Durnukly ösüşiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy babatda bimöçber aladalar edilip, bu wezipeler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenýär.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça strategik başlangyçlary Türkmenistanyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga, olary taýýar önüme öwürmek boýunça sazlaşykly senagat ulgamyny kemala getirmäge esaslanýar. Şol maksat bilen ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň işine iri maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, hususy telekeçiler we daşary ýurtly maýadarlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine ýetilýär.

Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda wajyp ugurlaryň biridir. Soňky ýyllarda iri maýa goýumlary çekmegiň hasabyna halk hojalygynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyryldy. Goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlykda birnäçe halkara taslamalar durmuşa geçirildi. Halkara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, hususy toplumy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ukyply bolan telekeçilige uly gyzyklanma bildirilýär hem-de kiçi we orta telekeçiligiň netijeli ösdürilmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Telekeçileriň hukuk taýdan goraglylygy we olara degişli kepillikleri bermek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Bular bilen bir hatarda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden hem giňden peýdalanylýar. Ulgama döwrebap tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar, nagt däl hasaplaşyk serişdelerinden we häzirki zaman tejribesinden peýdalanylýar.

Umuman, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alnyp barylan oýlanyşykly döwlet syýasaty düýpli nazary bilimlere, öňdebaryjy usullara we döwrebap tehnologiýalara esaslanýar. Ýurdumyzda şeýle giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Ogulnar MERIŞEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20488