Durmuş-ykdysady ösüşde ygtybarly ugur

Bilşimiz ýaly, 14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw sammitinde taryhy çykyş etdi. Onda döwlet Baştutanymyz sebitiň gün tertibinde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, birnäçe täze teklipleri orta atdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak babatda täsirli çäreleriň zerurdygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamagy teklip etdi. Nygtalyşy ýaly, bu görnüşdäki Söwda öýüniň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakdan, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Önümçiligi tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak, innowasion ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek işlerine içerki we daşarky bazarlarda ýurduň hojalyk subýektleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň usuly hökmünde garalýar.  

                                                                   

Daşary söwda dolanyşygynda eksporta uly goldaw berilmeginiň, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň ykdysadyýetiň tebigy-serişde we ylmy-tehnologik kuwwatyny peýdalanmagyň, döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň we zähmet bazarynyň gurluş taýdan özgerýän mahalynda, iş bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagynyň şerti hökmünde, üznüksiz önümçiligiň ähli tapgyrlarynda innowasion ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipesi ileri tutulýan ugurlaryň biridir.  

                                                                   

Importyň ornuny tutmagyň gurallaryny bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň derejesini ýokarlandyrmagyň usulyna, pudagy emele getirmegiň çeşmesine, onuň aýratynlyklaryny we ýerli çig mal arkaly eksporta niýetlenen önümleri öndürmegiň strategiýasynyň mazmunyna laýyklykda işläp taýýarlamak zerurdyr. Ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Islendik ykdysadyýet daşary söwda bilen baglanyşyklydyr. Ýurduň dünýä hojalygyndaky orny onuň daşary söwdasynyň möçberi bilen kesgitlenýär. Eger-de ýurduň daşary söwdasy näçe uly bolsa, ol dünýä hojalygyna şonça-da baglydyr. Daşary söwda milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin goşmaça serişdeleri almagy üpjün edýär. Haryt öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar. 

                                                                   

Ýurduň bütindünýä söwda ulgamyna goşulmagy onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesini ýokarlandyrmagy şertlendirýär. Milli ykdysadyýetiň ýokary depginlerde ösmegine ýardam berýär. Emma halkara ykdysady gatnaşyklaryň iň gadymy we çalt ösýän görnüşleriniň biridigine garamazdan, dünýä söwdasynda käbir gapma-garşylyklaryň ýüze çykmagy obýektiw ýagdaýdyr. Ol garşylyklaryň aradan aýrylmagy döwletleriň alyp barýan söwda syýasatyna bagly bolýar. Daşary söwda syýasaty — ýurduň daşary ykdysady syýasatynyň bir bölegi. Daşary ykdysady syýasat ýurduň öňünde duran wezipelerden ugur alyp, onuň halkara giňişlikde milli ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen amala aşyrýan çäreleriniň toplumyny düzýär. Daşary söwda syýasaty ýurduň eksport we import syýasatlaryny, olary düzgünleşdirmegiň tertibini, bu işi guramagyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegi we beýlekileri öz içine alýar.  

                                                                   

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän söwda syýasaty daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: «Döwletiň söwda syýasaty — daşary ýurt döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň täsir ediş çäreleriniň ulgamydyr. Daşary söwda milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin goşmaça serişdeleri almagy üpjün edýär we ýurduň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ösdürmäge ýardam berýär». Ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösmegi daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň ýyl-ýyldan artmagyna mümkinçilik döredýär. Ortaça ýyllyk ösüş depginleri soňky 10 ýylyň içinde ýokary derejelere ýetdi. Türkmenistan häzirki döwürde Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Türkiýe, Italiýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Eýran ýaly döwletler bilen söwda hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barýar.  

                                                                   

Biziň ýurdumyzda gaz, nebit we nebit önümleri, elektrik energiýasy, pagta süýümi, mata we pagta ýüplükleri, dokma we nebithimiýa senagatynyň önümleri eksportyň esasy ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, döwletde tehnologik taýdan kämilleşdirmäge we durnukly daşary söwda bäsdeşligine ukyply, häzirki zaman taýýar önümleri çykarmaga gönükdirilen gurluş özgertmeleri amala aşyrylýar. Eksportyň geografik çäginiň hem yzygiderli giňeýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýar. Eýran, Russiýa, Italiýa, Hytaý, Yrak, Owganystan esasy eksport hyzmatdaşlarymyz bolup çykyş edýär. Dünýäniň onlarça döwletinden, şol sanda Türkiýeden, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Fransiýadan we Germaniýadan gerek bolan ýokary hilli harytlar satyn alynýar. Import edilýän önümleriň esasy bölegi iň täze tehnologiýalara daýanýan we innowasiýaly enjamlaryň, elektrik maşynlaryň, ulag serişdeleriniň, uçar enjamlarynyň we ätiýaçlyk şaýlarynyň, gara metaldan ýasalan önümleriň, gurluşyk materiallarynyň we beýleki harytlaryň paýyna düşýär. 

                                                                   

Daşary söwdanyň artmagy, şeýle hem eksportyň importdan has ýokary bolmagy ýurduň ykdysadyýeti üçin amatly şertleri döredýär. Daşary söwdanyň oňaýly bolmagy ykdysadyýet üçin zerur gyzyl puluň yzygiderli gelip durmagyny üpjün edýär. Daşary söwdanyň ýylsaýyn ösmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetiň pugtalanýandygyny we halkyň durmuş-medeni ýagdaýynyň barha gowulanýandygyny alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, milli ykdysadyýetiň dünýä hojalygyna goşulyşmagynyň gitdigiçe çaltlaşýandygyny görkezýär. Şu ýerde aýratyn bir begendiriji ýagdaýy, ýagny ýurduň daşary söwdasynyň dünýäniň söwda dolanyşygynyň ösüşinden has çaltlygyny bellemek gerek. Dünýä söwdasynyň artyşy her ýyl 2-3 göterime deň bolsa, ýurdumyzyň daşary söwdasynyň ösüşi has ýokarydyr. Bu deňeşdirme milli ykdysadyýetiň dünýä hojalygyna goşulyşmak we ony barha giňeltmek işiniň çalt depginlerde bolup geçýändigini görkezýär. Türkmenistanyň söwda ulgamy yzygiderli we netijeli ösýär.  

                                                                   

Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, iri halkara maliýe edaralary hem-de uly tejribä, dürli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly dünýäniň onlarça döwletleri bilen netijeli işleri amala aşyrýar. Munuň netijesinde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna uly mümkinçilikler açylýar.  

                                                                   

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda synçy derejesi berildi. Ýurdumyzyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyna hem-de bu derejä laýyklykda, daşary söwda ulgamynyň, logistika düzümleriniň täze şertlerde ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bu guramanyň işine gönüden-göni gatnaşmagy ykdysady, maliýe, söwda, maýa goýum ugurly esasy halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilikleri açýar. 

                                                                                                           

Arslan GURBANNAZAROW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň mugallymy.