Garaşsyz Diýarymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, türkmen halky üçin ýatdan çykmajak, ykbal çözüji ajaýyp senelere, döwletli tutumlara beslenýär. Ýurdumyzy galkyndyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Mukaddes Watanymyz agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, watansöýüjiligiň, ykdysady we ruhy galkynyşyň, zähmetsöýerligiň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň hem-de abadançylygyň mekany boldy.
2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna gelip, institutyň professor mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň öňünde çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň esaslandyrylmagyna 25 ýylyň dolandygyny we Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleridigini belläp, hemmeleri ajaýyp sene bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gahryman Arkadagymyz talyp ýaşlara ýüzlenip, türkmen ýaşlarynyň her biriniň öz ýurdunyň taryhyny bilmeginiň hökmanydygyny belledi. Onuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň düzüminde hereket edýän Hindiguş elektrik stansiýasynyň döreýiş taryhyny hem-de düzüm birliklerini ýatlap geçdi.
Hormatly Arkadagymyz Hindiguş elektrik stansiýasynyň 1913-nji ýylda Russiýa imperiýasy döwründe esaslandyrylandygyny belledi. Onuň umumy kuwwaty 1,2 MWt-a deň bolup, bu kuwwatlylygy sarp edijilere ýetirmek üçin uzynlygy 38,7 km bolan elektrik geçirijisi, şeýle-de elektrik energiýasyny bökdençsiz öndürmek üçin her biriniň kuwwaty 400 kWt-a deň bolan 3 suw turbinasynyň ýerleşdirilendigini belläp geçdi. Hindiguş elektrik stansiýasynyň häzirki wagtda işläp durandygyny nygtap, onuň muzeý gymmatlyklarynyň hatarynda geljekki ýaş energetikleriň nazary taýýarlyklarynyň ýokarlanmagyna uly ýardam berýändigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň her bir döwletiň ösüşiniň diňe bir innowasion tehnologiýalara bagly bolman, eýsem, onuň taýýarlap bilýän kämil hünärmenleri bilen baglydygy barada aýdan çuň mana ýugrulan sözleri institutymyzyň talyp ýaşlaryny has-da gowy okamaga, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge ruhlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda Hindiguş elektrik stansiýasyna professor mugallymlaryň, ylmy işgärleriň hem-de hünärmenleriň gatnaşmagynda önümçilik tejribe okuw sapagy guraldy. Okuw sapagynyň dowamynda talyplar Hindiguş elektrik stansiýasynyň tehnologik aýratynlyklary bolan suw turbinalarynyň düzüm bölekleri, suw akymynyň ugurlarynyň kesgitlenilişi, açyk paýlaýjy gurluşlaryň, paýlaýjy we beýgeldiji beketleriň hem-de beýleki birnäçe kömekçi gurluşlaryň düzüm bölekleri bilen doly tanyşdyryldy. Bu bolsa talyp ýaşlaryň gowy okamaklaryna, saýlap alan ugurlary boýunça geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine, watansöýüjilik duýgularynyň has-da ösmegine uly itergi berdi.
Önümçilik tejribe tanyşdyryş okuw sapagynyň dowamynda häzirki döwrümiziň ösüşlerini nazarlaýan Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk, birnäçe halkara güwänamalaryna eýe bolan, özüniň ekologiýa arassalygy bilen tapawutlanýan, 2018-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berlen, umumy kuwwaty 1574 MWt-a deň bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän Marynyň döwlet elektrik stansiýasynda okuw sapary guraldy.
Utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz turbinaly elektrik stansiýasynda ABŞ-yň dünýä meşhur «General Electric» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan dört gaz turbinasy we iki bug turbinasy arkaly elektrik energiýasynyň öndürilişi amala aşyrylýar. Öndürilen elektrik energiýasy 220 kW hem-de 500 kW güýjenmeli açyk paýlaýjy gurluşlary arkaly Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna ugradylýar.
Talyplar degişli hünärmenler tarapyndan döwrebap elektrik stansiýanyň çäklerinde wideogözegçilik enjamlarynyň guralyşy bilen hem tanyşdyryldy. Bu stansiýa hem döwrebap inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň hataryna girýär.
Ýaş nesil üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Şanazar ALLAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Elektrik stansiýalary kafedrasynyň müdiri.