Häzirki döwür ençeme möhüm wezipeleri, düýpli meseleleri çözmekde täze usullary işläp taýýarlamagy talap edýär. Bu meseleleriň hatarynda ekologiýa howpsuzlygy ýaly ählumumy howpsuzlyk bilen bagly mesele hem bar. Olary ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda çözmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýedir.
Ýurduň abadançylygyna gönüden-göni täsir edýän möhüm ekologik meselelerini toplumlaýyn, ulgamlaýyn we ählitaraplaýyn çözmek, ýagny deňagramly ösüş ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasyny düzýär. Milli Liderimiz ýurtda hem-de dünýäde “ýaşyl” we «akylly” ekoulgamy ösdürmekde garaýşymyzyň many-mazmunyny geçen ýylyň oktýabrynda Hytaýda geçirilen “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynda has düşnükli we anyk aýtdy: «Önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar”. Şundan görnüşi ýaly, daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynda hemişe üns merkezinde saklanýan meseledir.
Türkmenistan baý we täsin ösümlikdir haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Tebigatyň eçilen bu ajaýyp gözelligini gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň esasy aýratynlygydyr. Şu jähetden hem ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamaga yhlas edilýär, tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar. Döwletimiziň «ýaşyl” syýasaty, şol sanda ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan bag ekmek maksatnamasy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga, biodürlüligi saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzda her ýyl saýaly we pürli agaçlaryň, gülleriň nahallaryny oturtmak indi halkymyz üçin asylly däp boldy. Bu ýörelgä türkmenistanlylar uly höwes bilen eýerýärler. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna Aşgabadyň daş-töwereginde hem-de welaýatlarda 25 million agaç nahallary we üzüm ekilen bolsa, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp nahal oturdyldy. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnamasyna goşulmagy daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň oňyn netijesidir.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri öňdebaryjy, sanly maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan döwrebap «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Şäheriň birinji tapgyryndaky desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Geçen ýylyň noýabr aýynda agzybirlik we jebislik ýagdaýynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresinde täze şäheriň çäginde dürli agaç nahallarynyň 5 müňden gowrak düýbi oturdyldy. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäheriniň golaýynda geçirilen «Organiki bakjaçylyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň hem açyk asmanyň astyndaky uly möçberli ekologiýa çäresi bolandygyny bellemelidiris. Bu ýerde nazaryýet bilimlerini tejribede ulanmak arkaly, üzümiň «gara kişmiş” diýlip atlandyrylýan görnüşiniň 500 nahaly ekildi.
Türkmenistanda sebitiň ekologik ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalaryň biri hem Garagumuň goýnunda döredilen «Altyn asyr” Türkmen kölüdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýedir. Bu gidrotehniki toplum Garagum sährasynyň tebigy gurşawyna, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýlaryna oňyn täsirini ýetirip, möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, şol sanda suw we ýer serişdelerini netijeli ulanmaga, çöl ýerlerini özleşdirmäge, öri meýdanlaryny artdyrmaga, maldarçylygy hem-de ekerançylygy ösdürmäge amatly şert döredýär. Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem ekologiýa syýahatçylygyny söýýänler üçin hakyky eşret mekanydyr.
Soňky döwürde jemgyýetimizde ekologiýa babatda bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň durmuş ähmiýeti ýokarlanýar, ekologiýa ylmynyň nazary we amaly ugurlary ösdürilýär. Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak döwrüň öňe sürýän wezipesidir. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda hem ýaş raýatlarda ekologiýa medeniýetini we daşky gurşawa aýawly garaýşy terbiýelemek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýokarda hem agzap geçişimiz ýaly, her döwrüň öz talap edýän düzgüni, çözgüdine garaşýan meselesi bolýar. Döwür bilen döwri tapawutlandyrýan zatlar hem hut şu aýratynlyklar. Häzir durnukly ösüş üç ugur — ykdysady, durmuş we ekologik ugurlar boýunça möhüm çözgütleri talap edýär. Bular «ýaşyl» ykdysadyýet, «ýaşyl» tehnologiýa, «ýaşyl» senagat, «ýaşyl» energetika diýen adalga-düşünjeler bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, «ýaşyl” we «akylly” şäher konsepsiýalarynyň esasyny — süňňüni düzýän organikadyr. Arkadag şäheri şäher ekoulgamyny döretmek we ösdürmek boýunça Türkmenistany diňe Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş Ýewraziýada öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşdy. Ýurdumyz bilelikdäki ekologiýa taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, özara tejribe alyşmak, bilimleri paýlaşmak, bu ulgamda täze çemeleşmeleri, tehnologiýalary, çözgütleri ornaşdyrmak ugrunda işjeň çykyş edýär.
2023-nji ýylyň aýagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä howa sammiti ählumumy ekologiýa meseleleri bilen bagly wajyp wezipeleri çözmekde soňky ýyllarda dünýäniň döwletlerini hem-de guramalaryny bir ýere jemlän iri sammitleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP28) gatnaşmak üçin geçen ýylyň 1-2-nji dekabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine amala aşyran iş sapary ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ilerletmäge gönükdirildi. Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edilip ýaýradylmagy ýurdumyzyň hem-de dünýäniň ekologiýa strategiýalary babatda möhüm çäredir. Bu «ýaşyl» konsepsiýa Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň açylmagyna, şeýle hem ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly wajyp wezipeleri çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge niýetlenendir. Dubaý sammiti diňe adamzadyň geljegi üçin aýratyn möhüm ähmiýeti bilen däl, eýsem, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy bilen hem häzirki zaman taryhynyň sahypasynda baky galdy. Häzirki wagta çenli BMG-niň metan boýunça halkara borçnamasyna dünýäniň 140-dan gowrak döwleti goşuldy.
Türkmenistanyň bu hereketi kanunalaýyk hereketdir, maksadalaýyk çäredir, paýhasly we kesgitli çözgütdir. Ministrler Kabinetiniň sammitiň öňüsyrasynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlislerinde ekologiýa maslahatynda kabul ediljek resminamalaryň degişli hünärmenler we bilermenler tarapyndan doly öwrenilendigi, seljerilendigi we oňa ykjam taýýarlyk görlendigi barada habar berildi. Haýyr işde sogap bar. Şeýlelikde, ählumumy abadançylygyň we howpsuz ösüşiň hatyrasyna öňe sürülýän başlangyçlary goldaýan hem-de bu möhüm ulgamda öz oňyn tekliplerini hödürleýän ýurt hökmünde dünýä bileleşiginde giňden tanalýan we uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistan planetamyz hem-de onuň 8 milliarddan gowrak ilaty üçin ýene bir ägirt uly haýyrly, sogap işe goşant goşup, Durnukly ösüş maksatlaryna hemişe ygrarlydygyny ýene bir gäzek tassyklady. Ekologiýa, tebigaty goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Ekologiýa ugry ählumumy derejedäki durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidir. Mälim bolşy ýaly, degişli ugurda Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Rio+20” Bütindünýä maslahatynda, Durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatynda, III Bütindünýä suw maslahatynda oňyn başlangyçlary öňe sürüpdi. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş boýunça geçirilýän ýokary derejedäki sammitlerde edýän taryhy çykyşlarynda hem Bitarap Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen teklipleri uly goldawa eýe bolýar. BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada çykyş edýän Türkmenistan tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýär. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça soňky ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk”, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy «BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly” atly Kararnamalary kabul etdi.
«Türkmenistan BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda aýtdy. Bu garaýyşda ekologiýa meselelerine ileri tutulýan orun bermäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ählumumy taýýarlyk öz beýanyny tapdy. Şeýlelikde, Türkmenistan ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga hemişe taýýardyr.
Oraz ABDYÝEW.
"Türkmenistan".