Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Ulgamyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Bank ulgamynyň durnukly işlemegi ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň, depginli ösüşiniň üpjün edilmegi hem-de dünýä ykdysady giňişligine amatly goşulyşmagy üçin möhümdir.
2011-nji ýylda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnama laýyklykda, durmuşa geçirilýän giň möçberli ykdysady özgertmelerde ulgamyň işini kämilleşdirmek we ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, bank hyzmatlarynyň hilini halkara ölçeglere görä guramak, olaryň görnüşlerini artdyrmak, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylmaly işler kesgitlenildi. Bu ugurda alnyp barylýan innowasion özgertmeler banklaryň maýalaşdyryş derejesiniň ýokarlanmagyna, maliýe serişdeleriniň binýadyny berkitmäge, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň göwrümini giňeltmäge, innowasion bank önümleriniň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, agzalan ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ilata töleg-hasaplaşyk, depozit we beýleki hyzmatlary banka barmazdan, ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Milli töleg ulgamyny ösdürmek, onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ulgam döwrebap maglumat tehnologiýalarydyr kompýuter programmalary bilen üpjün edilýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi günsaýyn giňeýär. Karz edaralarynda hyzmatlaryň täze görnüşleri yzygiderli ornaşdyrylýar.
Milli Liderimiz: «Geljekde pul-karz syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlary, onuň möhüm gurallary netijeli ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek üçin has amatly şertleri döredýän ugurlarda hem-de derejelerde kemala getirilmelidir. Häzirki döwürde Türkmenistanyň öňünde bu strategiki möhüm ulgamda düýpli we yzygiderli özgertmeleri amala aşyrmak wezipesi durýar» diýip belleýär.
Syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowyň golaýda çap edilen «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: durnukly ösüşiň milli nusgasy» atly ylmy makalasynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlygyň ykdysady esaslaryny has-da pugtalandyrmakda maliýe-bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda manadyň satyn alyş ukybynyň durnuklylygy üpjün edildi. Karz serişdeleriniň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Şeýle düýpli işleriň netijesinde esasy makroykdysady görkezijiler ýokarlanýar. Pul ulgamynda özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylan işler milli pula ynamy artdyrdy. Munuň şeýledigini Halkara Pul Gaznasy ýaly abraýly maliýe düzümler ençeme gezek tassykladylar. «Fitch Ratings» halkara agentliginiň ýurdumyza «B+durnukly» derejäni bermegi hem ykdysadyýetiň depginli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýazgeldi ANNAMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47822