Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly we depginli ösýär. Bu bolsa ýokary maýa goýum işjeňligi, içeri we daşarky islegiň artmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi, ilatyň girdejilerini artdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler bilen baglanyşyklydyr.
2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,1 göterim derejesinde bolandygy bellenildi. Munuň özi ykdysadyýetiň hem-de sebitleriň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşiniň esasy makroykdysady görkezijilerine öwrüldi. Umuman, öndürilen önümiň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,5 göterim ýokarlandy.
Şu ýerde 8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ösüşiniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisiniň barşynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň bolup geçendigini, toplumlaýyn işleriň netijesinde uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtandygyny bellemek ýerlikli bolar. Häzir Türkmenistan depginli ösýän hem-de ýokary tehnologiýalardan, innowasiýalardan ugur alýan, ägirt uly taslamalary, oňyn başlangyçlary üstünlikli amala aşyrýan jogapkärli döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy.
Milli ykdysadyýetiň binýatlyk esaslarynyň pugtalandyrylmagy ýurdy depginli ösdürmegiň netijesine öwrüldi. Bu bolsa onuň durnuklylygyny saklamaga hem-de kuwwatlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça häzirki zaman kärhanalaryny giň gerimde gurmak hem-de ulanmaga bermek işleri ýaýbaňlandyryldy. Ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna we sanly ulgama geçirmek işleri dowam edýär.
Birinji ýarym ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önüme bolan gatnaşygynda 14 göterime deň boldy. Şunda özleşdirilen maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik toplumlaryny, 56,3 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly desgalary gurmaga gönükdirildi. Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny işläp taýýarlamaga we tassyklamaga düýpli çemeleşmegi, anyk önümçilik wezipelerini hem-de her ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň öňünde goýlan wezipeleri kesgitlemegi tabşyrdy.
Jemi içerki önümiň ösüş depginini saklamak, döwlet girdejilerini artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek babatda geljek ýylyň Döwlet býujetine hem garalýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baş maliýe meýilnamasynyň üstünde işlemegi tamamlap, onuň taslamasyny Milli Geňeşiň garamagyna ibermegi tabşyrdy. Türkmenistan üçin Döwlet býujeti, däp bolşy ýaly, durmuş ugurlydyr.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we birnäçe beýleki durmuş tölegleriniň möçberiniň 10 göterim köpeldilmegi göz öňünde tutulýar hem-de her etrapda, şäherde kömege mätäç adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler hökmany goýberiler. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna görä, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň taslamalary taýýarlanyldy. Bu resminamalarda ýakyn ýedi ýyl üçin Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen ägirt uly başlangyçlar, giň gerimli özgertmeler beýan edildi. Olar halkymyzyň abadançylygyny we gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenilen toplumlaýyn çäreleriň ýerine ýetirilmegi ykdysadyýeti dolandyrmakda hil babatdaky öňegidişlikleri üpjün etmelidir. Döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmagy giň gerimde dowam etmek, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we şäherleriň häkimlikleriniň hususylaşdyrylan desgalarynyň sanyny artdyrmak, döwlete degişli bolmadyk ulgamy ösdürmek kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda görkezildi.
Şu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini goldamak gaznasynyň işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, bu mesele boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň birinji çärýeginde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň netijelerini jemlände, kiçi we orta telekeçilere karz bermek maksatnamasyny giňeltmegi, aýratyn-da, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmegiň maksatnamasyny seljermegi tabşyrandygyny bellemek gerek.
Şonda ýurdumyzdaky ykdysady we maliýe ýagdaýa hemişe gözegçilik etmek boýunça öňde goýlan wezipe hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda emele gelen ýagdaýlary göz öňünde tutup, şu ýyl döwletimizde durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň garaşylýan netijelerini içgin seljermek barada berlen tabşyryk has möhüm häsiýete eýe boldy. Şoňa görä-de, halk hojalyk pudaklarynyň durnukly ösüşini saklamak üçin degişli çäreleri görüp, dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine täsirini hemmetaraplaýyn seljermek wajypdyr.
Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi köp babatda ýurdumyzyň maýa serişdeleriniň netijeli dolandyrylyşyna, ykdysadyýetiň pudaklaryna gönükdirilýän karz serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylyşyna baglydyr. Maýa serişdelerini has netijeli dolandyrmak üçin ýurdumyzyň pul-karz ulgamyna gaýtadan seretmek, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de beýleki halkara maliýe institutlary bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek bellenildi.
Şeýle-de milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak, daşary ýurt puly bilen amala aşyrylýan amallary düzgünleşdirmek we işleriň şu görnüşine gözegçilik etmek boýunça yzygiderli esasda degişli işleri alyp barmak tabşyryldy. Halkara tejribä esaslanyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maliýe hasabatlylygyny, salgyt salmagyň düzgünlerini we usullaryny yzygiderli kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzda elektron salgyt salmak ulgamyny doly ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümlerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze, ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa önümçilikleri, täze iş orunlaryny döretmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmegiň esasy şertidir. Şonuň ýaly-da, zähmet serişdelerini dolandyrmak, ýurtda adam mümkinçiliginiň hilini ýokarlandyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, zähmet bazaryny düzgünleşdirmek meselesine raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny ulanmagy üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynda möhüm orun berilmelidir.
Zähmet bazaryny işjeňleşdirmek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça çäreler bilen bir hatarda, ilatyň girdejilerini artdyrmaga degişli ulgamlaýyn syýasat amala aşyrylýar. 2022-nji ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça aýlyk zähmet hakynyň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köpeldi. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirilýär.
8-nji iýulda geçirilen Hökümetiň mejlisinde ýurdumyzda zähmete hak tölemegiň iň pes möçberine gaýtadan seretmegiň zerurdygy bellenildi we bu babatda degişli tabşyryklar berildi. Zähmete hak tölemegiň iň pes möçberi ýaly möhüm makroykdysady görkezijiniň ýokarlanmagyna täzeden seredilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň iş ýüzünde anyk durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir mysalydyr. Zähmete hak tölemegiň iň pes möçberiniň görkezijisi iş beriji bilen işgäriň arasynda zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek üçin zerurdyr hem-de işiň guramaçylyk görnüşine garamazdan, iş berijileriň ählisi üçin hökmanydyr. Zähmete hak tölemegiň häzirki iň pes möçberinden ugur alnyp, durmuş taýdan kömek bermek tölegleri hem hasaplanylýar.
Halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň maddy ugurlarynyň üstüne goşmaça bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly adam mümkinçiligini ösdürmek boýunça çäreleriň toplumy, ýaşlar syýasatyny hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy. Şol işler degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagyny, bilim edaralarynyň maliýe ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, okuw maksatnamalarynyň hem-de meýilnamalarynyň, okuw kitaplarynyňdyr gollanmalarynyň öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegini özünde jemleýär.
Ýokary bilimiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň meşhur okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça işler dowam eder. Hökümetara ylalaşyklar esasynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda uly isleg bildirilýän milli işgärleri taýýarlamak tejribesi dowam etdiriler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tölegli esasda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany iş tejribeligi bolmazdan, diplomlary gowşurmak baradaky teklipleri taýýarlamaga degişli beren tabşyrygy bilim ulgamynda täze ädim boldy.
Ilatyň girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmagyň köpýyllyk tejribesi ykdysady ösüşiň esasy itergi beriji güýçleriniň biri hökmünde sarp ediş isleginiň artmagyna ýardam edýär. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bölek haryt dolanyşygynyň görkezijisi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 39 göterim ýokarlandy. Eger içerki islegiň ösüşi ilatyň girdejileriniň artmagy bilen bagly bolsa, onda daşarky isleg ykdysadyýetiň eksport kuwwaty, onuň daşarky bazarlarda isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip biliş ukyby bilen şertlenendir.
Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ösüşini, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň elektroenergetika, nebitgaz, himiýa we dokma senagaty ýaly esasy pudaklary üpjün etdi. Ine, ýanwar — iýul aýlarynda nebit we gaz kondensatyny çykarmagyň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 111,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,2 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 117,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 115,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 123,6 göterim berjaý edildi.
Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,4 göterim ýerine ýetirildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüşi 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüşi bolsa 141,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni şu ýylyň ýedi aýynyň netijeleri boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny 181,1 göterim berjaý etdi.
Ýylyň başyndan bäri geçen döwürde Türkmenistan Russiýa, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Eýran bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny işjeň ösdürdi. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artmagyndan başga-da, onuň düzümindäki eksportda energetika degişli bolmadyk harytlaryň paýynyň artmagy, importyň peselmegi, haryt görnüşlerinde we daşary söwdanyň geografik ugurlarynda bolup geçen üýtgeşmeler bilen baglanyşykly oňyn ýagdaýlar ösýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň durnukly ýokarlanmagyna hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gazanylanlar bilen kanagatlanman, daşary ykdysady işleri mundan beýläk-de ösdürmek, daşary söwda dolanyşygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek gerek.
Diýarymyzda eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy döwlet edarasy bolan Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijileriniň biri, habar-syn beriş maglumatlaryň çeşmesi bolup, ýurduň halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň önümlerine islegleri aýdyň görkezýär. Bu ýerde her hepdede ýakyn we alys daşary ýurtly alyjylar tarapyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjy, awiakerosin, Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietilen, aýna hem-de dürli görnüşli dokma önümleri ýaly eksport harytlaryny satyn almakda köp sanly geleşikler baglaşylýar.
Elektron söwdany giňeltmek we dellallara goşmaça maglumatlary bermek üçin şu ýylyň baharynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy täze saýty işe girizdi. Munuň özi ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür jemgyýetçiligiň öňünde internet arkaly harytlary ýerlemegiň möçberini artdyrmak, ýurduň içinde elektron söwdany alyp barmaga öz meýdançaňy döretmek, Diýarymyzda öndürilýän önümleri halkara derejede giňden mahabatlandyrmak hem-de öňe ilerletmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ýene-de bir ädimdir. Munuň şeýle bolmagyna “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanyň işlenip taýýarlanylmagy hem gönükdirilendir. Ol ýurdumyzyň harytlarynyň hiliniň, ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň görkezijisi bolmaga hyzmat etmelidir.
Işleriň birinji tapgyry milli nyşan baradaky düzgüniň işlenilip taýýarlanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa ony ornaşdyrmak boýunça ýüze çykýan tutuş wezipeleriň toplumyny çözmäge gönükdirilendir. Ikinji tapgyr nyşany gowşurmak baradaky düzgüni işläp taýýarlamakdyr. Ony almak üçin harydyň ýokary hil ölçeglerine, ekologik howpsuzlygyna mynasypdygyny hem-de kybap gelýändigini subut etmek zerurdyr. Bu düzgüne içerki we daşarky bazarlarda nyşanyň ulanylmagy baradaky maddalar hem giriziler.
“Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşan türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde aýdyň we gysga beýanly şekiliň hem-de şygaryň döredilmegini göz öňünde tutýar. Ol nepisligi, şol bir wagtyň özünde many aýratynlygy bilen tapawutlanmalydyr, özünde watançylyk mazmuny jemlenmelidir. Onuň döredilmegi ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, eksporta ugradylmalary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de görnüşlerini giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açar.
Ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara çykarmakda hususy haryt öndürijiler möhüm orun eýeleýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryndan ugur almagy hem-de Diýarymyzyň telekeçiligini goldamak boýunça anyk çäreleriň görülmegi döwlete degişli däl ulgamyň ösmegine hem-de önümçilik, maýa goýum we eksport kuwwatynyň pugtalanmagyna ýardam etdi. Muny özünde ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň nobatdaky senesine bagyşlanyp, aprel aýynda geçirilen sergi hem-de maslahat tutuş aýdyňlygy bilen görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda telekeçiligiň we döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goldaw bermegiň ähmiýeti barada aýdyp, şu meseleler bilen birlikde, milli ykdysadyýetde hususy ulgamyň paýynyň artdyrylmagyna, ýaşlaryň işewürlik başlangyçlarynyň goldanylmagyna aýratyn üns beriljekdigini tassyklady.
Şeýlelikde, ata Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Şol syýasatyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan mähriban halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolan durnukly ykdysadyýetli döwlete öwrüldi.
(TDH)