geçen dokuz aýyň jemlerinde aýdyň görünýär
Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň döredýän mümkinçilikleri ösüşiň ykdysady we durmuş şertlerini özara baglanyşdyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. 10-njy oktýabrda şu ýylyň 9 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda jemi öndürilen önümiň, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artandygy bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň, şeýle-de dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik hadysalarynyň Türkmenistana ýetirip biljek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgininiň durnukly ýagdaýda saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy, wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada aýdylanda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Býujetiň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy.
Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manadymyzda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy. Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin senagat we obasenagat toplumlaryna karzlary bermek boýunça işler dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz her bir ministrligiň we pudak edarasynyň ýolbaşçylarynyň geljek ýyl üçin öz iş meýilnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde doly esaslandyrmalydygyny tabşyrdy. Mejlisde geçen dokuz aýda paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilişi, welaýatlarda bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy baradaky hasabatlar hem diňlenildi. Berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Hususan-da, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamak, «Aşgabat-sitini», ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak üçin taýýarlyk işlerini çaltlandyrmak, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň ýokary hilli ulanmaga berilmegini üpjün etmek, ýurdumyzda energetika halkasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirmek meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda boljak saparlara hem-de halkara derejedäki çärelere, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Jemi içerki önümiň 6,2 göterim artmagy hem muny doly tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak babatda çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Bularyň ählisi ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy, durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmagy baş maksady hökmünde kesgitlän durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm şertini emele getirýär.
Sanlar, maglumatlar:
- 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi.
- Býujetiň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy.
- Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artdy.
- Hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy.
- 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 109,3 göterim, çykdajy bölegi 98,8 göterim berjaý edildi.
- Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 4 sany hassahananyň, 5 sany çagalar bagynyň, 6 sany umumybilim berýän edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň, 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 594,6 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy.
- 1-nji oktýabr ýagdaýyna görä, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manadymyzda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy.
- Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça dokuz aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 169,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime deň boldy.