Elektron senagat — döwrüň derwaýyslygy

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy iýulda şu ýylyň 6 aýyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, elektron resminama dolanyşygyny ähli edara-kärhanalarda ornaşdyrmak, elektron senagaty we hususy telekeçiligi ösdürmek, olaryň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady. Şeýle-de milli Liderimiz ýurdumyzda elektron senagaty döretmek işiniň başlanandygyny, bu ugurda geljekki wezipeleri üstünlikli çözmek üçin işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny döretmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlere möhüm ähmiýet berilýär.

Aslynda, senagat tebigy baýlyklary, oba hojalyk önümlerini, çig maly gaýtadan işläp, taýyn haryda öwürýän halk hojalygynyň möhüm pudagydyr. Islendik önümçilik pudagynyň ýöriteleşmegi we ösmegi üçin kämil tehnikalardyr enjamlar zerurdyr.

Elektron senagatlaşma diýmek ylmy-tehniki öwrülişigiň netijesinde ýurduň senagat kuwwatynyň ornuny tutýan täze innowasion görnüşleriň işlenip taýýarlanylmagy we onuň önümleriniň hiliniň hem-de häzirki zaman tehnologiýa önümçiliginiň ýokary derejeli döredilmegi diýmekdir. Bu pudak dünýä ykdysatçylary tarapyndan käbir edebiýat çeşmelerinde «Çylşyrymly tehnikalaryň önümçiligi» diýlip hem atlandyrylýar.

Häzirki döwürde senagatlaşmak strategiýasyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda elektron resminama dolanyşygyny, döwrebap elektron enjamlaryň we robotlaryň önümçiligini görkezmek bolar. Gündelik durmuşda ulanýan elektron enjamlarymyzy öz ýurdumyzda öndürmegimiz milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Çünki halkara bazarlarda elektron enjamlaryň eksportynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine esasy görkeziji hökmünde garalýandygy mälimdir. Şeýlelikde, ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan elektron senagat ylmy çemeleşmeleri talap edýän we tehnologik taýdan çylşyrymly pudak hasaplanýar.

Elektron senagat diňe bir önümçilige zerur bolan tehnikany däl, eýsem, maşyngurluşygy hem öz içine alýar. Ykdysatçylaryň aýtmaklaryna görä, elektron senagatyň düzümine aragatnaşyk, senagat, awtomobil we lukmançylyk tehnikalary, kompýuterler, ilatyň sarp edýän elektron enjamlary, harby tehnikalar we başga-da birnäçe önümçilik tehnikalary degişlidir. Bu ulgamlarda bäsdeşligiň ýokary derejesi elektron önümleriň hiliniň has-da ýokary bolmagyny we döwrebaplygyny talap edýär.

Gürrüňi edilýän senagat häzirki zaman maşyngurluşygynda iň ýokary ylmy pudak bolup, ösen ýurtlarda umumy senagatyň üçden iki bölegini eýeleýär. Bu pudagyň halkara ykdysady ösüşe öz mynasyp goşandyny goşýan ýurtlaryň jemi içerki önümindäki paýy ýokarydyr. Bu bolsa ykdysadyýetde döreýän işsizlik, önümçiligiň yza galmagy ýaly meseleleriň aradan aýrylmagyna şert döredýär.

Häzirki wagtda türkmen işewürleri tarapyndan hem ykjam el telefonlary, kompýuterler, sowadyjylaryň dürli görnüşleri we telewizorlar öndürilip, ilata hödürlenýär, şeýle-de dünýä bazaryna çykarylýar. Bilşimiz ýaly, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän elektron enjamlara isleg barha artýar. Şeýle tutumly işler maksatnamalaýyn amal edilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» elektron senagaty ösdürmek boýunça birnäçe wezipeler göz öňünde tutulan. Şunda esasy wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzda ýakyn geljekde bu ugurda dürli göwrümli kärhanalaryň döredilmegi maksat edinilýär.

Elbetde, senagatyň bu görnüşiniň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagy geljekde ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolar. Netijede, ykdysadyýetiň senagat pudagynyň has-da pugtalanmagyna, önümçiligiň giňelmegine we täze, döwrebap önümçilikleriň ýüze çykmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Jumageldi SALAMOW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/35722