Durnukly ösüşiň binýady

Geljegiň binýadynyň berkden tutulýan döwründe hormatly Prezidentimiziň daşyna agzybirlikde jebisleşýän halkymyz bilen nurana ýollara batly gadam urýarys. Milli Liderimiziň tagallalary bilen ildeşlerimize ähli ugurlarda döredijilikli we ruhubelent zähmet çekmäge döwrebap mümkinçilikler döredilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny döwrebap şertlerde täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy.

Bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bazar gatnaşyklary şertlerinde hereketlendiriji güýç hökmünde telekeçileriň bazar ykdysadyýetine işjeň çekilmegine, daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçiligi bolan ösen ulag-logistika düzümli senagat ulgamlarynyň we senagat toplumlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Maksatnamalaýyn alnyp barylýan işlerde milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan çäreleri tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň meýilnamasyna aýratyn orun berilýär. Bu bolsa ähli derejelerde döwlet edaralarynyň dolandyryş mümkinçiligini hem-de ulgamyň netijeliligini, pudaklarda tehnologik täzelikleri öňe ilerletmek arkaly dolandyrmagy, häkimiýetiň düzümleriniň, raýat jemgyýetiniň arasynda gatnaşyklary döwrebap kanunçylyk ýörelgeler esasynda pugtalandyrmagy güýçlendirmäge ýardam edýär.

Durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde senagat pudaklaryny we hyzmatlar ulgamyny düzüm taýdan üýtgedip guramak üstünlikli alnyp barylýar. Şeýle hem hususylaşdyryp we paýdarlar jemgyýetlerine öwrüp, döwlete degişli eýeçiligi azaltmak işleri ýerlikli we tapgyrlaýyn görnüşde amala aşyrylýar. Bu işleriň kanunçylyk esaslary kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar.

Durnukly ykdysady ösüşiň esasynda halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, bäsdeşlige ukyply innowasion önümçilikleriň we ýokary öndürijilikli iş orunlarynyň döredilmegine, işewür işjeňligi giňeltmäge hem-de ýurdumyzda aň-paýhas mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam etjek tutumly işlere ählitaraplaýyn döredijilikli çemeleşmek we mynasyp goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, il-ýurt bähbitli tutumly maksatnamalaýyn işler, gazanylýan üstünlikler hem-de ýetilen ajaýyp sepgitler raýatlarymyzyň ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekmeklerine ýardam edýär.

Ykdysady özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegini hukuk taýdan üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan hereket edýän kanunlara maksadalaýyk üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de täze kanunlary kabul etmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Biz ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek we olaryň degişli ulgamlarda ýerlikli ulanylmagyna ýardam etmek bilen, durmuşa geçirilýän we meýilleşdirilýän işleriň ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek işlerini alyp barýarys.

Bize döwrebap şertlerde işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň adyna tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň agzybirligini, ilatymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny, döwletimiziň berkararlygyny üpjün etmekde öňdengörüjilik bilen maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe guwandyryjy üstünliklere beslensin!

Serdar JORAÝEW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45918