Energetika diplomatiýasy: abadançylygyň bähbidine

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 23-nji awgustynda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda iri «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga bermegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşlere beslenen üstünliklerini dabaralandyrdy. Şeýle hem baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna mynasyp sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň energetika diplomatiýasy dünýäde önümçiligiň artmagyna, sebitiň ösüşlerine, iş orunlarynyň köpelmegine, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine, energiýanyň ähli halklar üçin elýeterli bolmagyna, hyzmatyň kämilleşmegine, ylmyň ähli ugurlardaky iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerimizi diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä çykarmakda amala aşyrýan beýik işleri ykdysady kuwwaty bilen birlikde, parahatçylygyň berkemegine, halklaryň arasynda dost-doganlygyň ösmegine, döwletleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň has-da ýokarlanmagyna giň şertleri döredýär.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy BMG, Energetika Hartiýasy ýaly iri halkara guramalarda hem yzygiderli goldanylýar. Onuň netijesinde 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýany kabul etdi.

2013-nji ýylyň 17-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky ikinji Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň ýangyç-energetika toplumynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ozalky maslahatlarynda beýan eden başlangyçlarynyň wajypdygyny hem-de uly ähmiýete eýedigini tassyklady.

Birnäçe ýagdaýlar, ilkinji nobatda, ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň bardygy, şeýle hem ýurdumyzyň özüniň ägirt uly energetika kuwwatyny bütin adamzadyň hyzmatynda goýmak meýli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesini Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetli meselä öwürýär. Ýurdumyzyň ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedigini garaşsyz halkara bilermenler hem tassykladylar. Hut şoňa görä-de, ýangyç serişdeleriniň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, şunuň netijesinde, ösen hem-de köpugurly turbageçiriji düzümiň döredilmegi Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmegi, 2009-njy ýylda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi, gurluşygy üstünlikli alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly ägirt uly taslamalar milli Liderimiziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de daşky gurşawy goramak ulgamyndaky wezipeleri çözmäge, ekologiýa taýdan arassa energiýa ulanyşyna geçmäge gönükdirilen bimöçber uly aladalarynyň we çuň paýhasynyň miweleridir.

Energetika pudagyny senagat taýdan ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça tassyklanan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda degişli düzümleri sanly ulgama geçirmek, daşky gurşawa zyýanly galyndylary çykarmaýan, energiýany tygşytlaýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly üstünlikler gazanylýar.

«XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgasy» diýlip atlandyrylýan, dünýäniň iň uzyn gaz geçiriji desgasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap nusgasydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ulgam boýunça indi 11 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyna 300 milliard kub metrden hem gowrak türkmen tebigy gazynyň eksport edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

50 trillion kub metr möçberde kesgitlenen tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz alym Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek baradaky syýasatyny yzygiderli ösdürýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek hakyndaky başlangyçlar hem bar. Dünýäde ilkinji bolup tebigy gazdan ekologiýa taýdan iň arassa benziniň önümçiligini ýola goýan ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň «Hemmeler üçin durnukly energiýa» atly ýörelgesine laýyklykda, bu mesele boýunça halkara forumy guramak ýaly başlangyçlary bu ugurda durmuşa geçirýän netijeli işleriniň nobatdaky tapgyrydyr.

Alym Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze nebitgaz känlerini açmak we özleşdirmek, nebitidir gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşen döwrebap toplumlary gurmak, şol sanda «Galkynyş» gaz känini, Hazar deňziniň türkmen bölegini senagat taýdan özleşdirmegi güýçlendirmek, sanly tehnologiýalaryň gerimini, hususan-da, 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak arkaly giňeltmek boýunça öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen bagly zerur hünärmenleri taýýarlamak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Halkara tejribelerden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullary we nou-haular ornaşdyrylýar, bu işe daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenleri hem çekilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän Garaşsyz Watanymyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Şonuň bilen birlikde, pudakda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalary özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de ýardam berýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri, adamzat bähbidine gönükdirilen energetika diplomatiýasy uly rowaçlyklara beslensin!

Muhammetrahym ÖWEZOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38634