Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ösüşi belent üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Şeýle beýik işleriň netijesinde döwletiň ähli pudaklarynyň üstünlikli ösdürilmegi halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen düýpli gurluşyklaryň, şonuň bilen bir hatarda daşary söwdanyň, döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ylym we bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Aýratyn hem ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine uly ähmiýet berilýär. Bu beýik işleriň ählisi şöhratly şu günümiziň ösüşlerini aýdyň beýan edýär, röwşen geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny üpjün edýär.
Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiz sanly ulgama laýyk getirilýär. Sanly ulgam — munuň özi ösüşiň tizliginiň esasy ýörelgesidir. Häzirki wagtda sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşymyza giňden ornaşýar. Biz muňa Arkadag şäherindäki döwrebap binalardan, sanly ulgamyň üpjün edilmeginden, ulanylmagy meýilleşdirilýän elektromobil taksilerden we elektrobuslardan aýdyň göz ýetirýäris.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly ösüşleri üpjün etmekde sanly ulgamyň möhüm ugurdygyny aýratyn bellemek gerek. Şunda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem ösen sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilmegi, innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy, aň-bilim mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagy ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek üçin bäsdeşlige ukyply harytlaryň eksportynyň möçberlerini artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, import harytlarynyň ýerini tutýan harytlaryň öndürilişini has-da giňeltmek, ýurdumyzda telekeçilige goldaw bermek hem-de dürli ulgamlarda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bularyň hemmesi ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň aýdyň geljegi nazarlaýandygyny görkezip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä dolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.
Güljan GARATAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.