Türkmenistan dünýä derejesinde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine öz mynasyp goşandyny goşýar. Dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýete eýe bolan başlangyçlar yzygiderli öňe sürülýär we olary çözmäge çalşylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän düzümler parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek üçin uly maýa goýumlar gönükdirilýär.
Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşendigi bilen baglylykda, awtomobil we demir ýollaryny, köprüleri gurmak, awtoulag, demir ýol, deňiz, howa üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, ýük daşalyşyny we ýolagçy gatnadylyşyny artdyrmak hem ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri diýlip hasap edilýär. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini, örän amatly şertlerde ýerleşendigini göz öňünde tutup, onuň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryny doly möçberde ulanmak şu günuň möhüm wezipesi hökmünde öňe çykýar. Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça tutumlary milli derejedäki durnukly ösüş strategiýasynyň ählumumy maksatlar bilen utgaşykly durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary giň goldawa eýe bolýandygy guwandyryjy üstünliklerimizdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen bu ugurda ýene bir möhüm Kararnama kabul edildi. Täze Kararnama laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. BMG-niň bu halkara resminamasyna dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragy awtordaş bolup çykyş etdi. Resminamada BMG-ä agza döwletleriň, halkara, sebitara guramalaryň, raýat jemgyýetçiliginiň, şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, şahsy taraplaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň hemmesine Bütindünýä durnukly ulag gününi dabaralandyrmak teklip edilýär. Durnukly ulag ulgamy boýunça, hususan-da, halkara ulag gatnawlaryny artdyrmak, ekologiýa ulaglarynyň ösüşine ýardam bermek, durmuş taýdan bähbitli ulag düzümleriniň we durnukly ulagyň beýleki ulaglarynyň ösdürilmegine ýardam bermek boýunça jemgyýetçilik biliminiň artdyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işlerini we çäreleri geçirmek bellenildi.
Geçmişde ady dünýä ýaň salan Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde täzeden dikeldip, Garaşsyz we baky Bitarap Diýarymyzy halkara söwda we ýük daşama ýollarynyň merkezine öwürmek durnukly ulag ulgamyny ösdürmekde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ulag-aragatnaşyk pudagynyň dünýä ykdysady ulgamynyň möhüm düzüm bölekleriniň biri bolup durýandygyny hasaba almak bilen, Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag ýollarynyň netijeli ösdürilmegini, şeýle-de Merkezi Aziýa — Pars aýlagy aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny we Hazar — Gara deňiz sebitiniň ulag gatnawlarynyň giňeldilmegini häzirki döwürde durmuşa geçirýän ulag syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ulag-aragatnaşyk gatnawlarynyň giňeldilmegine, olaryň Ýewropanyň, Günorta — Gündogar Aziýanyň, ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna çykmaga esaslanýan bu taslamalar halkara geoykdysady giňişligiň täze keşbiniň kemala gelmegine gönükdirilendir. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň ösmegine ýardam berýän şeýle taslamalaryň başyny başlaýjy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Annaguly BABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.