Eksport ugurly harytlar

Häzirki zamanyň islegli önümi

Okyjy, belki-de, ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup, dürli görnüşli asma potoloklaryň önümçiligini ýola goýan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti bilen tanyşdyr. Köpimiziň ýaşaýan öýümizi, işleýän edara binamyzy bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän asma potoloklar bezeýändir. Telekeçiler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik merkezinde ornaşdyrylan iň häzirki zaman, öňdebaryjy enjamlarda her ýylda asma potoloklaryň 4 million inedördül metrini, sinklenen metal önümleriniň hem 7 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik tapýarlar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän bu kärhana hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sanly ulgam syýasatyna eýerýän we müşderiler üçin amatlyklary döredýän onlaýn platformasy bilen hem işleýär. Bu bolsa işewürleriň döwrüň ösen talaplaryna görä iş alyp barýandyklaryny görkezýär. Häzirki wagtda ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply asma potoloklaryň we profil sistemalaryň 36 müň inedördül metre golaýynyň daşary ýurtlara eksport edilmegi olaryň yhlasly zähmetiniň miwesidir.

— Biz öz işimizde, ilkinji nobatda, müşderiniň islegini göz öňünde tutýarys. Görnüşi, hili we nagyş aýratynlygy müşderiniň islegine gabat gelmeli. Önümiň hil derejesiniň ýokary bolmagy, ekologiýa taýdan arassalygy, ýangyn howpsuzlyk kadalaryna doly laýyk gelýändigi ýaşamak üçin amatlylyk döredýär. Hojalyk jemgyýetimiziň önümleri ýurdumyzda alnyp barylýan iri gurluşyklarda giňden ulanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagt şäherimizde açylyp ulanylmaga berlen «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda önümlerimiziň bolmagy bizi has-da buýsandyrýar.

Müşderilere asma potoloklaryň dürli görnüşleri, ýagny winil örtükli, akustik we alýumin asma potoloklar hödürlenilýär. Olar öz arasynda ulanylyş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Winil örtükli asma potoloklar bezeg hökmünde, esasan, edara-kärhanalaryň binalarynda ulanylýar. Akustik asma potoloklar bolsa ses ýazgy studiýalarynda, maslahat otaglarynda ulanylýar, sebäbi olar otagdaky sesi 60 — 70 göterime çenli basýar. Alýumin asma potoloklar ýangyna, çyglylyga çydamlylygy bilen tapawutlanyp, olary açyk ýerlerde, ýangyn guýujy nokatlarda ulanmak amatly bolýar.

Biz, telekeçilere işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys — diýip, «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň satyş boýunça hünärmeni Gülruh Hajyýewa gürrüň berdi.

Esasy çig mal — gowaça çöpi

Her ýylyň pagta ýygym möwsümi tamamlanandan soň meýdanlary gowaça çöpünden arassalamak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Agaýana» hususy kärhanasy üçin aýratyn möhümdir. Sebäbi olaryň önümçiliginde gowaça çöpi esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Telekeçiler gowaça çöpünden peýdalanmak arkaly agaç gyryndylaryndan taýýarlanylýan örtükleri (DSP) öndürýärler. 3,5 gektar meýdany eýeleýän önümhananyň kämil enjamlarynyň önümçilik kuwwaty her ýylda 20 müň kub metre deňdir. Gowaça çöpleri özara şertnama esasynda telekeçileriň üsti bilen satyn alynýar.

Gaýtadan işlemek üçin örän oňaýly hem ýeňil bolan bu önüm diňe bir Oguzhan etrabynda däl, eýsem, tutuş Mary welaýatynda-da ýokary islege eýe. DSP diňe üçekleri we diwarlary örtmek üçin peýdalanylman, eýsem, bu ugurdan ussat hünärmenler ondan dürli görnüşli mebelleri hem ýasaýarlar, jaýlary bezemekde, germewleriň gurluşygynda, tekjedir gapy ýasamakda hem ulanýarlar. Hususy kärhanada hünärmenleriň 80-den gowragy zähmet çekip, olar galyňlygy 1,8 millimetrden 1,6 millimetre çenli bolan 1,83 — 2,75 metr ölçegdäki «DSP»-leri öndürýärler. Bu önümiň laminirlenen görnüşi çyg geçirmezlik üçin niýetlenendir.

Ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň hil derejesi ýokary bolup, ekologik taýdan arassadyr. Şonuň üçin olara daşarky bazarda-da isleg bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli amal etmek üçin, döredilýän amatly şertlerden peýdalanmak bilen, türkmen işewürleri geçen ýylda önümleriň bir tapgyryny goňşy Owganystana, Özbegistana eksport etdiler. Bu olaryň eksport ugurly, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýändiklerini görkezýär. Yhlas bilen amal edilen işler bolsa gowy netije berip, türkmen harytlarynyň daşarky bazarda mynasyp orun almagyna şert döredýär. «Agaýana» hususy kärhanasynyň hünärmenleri önümçiligini giňeldip, DSP örtüklerini we laminirlenen DSP plitalaryny geljekde iki esse köp öndürmegi, şeýle-de ony gaýtadan işläp, agaç gapylary, dürli mebelleri ýasamagy maksat edinýärler.

Binalara bezeg berýän üçekler

Nätanyş oba baryp, myhman boljak ýeriň salgysyny sorasaň, oba adamlary, ilki bilen, köçäniň ugrundaky owadan üçekli jaýyň salgysyny bererler. Senem barjak öýüňe şondan ugur alarsyň. Munuň özi jaýyň üçeginiň üýtgeşik hem owadanlygy, beýlekilerden tapawutlanyp, bada-bat göze ilýänligi üçindir. Ol özboluşly çelgi bolup durýar. Üns berýän bolsaňyz, soňky ýyllarda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň üçekleri reňk babatynda-da, gurluşynda-da biri-birinden üýtgeşikdir, owadandyr. Ýurdumyzyň hususy pudagynyň üçek önümlerini öndürýän kärhanalary özara bäsdeşlik esasynda zähmet çekip, olaryň has ajaýyp görnüşlerini öndürmäge çalyşýarlar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Senagat zolagynda ýerleşýän «Ajaýyp minara» hususy kärhanasyny hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar.

Bu hususy kärhana indi on ýyla golaý wagt bäri ilaty demirden üçek örtükleri bilen üpjün edip gelýär. Hytaý Halk Respublikasynyň iň täze, döwrebap enjamlary ornaşdyrylan önümhanada hünärmenleriň 25-e golaýy zähmet çekýär. Önümhana müdiri Orazgeldi Mämmetgulyýew kärhanada hünärmenleriň ýokary öndürijilikli işlemekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini aýdyp, yhlasly zähmeti bilen tanalýan Meýlis Orazmämmedow, Wepa Abaýew dagynyň baý tejribe toplandyklary, köp sanly şägirtleri ösdürip ýetişdirendikleri barada uly guwanç bilen gürrüň berdi.

Müşderilerden gelýän ýörite buýurmalar esasynda işleýän telekeçiler önümleriň 9 görnüşini taýýarlaýarlar. Demirden taýýarlanylýan üçek örtükleri berk hem-de sowuga, gyzgyna çydamly bolýar. Şonuň üçin şeýle önümlere isleg barha artýar.

Keýik UMAROWA.

«Türkmenistan».