Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň esasyny düzdi.
Mejlisde ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň, şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisiň barşynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen teklipler bilen bagly meseleleri gysga wagtda çözmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, tebigy gazy gaýtadan işlemegiň we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmagyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny göz öňünde tutup, bu ugurdaky işi dowam etdirmek, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşy we ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur tagallalary etmek, himiýa senagatynyň kärhanalarynyň, hususan-da, oba hojalygy üçin zerur bolan dökünleri öndürýän «Maryazot» önümçilik birleşiginiň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler, elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, dokma kärhanalaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek bilen bagly meselelere garaldy.
Noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň maksatnamasy baradaky hasabata aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, bu aýda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy, Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2022» atly halkara sergi we ylmy maslahat, «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler. Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda Hasyl toýy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri, noýabryň ikinji ongünlüginde Daşoguz şäherinde türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly guralar. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar, «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler mejlisde garalan möhüm meseleleriň hatarynda boldy. Şunda Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) agzalygyna kabul edilendigi habar berildi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Seul we Pusan şäherlerine amala aşyran gulluk iş saparynyň jemleri baradaky hasabat hem diňlenildi. Ministrler derejesindäki mejlisiň netijeleri boýunça 2023-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna Türkmenistan tarapyndan başlyklyk edilmegi we indiki 16-njy forumyň Aşgabatda geçirilmegi kesgitlenildi.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.