Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça Sebitleýin merkeziniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2022-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça Sebitleýin merkeziniň başlygy hanym Gwi Ýop Sonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň degişli wekilleri we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gatnaşdylar.

Duşuşygyň maksady Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda hereket edýän Birleşen Milletler Guramasynyň ähli guramalarynyň arasynda netijeli we örän ýakyn gatnaşyklary ösdürmek, Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda durnukly ösüş ugrunda             2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynda görkezilen orta möhlet üçin esasy ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek, Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek, şol sanda olary maliýeleşdirmek hem-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ähli guramalarynyň arasyndaky taslamalary maliýeleşdirmegiň ýurt derejesindäki birleşdirilen gaznasyny döretmegiň meseleleri boýunça pikirler alyşyldy.

Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.