Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmäge, senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazar düzümi bolan we durnukly ösüş depginini gazanmaga gönükdirilen ykdysadyýeti ýokary hilli hem-de tapgyrlaýyn kemala getirmek ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, geçen ýyl durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, esasy makroykdysady ösüşi alamatlandyrýan jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi we bu görkeziji 6,3 göterim artyp, senagatda 4,3, gurluşykda 2, ulag we aragatnaşykda 8,4, söwdada 12,8, oba hojalygynda 4,4, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. Geçen ýyllar bilen deňeşdirme geçirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2020-nji ýylda 5,9, 2021-nji ýylda 6,2, 2022-nji ýylda 6,2 göterime deň bolmagy 2023-nji ýylda ýokary netije gazanylandygyny görkezýär.
Hökümet mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynda hem-de şu ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen gaýragoýulmasyz wezipelere laýyklykda işlenip düzüldi. Resminamada şu ýyl gazanylmaly makroykdysady görkezijiler, ähli pudaklar boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň we innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda, durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen täze ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýet ýurduň baý tebigy, geoykdysady mümkinçiligini, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ykdysady derejesini ýokarlandyrmak bilen üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylýar. Ýurduň önümçilik kuwwaty barha artýar. Munuň şeýledigini halkara maliýe edaralary, şol sanda Bütindünýä banky hem birnäçe gezek tassyklady. Bütindünýä bankynyň klassifikasiýasy boýunça Türkmenistan girdejisi orta derejeden ýokary ýurtlaryň hataryna girdi. Halkara maliýe guramalary, reýting agentlikleri tarapyndan ykdysady ösüşe oňyn baha berilmegi ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly we ýokary depginli ösüşiniň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini saklamaga gönükdirilendir. Baş maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň köp bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýşy, bilimi, medeniýeti, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň işjeň durmuşa ornaşdyrylýan häzirki döwründe ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkitmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik amatlyklaryny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alnyp taýýarlanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde, ýurdumyzda jemi 160 sany durmuş-medeni maksatly binanyň we desganyň, şol sanda 11 hassahananyň, 18 saglyk öýüniň we merkeziniň, 31 sany mekdebe çenli çagalar edarasynyň, 57 sany umumybilim edarasynyň, 8 sany medeniýet öýüniň, 20 sany suw we 15 sany lagym arassalaýjy, köp sanly inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmek, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça ýokary strategik ähmiýete eýe boljak Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde sebitlerde senagat toplumynyň ähli ulgamlaryna iri maýa goýumlary çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, ýeňil senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýete innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak, welaýatlaryň çäginde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly oba hojalygy we onuň bilen baglanyşykly pudaklary, maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, azyk harytlarynyň önümçiligini ýokarlandyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde täze desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Has takygy, bu maksatnamanyň esasy maksady obalaryň we kiçi şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakdan hem-de oba ilatly ýerleriň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň durmuş taýdan ösüşini esasy hem döwrebap ugurlara gönükdirmekden, inženerçilik üpjünçilik ulgamlaryny özgertmekden ybaratdyr.
Maksatnamada ilatyň hakyky girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmak we durmuş pudaklarynda täze iş orunlaryny döretmek, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatyna edilýän hyzmatlaryň möçberini, hilini ýokary derejelere çykarmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde saglygy goraýyş, mekdebe çenli çagalar, umumybilim edaralarynyň maddy üpjünçiligini düýpli berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, welaýatlardaky etraplaryň we obalaryň suw, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjünçilik ulgamlaryny düýpli abatlamak, täzelerini gurmak, içerki ýollaryň durkuny täzelemek, täze ýollary gurmak, obalarda, şäherçelerde telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň we beýleki hyzmatlaryň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmek ýaly möhüm wezipeler beýleki döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin resminamalarda bellenen maksatlar bilen doly utgaşdyrylandyr. Maksatnamalarda ýurduň ykdysadyýetiniň geljek döwürde ösüşiniň esasy häsiýetli aýratynlyklary, tapgyrlary we ugurlary bellenilip, senagat taýdan ösen, innowasion görnüşli ykdysadyýeti emele getirmekden ugur alyndy. Netijede, ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredilýär. Ykdysadyýetimiz dürli ugurlary — elektrik energetikasy, nebitgaz, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa, gurluşyk, elektron, ýeňil we azyk senagaty hem-de beýleki pudaklary öz içine alýar. Kiçi we orta telekeçilik hem yzygiderli ösdürilýär. Ähli ugurlardaky ösüşleriň halkyň bagtyýar şu gününe we ýagty ertirlerine gönükdirilendigi halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Meýlismyrat SAPAROW.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly.