Elektron resminama dolanyşygy we döwrebap ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ugurdyr pudaklaryny mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürmek, halkara gatnaşyklary hil taýdan täze, has ýokary derejä çykarmak, olary barha ilerletmegiň berk kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we dünýä ülňülerine doly laýyk getirmek, durmuş taýdan ösen kämil jemgyýeti gurmak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär.

Islendik döwletiň esasy alada-tagallalarynyň biri milli ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Çünki ykdysadyýetiň ösmegi ýurduň içerki we daşarky meseleleriniň köpüsini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman dünýäsinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hem baý tejribesi toplandy. Dünýä döwletlerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda hem ykdysadyýeti ösdürmekde sanly usullara daýanylmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Karara gol çekip, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, sanly ykdysadyýet adybir maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan gatnaşyklaryň ulgamydyr. Ol wagtyň we harajatlaryň esli, hatda esseläp tygşytlanmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle hem sanly serişdeleri peýdalanmagyň hasabyna harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlaryna has tiz çykmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligi artýar. Munuň özi harytlaryň we hyzmatlaryň göni aragatnaşyk ulgamynda onlaýn usulynda hödürlenilmegi arkaly olaryň özüne düşýän gymmatynyň adaty ykdysadyýetdäkiden pes bolmagyna getirýär hem-de elýeterliligini ýokarlandyrýar. Şeýdibem, sanly ykdysadyýet sanly serişdelere daýanyp, tiz hereket etmekde, bazaryň isleglerini doly we giňişleýin öwrenip, ýokary hilli we özüne düşýän gymmaty pes bolan önümleri öndürmekde, iň esasy bolsa adamyň ýaşaýyş şertleri üçin köptaraplaýyn amatlylyklary döretmekde has ähmiýetli netijeli ykdysady nusga eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmegiň ähli meseleleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem alym Arkadagymyz ýurdumyzda sanlylaşdyrylan şäherleri, öýleri, «ýaşyl ykdysadyýetiň» nusgalaryny gurmak işlerine badalga berdi. Aşgabat şäheriniň demirgazygynda guruljak «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumy ýurdumyzda ilkinji gezek döredilýän sanlylaşdyrylan şäher bolar. Onda Gün we ýel energiýasy ýaly energiýanyň adaty däl çeşmelerini ulanmak, ýagyş suwlaryny peýdalanmak, milli binagärlik ýörelgelerimiziň esasynda innowasion serişdeleri ornaşdyryp, häzirki zaman şäher gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle zerur şertleriň ýola goýulmagy esasynda ösdürilýän sanly ykdysadyýet önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda harajatlary azaltmaga, bazardaky üýtgeşmelere az wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär. Bu tutumly işler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň iş ýüzünde has-da giňden dabaralanýandygyny görkezýär.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bar. Şolaryň biri-de elektron resminama dolanyşygydyr. Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynda «elektron dolandyryş» ýa-da «elektron hökümet» diýen ulgamlaýyn dolandyryşyň has kämil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna eýerilýär. Çünki dolandyryşy döwrebap alyp barmak üçin maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy örän zerurdyr. Maglumat tehnologiýalarynyň dolandyryş işinde netijeli ulanylmagy amatly dolandyryş çözgütleriniň tiz we öz wagtynda tapylmagyna ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, tiz we ýokary hilli tapylan çözgüt hem-de onuň maksadalaýyk ýerine ýetirilişi dolandyryşy amala aşyrýan edaranyň işiniň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Elektron ulgamyň ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy dolandyryş, hukuk, medeni-aň we hojalygy ýöretmek meseleleriniň çalt çözülmegine we her bir edara-guramanyň maddy-enjamlaýyn binýadyna gözegçiligiň gowulanmagyna ýardam edýär.

Elektron resminamalaryň dolanyşyga ornaşdyrylmagy bolsa kärhana-edaralaryň işini dolandyrmagyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Elektron dolandyryş işewürligiň ähli tapgyrynda ykjam gözegçiligi amala aşyrmaga, resminamalaryň geçişiniň tapgyrlaryny we esasy işleriň ýerine ýetirilişiniň wagtyny gysgaltmaga, ýolbaşçylar üçin dogry we amatly dolandyryş çözgütlerini kabul etmek babatda zerur bolan maglumatlary çalt gözlemäge we tapmaga şert döredýär. Bu amatlyklaryň ählisi birigip, ahyrky netijede diňe bir aýry-aýry kärhanalaryň däl, eýsem, ýurdumyzyň tutuş ähli ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistany sanly ulgam arkaly ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň özi aragatnaşyk serişdelerini giňden ulanmak we elektron dolandyryşy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýagny hökümet dolandyryş düzümini döretmek boýunça täze-täze wezipeleri öňde goýýar. Şunda ykdysady, durmuş wezipelerini we dolandyryş üpjünçiligini kämilleşdirmegiň esasy guraly hökmünde maglumat tehnologiýalary esasy orunda goýulýar.

Elektron resminama dolanyşygynyň artykmaç taraplarynyň ýene biri iş dolandyryşyň barşyna mümkin boldugyça tiz we netijeli gözegçilik etmegi guramakdyr. Munda edara resminama gelip gowşan badyna, ol elektron görnüşine geçirilýär, şondan soňra kompýuter ulgamy arkaly ygtyýar bermegiň tapgyryny geçýär hem-de ýerine ýetirmek üçin degişli bölüme tabşyrylýar. Mahlasy, ozal şol resminamany resmileşdirmek üçin uçursyz köp wagt sarp edilýän bolsa, indi ol işleri sanlyja sekuntda ýerine ýetirip bolýar, munuň özi ahyrky netijede kärhanalaryň we edaralaryň iş netijeleriniň ýokarlanmagyna getirýär.

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň doly sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzda dürli ugurlaryň sazlaşykly ösmegine, döwletimiziň önümçilik kuwwatynyň artmagyna hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna uly itergi berer. Munuň özi bolsa häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda adamzat ösüşini gazanmagyň esasy şertidir. Bir söz bilen aýdylanda, dünýäniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ulgam öňde duran anyk hem wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriniň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisi halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine hem-de ata Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna we mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilýär.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ösdürýän we türkmen halkynyň eşretli durmuşy ugrundaky beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Döwran GULLYÝEW,

Mary welaýatynyň Serhetabat etrap häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgäri, hukukçy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39096