Ýurdumyzda önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Sanly ykdysadyýetiň edara-kärhanalaryň işine giňden aralaşmagy netijesinde hünärmenleriň täzeçe usullar boýunça işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredi. Şeýlelikde, durmuş-ykdysady, zähmet gatnaşyklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňişleýin ornaşdyrmagyň, ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagyň wajyp guraly bolup çykyş edýändigi nygtalýar. Täze maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy, ilkinji nobatda, döwlet edaralarynyň we býujet ulgamynyň iş netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçin-de, bu ugurlary maglumat bilen üpjün etmegiň çäklerinde, döwlet edaralarynyň maglumat üpjünçiligini çalt depginler bilen ösdürmek, hususan-da, olaryň elektron toruny döretmek, elektron resminama dolanyşygyna geçmek, maglumatlary işläp taýýarlamagyň we seljermegiň elektron görnüşlerini ornaşdyrmak derwaýys meseleleriň hatarynda durýar.
Türkmenistanda döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak tehnologiýalary döretmegiň we ösdürmegiň wajyp wezipesi bolup çykyş edýär. Şu ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrdaky ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Elektron hökümet döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini, dessinligini we aýdyňlygyny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, olaryň jogapkärçiligini we ýerine ýetirmekde düzgün-nyzamlylygy güýçlendirer. Şeýle-de ilat we telekeçiligiň subýektleri bilen ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmegiň goşmaça usullaryny döreder.
Elektron döwlet hyzmaty sargyt edijiler üçin deň derejede elýeterliligi üpjün etmek bilen, hyzmatlaryň köpugurly «bir penjire» ýörelgesi boýunça amala aşyrylar. Munuň özi elektron hyzmaty ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň görkezilen resminamalary we maglumatlary pudagara elektron maglumat ulgamy arkaly, sargyt edijiniň gatnaşygy bolmazdan, özbaşdak peýdalanmagyna mümkinçilik berýär. Şunda döwlet edaralarynyň resminamalarynyň bir ülňä getirilmek ýörelgesi esasy şertleriň biri bolup durýar.
Täze Kanunda elektron hyzmatlary ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygynyň tertibiniň kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şonuň netijesinde, artykmaç administratiw amallar aradan aýrylar ýa-da birleşdiriler. Şonuň bilen birlikde, sargyt edijiler tarapyndan berilýän resminamalaryň sany azaldylar, pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy amatly görnüşe getiriler. Elektron döwlet hyzmatyny ýerine ýetirmegiň möhleti gysgaldylar.
Täze maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde, ilkinji nobatda, edara-kärhanalarda işleriň we hyzmatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Degişli ugurlary maglumatlar bilen üpjün etmegiň çäklerinde, döwlet edaralarynyň maglumat üpjünçiligini çalt depginler bilen amala aşyrmak, hususan-da, döwlet edaralarynyň elektron toruny döretmek, elektron resminama dolanyşygyna, maglumatlary işläp taýýarlamagyň we seljermegiň elektron görnüşlerine geçmek ýaly çäreler geçiriler. Türkmenistanda döwlet edaralarynyň işini ýeňilleşdirmek, şol sanda wagty, serişdäni tygşytlamak elektron hökümeti döretmegiň, ösdürmegiň wajyp wezipesi bolup çykyş eder.
Elektron döwlet hyzmatlary, diňe bir ýurduň içindäki edara-kärhanalaryň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmän, eýsem, halkara derejede işjeň hyzmatdaşlygyň gerimini-de giňelder. Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde meýdan-çäk boýunça ýüze çykan meseleler aradan aýrylar. Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň sanly ulgam arkaly dünýäniň islendik ýeri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek mümkinçiligi artar.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.