmiýetli möhüm meseleleri çözmekde uly orny eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlarydyr teklipleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrüldi.

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň baý we oňyn tejribesine esaslanyp, ýakyn ýyllarda dünýäniň syýasy giňişliginde öz ornuny berkitmek üçin zerur bolan ähli tagallalary eder hem-de halkara gatnaşyklarynyň ähli ulgamyny pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasaty ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek XXI asyrda dünýäniň durnukly we depginli ösmeginiň esasy şerti bolup durýar. Onuň täze ýörelgeleri ählumumy energetika giňişliginiň häzirki zaman gurluşyny emele getirmek üçin esasy şert bolup durýar, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny bolsa, köp babatda uzak möhletleýin geljekde dünýä ösüşiniň umumy ýagdaýy kesgitlär.

Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn energetiki gatnaşyklary dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmäge niýetlenen özara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny işläp taýýarlamak häzirki döwürde ählumumy gün tertibiniň öňünde durýan möhüm meseleleriň biridir.

Şu meselede energiýa serişdelerini öndürmek, eltmek we ahyrda sarp etmek ulgamyny öz içine alýan hemmetaraplaýyn we bölünmeýän energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan wezipe bolup çykyş edýär. Hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär, onuň bu ugurdaky teklipleriniň we iş ýüzündäki hereketleriniň mazmunyny hem-de ugruny kesgitleýär.

Türkmenistanyň energiýa akymlarynyň ygtybarlylygy we durnuklylygy barada öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň şaýady boldy, onlarça döwletler olaryň awtordaşy bolup çykyş etdiler.

Şu resminamalaryň esasy ýörelgelerini we düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmekde Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen örän ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Ýakyn wagtda durnukly energetikanyň hukuk, institusional we maglumat esaslaryny öz içine alýan täze halkara usulyny döretmek pikirini öňe sürmek boýunça işler güýçlendiriler. Şu maksat bilen, Türkmenistan özüniň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda Başlyklyk etmeginiň çäklerinde, şeýle hem soňky ýyllarda ählumumy energetikada hyzmatdaşlyk etmegiň açyk, adalatly we aýdyň ýörelgeleriniň ykrar edilmegine ýardam berer.

Türkmenistan BMG-niň ählumumy energetika giňişliginde işleri alyp barmagyň umumy ýörelgelerini berjaý etmäge niýetlenen häzirki zaman halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň işine işjeň ýardam bermegini dowam eder.

Ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!

Baýram GURTMYRADOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28393