Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, onuň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak boýunça beren görkezmelerine laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «türkmenmetbugat.gov.tm» saýty açyldy. Açylmagyna köp wagt geçmändigine garamazdan, bu saýta onlaýn-abuna ýazylýan ildeşlerimiziň sany gün-günden artýar. Elbetde, bu ýagdaý halkymyzyň internet sowatlylygynyň, habardyr maglumata bolan isleginiň, okamak endiginiň kämilleşýändiginiň nyşanydyr.
«Türkmenmetbugat» internet neşiri bilen gysgaça tanyşdyrsak, «türkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy, ýagny, elektron neşiri üç dilde hereket edýär. «Türkmenmetbugat» internet neşirinde birbada 30-a golaý gazet-žurnaly onlaýn usulynda okap bolýar. Gazet-žurnallaryň elektron abunaçysy bolmak isleýänler kompýuteriň üsti bilen ýa-da «Play Market» we «App Store» internet dükanlaryndan «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyny telefonlaryna, planşetlerine ýüklemek bilen ýazylyp bilerler.
Elektron neşirlerine abuna ýazylmak üçin, ilki bilen, kompýuterde «Türkmenmetbugat» internet sahypasyna girip ýa-da ýüklenip alnan ýörite programmany açyp, bellenilen ýere özi baradaky maglumatlary (Ady, familiýasy, işleýän edarasy...) ýerleşdirmeli. Soňra «Dowam et» buýrugyny basyp, sahypanyň ýüzünde bukja saýlamaly. Ondan soňra «töleg et» bölümi çykýar we abunaçy özüne gerekli töleg görnüşini saýlap alýar.
Elektron neşirine abunaçy bolan islendik kärde zähmet çekýän we dürli ýaşdaky raýatlarymyz elýeter, amatly bolan elektron neşirini islän ýerinde, islän wagty açyp görüp, ýurdumyzda neşir edilýän gazetdir žurnallaryň islendigini okap, tanşyp bilerler. Iň esasysy bolsa, okyjylaryň abuna ýazylmagy üçin abuna ýazylyşyk möwsümine garaşmagyň hem-de gidip ýazylmagyň geregi ýok. Munuň üçin «Türkmenmetbugat» elektron neşirinden peýdalanyp ýa-da ýörite taýýarlanylan mobil goşundysyny ýükläp alyp, ykjam telefonyňyzdaky TMCELL hasabyňyzdan we bank kartlaryňyzdan nagt däl görnüşde töleg geçirip, ýazylmak ýeterlik.
«Türkmenmetbugat» elektron neşiriniň ýene-de bir artykmaç tarapy — onuň üsti bilen eziz diýarymyzda neşir edilýän döwürleýin neşirlerden başga-da, ýurdumyzyň medeniýet toplumyna degişli bolan web-saýtlaryň 6-syna, ýagny «tdh.gov.tm», «metbugat.gov.tm», «medeniýet.gov.tm», «turkmentv.gov.tm» «turkmenistan.gov.tm», «turkmenteatrlary.gov.tm» salgyly internet saýtlaryna girmäge bolan mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.
Mundan başga-da, «Türkmenmetbugat»-da gazet-žurnallardaky habardyr makalalaryň elektron görnüşi bilen birlikde, olaryň pdf nusgalary hem ýerleşdirilýär. Bu bolsa neşirleriň asyl nusgasy bilen tanyşmaga, materiallaryň ählisini bir ülňüde gözden geçirmäge mümkinçilik berýär. «Türkmenmetbugat»-yň «Syýasat», «Ykdysadyýet», «Medeniýet», «Tehnologiýa»... ýaly köp sanly rubrikalary bolsa maglumaty tiz tapmak üçin gysga ýoly salgy berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän paýhasly başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda «Adalat» gazeti ýurdumyzyň milli kanunçylygynda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işler baradaky täsirli makalalary, gyzykly habarlary yzygiderli çap edýär. Ata Watanymyzyň hukuk ulgamyna degişli wakalary elektron neşiriň üsti bilen dessin okamak bolsa has-da ähmiýetli we gyzykly. «Türkmenmetbugat» internet neşiri bilen wagtyňyz tygşytly, dünýägaraýşyňyz giň bolar. Elektron neşirlerimize ýazylmaga howlugyň, eziz ildeşler!
«Adalat».