Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär» diýip nygtamak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösüşiň möhüm ugurlary esasynda täze sepgitlere çykarmagy derwaýys wezipeleriň hatarynda goýýar. Bu wezipe döwlet maksatnamalarynda aýdyň beýanyny tapyp, milli ykdysadyýetiň her bir pudagy döwrüň talaby esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigine söwda ulgamynyň ösüşlerinden hem göz ýetirmek bolýar.
Ministrler Kabinetiniň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde, beýleki ugurlar bilen birlikde, söwda ulgamyny kämilleşdirmegiň, onuň işini täze usullar esasynda ilerletmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Aprel aýynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisiniň geçirilmeginiň maksady hem müşderileri ýerli önümler bilen tanyşdyrmak we olara bolan islegi dünýäde ýokarlandyrmak bilen bagly boldy. Sergide türkmen önümleriniň internet arkaly satuwyny ilerletmek babatdaky tagallalar hem beýanyny tapdy. Munuň özi söwda gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginden başlap, elektron söwdanyň döwrebap ösdürilmegine çenli wajyp ugurlary öz içine alýar. Elektron söwda häzirki wagtda Ýer ýüzüniň 5 milliarda golaý ilatynyň işjeň peýdalanýan hyzmaty bolmak bilen, bu ugra täzeçil çemeleşmek döwrüň derwaýyslygy hökmünde öňe çykýar. Şunda esasy tagallalar, ilkinji nobatda, mümkinçilikleri aýdyňlaşdyrmak, dünýä bazaryna çykmak, daşary ýurtlarda türkmen önümlerine bolan islegi ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr.
Eýýäm birnäçe ýyl bäri dünýäde okgunly ilerleýän işewürlik we söwda gatnaşyklary sanly ulgamyň täsiri bilen görnetin özgerişleri başdan geçirýär. Onuň ösüş ugurlarynyň artmagy bilen, bu üýtgeşmeler dünýä bazarynda bäsdeşligiň günsaýyn ýokarlanmagyna täsir edýär. Bir söz bilen aýdylanda, internet torunyň hem-de elektron enjamlaryň adamlar üçin elýeterli bolmagy söwdanyň täze gurşawynyň — elektron söwdanyň gündelik durmuşda giňden orun almagyna getirdi. Bilermenleriň üstümizdäki ýylda elektron söwdanyň bölek satuwynyň dünýä boýunça 6,3 trillion amerikan dollaryndan geçjekdigi baradaky çaklamasy hem bu ugruň ösüş derejesini aýdyň görkezýär.
Satuw we satyn alyş gatnaşyklarynyň çeýe ulgamy bolan elektron söwda, adaty söwdadan tapawutlylykda, has köp sanly alyjyny özüne çekmäge ukyplydyr. Onuň esasy aýratynlygy harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleri bilen tiz hem-de ýeňil tanşyp bolýandygydyr. Munuň özi elektron söwdany netijeli dolandyrmagyň usullary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda satmagyň köp sanly häzirki zaman ýollaryny, ýagny işjeň gözleg optimizasiýasy (SEO), jemgyýetçilik gatnaşyklary (PR) esasynda söwda platformasynyň meşhurlygyny artdyrmak, marketing çemeleşmelerini, mahabatyň täsirli usullaryny netijeli ulanmak möhüm zerurlyk bolup öňe çykýar. Bu usullar barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň çözgütlerinde, berýän maslahatlarynda hem yzygiderli beýan edilýär. Agzalyp geçilen çemeleşmeleriň täsirlidigini elektron söwda boýunça ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlary bolan Hytaýyň hem-de Türkiýäniň tejribesinden-de görmek bolýar.
Türkmenistanda elektron söwdanyň ösdürilmegi bilen bagly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu pudagyň binýady biri-birinden täze mümkinçilikleri we ýeňillikleri hödürleýän sanly taslamalar esasynda pugtalandyrylýar. Soňky ýyllarda internet dükanlarynyň dürli görnüşleri açyldy. Olaryň hatarynda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň internet dükany, «TmTrade» söwda platformasy, «Gerekli», «Aýterek» marketpleýsleri, «Ynamdar», «Asman», «100 haryt», «Ýönekeý» we başga-da onlarça internet dükanlary bar. Şunuň bilen birlikde, «Aşgabat», «Ak ýol», «Ak gaýa», «Galam» ýaly dükanlaryň söwdany internet arkaly hem amala aşyrýandygyny bellemek bolar. Ýurdumyzyň raýatlary bu internet dükanlaryndan zerur bolan islendik görnüşli harytlary daşary çykmazdan satyn alyp, onlaýn söwdanyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Netijede, özboluşly bäsdeşligiň döreýän şertlerinde bazary öwreniş we mahabat ýaly netijeli usullary ulanmagyň wajyplygy has-da artdy. Şonuň bilen bir hatarda, elektron söwdada girdejili ugry saýlap almakda hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda degişli işler geçirilýär.
Geçen ýylyň noýabrynda Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitinde eden çykyşynda döwlet Baştutanymyzyň sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly ylalaşygyny işläp taýýarlamak bilen bagly öňe süren teklibi giň goldawa eýe boldy. Bu başlangyjyň özeninde sebitiň döwletleriniň ösüşine deň derejede täsir etjek özara baglanyşykly, köp sanly ugurlary özünde jemleýän bitewi söwda gatnaşyklar ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilen wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, guramanyň sebitinde ykdysady geçelgeleriň döredilmegi bilen, döwletimiz olary harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň hereket etmegi üçin durnukly esasy ugurlaryň ulgamy hökmünde görýär. Şunda degişli ýurtlaryň öňdebaryjy senagat we maýa goýum kompaniýalarynyň, banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ony ulgamlaýyn ösdürmek derwaýysdyr. Elektron söwdanyň ilerledilmegi sebitiň ykdysadyýetini ösdürmekde ähmiýetlidir.
Häzirki wagtda söwdanyň bu görnüşini jemgyýetçilik talaplaryna görä, täze derejelere çykarmakda «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» hem-de «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Söwda işini ilerletmekde maglumat tehnologiýalaryny ýerlikli peýdalanmagyň täze ugurlaryny gözlemek we öwrenmek möhüm ähmiýete eýedir. Aslynda, munuň özi elektron söwdanyň bazary öwreniş we mahabat «hereketlendirijileriniň» esasynda durýan möhüm guraldyr. IT ulgamyny kämilleşdirmekde, onuň esasynda täze sanly söwda taslamalaryny işläp düzmekde ýurdumyzyň ýeterlik tejribesiniň hem-de intellektual mümkinçilikleriniň bardygy bu wezipeleriň amaly tarapyny doly kepillendirýär. Munuň özi Türkmenistanda internetiň tizliginiň yzygiderli ýokarlanýandygy, elektron söwda hyzmatlaryna islegleriň barha artýandygy bilen aýrylmaz bagly bolup, ýerli önümleri sanly giňişlikde ýerlemekde telekeçilere giň mümkinçilikleri açýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Sanly ykdysadyýet döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda dolandyryş, pudaklaýyn, işewür düzümleri, önümçilik we söwda, medeni-durmuş pudaklaryny, raýatlaryň durmuşyny gurşap alýar. Şunda sanly tehnologiýalar öz artykmaçlygyny görkezip, bar bolan kuwwaty doly durmuşa geçirmäge goşmaça itergi berýär». Bu sözleriň aýdyň beýanyny elektron söwda babatda barha işjeňleşdirilýän taslamalarda hem görýäris. Ýeri gelende bellesek, bu babatda adaty söwda gatnaşyklaryndaky usullara salgylanmagyň ýeterlik derejede netije bermeýändigi, internet arkaly edilýän söwdanyň oňa örän oýlanyşykly, hünär taýýarlygy bilen çemeleşmegi talap edýändigi düşnüklidir. Şoňa görä-de, bu ugurda kämil nazary bilimi bolan, amaly taýdan tejribeli hünärmenlere zerurlyk döwrüň talaby bolup öňe çykýar. Ýurdumyzda soňky ýyllarda gurulýan, dürli hünärlere ýöriteleşen ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli ugurlardan başarnykly hünärmenler taýýarlanylýar. Maglumat tehnologiýalary bilen gyradeň özgerýän elektron söwdanyň ösüşine täsirini ýetirýän hünärleriň sany hem barha artýar.
Ýurdumyzda internet dükanlarynyň açylmagynda ýaş hünärmenler täze başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Muny häzirki wagtda internet dükanlary bilen birlikde, sarp edijilere köp sanly satyjylaryň dürli görnüşli harytlaryny ýetirýän birnäçe marketpleýsleriň hereket edýändigi bilen-de delillendirip bolar. Marketpleýs internet dükanlarynyň sanynyň artmagy elektron söwdanyň ösüşiniň iň netijeli ugurlarynyň hatarynda durýar. Sebäbi onda islendik adamyň, dükanyň internet bazarynda söwda etmäge mümkinçiligi açylýar. Bu bolsa iň amatly harydy ýa-da hyzmaty saýlap almak üçin oňaýlydyr.
Sanly ykdysadyýete geçmegiň işjeň häsiýete eýe bolmagynda mynasyp orny eýeleýän ýaşlaryň milli elektron söwdanyň işini döwrebaplaşdyrmakdaky hyzmaty hem uludyr. Şonuň ýaly-da, täze infrastruktura eýe bolýan milli elektron söwda ulgamynda olaryň öňünde ýeňil bolmadyk wezipeler durýar. Çünki bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi innowasion özgertmeleriň depginli ösüşini başdan geçirýär. Häzirki wagtda öňdebaryjy kompaniýalaryň geljekde internet söwdanyň esasy guralyna öwrüljek, adamlaryň sarp ediş isleglerine minutsaýyn düşünip biljek emeli aň tehnologiýalaryny söwda amallaryny ýerine ýetirmekde giňden peýdalanmak babatda iri taslamalary işläp taýýarlaýandyklary-da munuň bir mysalydyr.
Umuman, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, jemgyýetiň elektron söwda bolan islegleri, sanly ulgama elýeterliligi seljerilip netije çykarylanda, Türkmenistanda bu ugurda giň mümkinçilikleriň, oňyn şertleriň bardygyny görmek bolýar.
Annaguly IŞANGULYÝEW.