Awazadaky taryhy wakalardan soňky oýlanmalar
Bu söhbediň näme hakyndadygyny okyjylar eýýäm sözbaşydan aňan bolsalar gerek. Hawa, gürrüň biziň sebitimiz — Merkezi Aziýa sebiti barada. Bu dogrusynda buýsanç bilen aýtmaga näçe diýseň esas bar. Eýýäm geçilen ýollar, şu günki hallar, ak ertirlere uzaýan pikir-hyýallar muny görkezip dur.
Golaýda Hazaryň türkmen kenaryny baýramçylyk lybasyna beslän şanly wakalar bilen baglanyşykly hem näçe aýtsaň aýdybermeli. Biziň hemmämiziň bilşimiz ýaly, bu ýerde dünýä owazy ýeten möhüm wakalaryň birbada altysy bolup geçdi. Sebitde abadançylygyň mundan beýläk hem berkemegine, söwda-ykdysady, ruhy-medeni ösüşleriň gazanylmagyna, ýürekdeşlik hem dost-doganlyk gatnaşyklarynyň asyrlara uzamagyna hyzmat etjek şol uly wakalaryň ýaňy, taryhy döwrümiziň şanyna çalynýan ajaýyp mukam ýaly bolup, henizem gulaklarymyzda ýaňlanyp durandyr.
Elbetde, şeýle! Bu ýerde asla ulaltma ýok. Hatda şahyrana sözleriň özi hem şol wakalaryň süňňünden syzylyp, dilimize gelýär. Biz şeýle sözleri bir ýerlerden gözlämzok! Sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan başlap, ähli çäreler ýene bir gezek biziň ýurtlarymyzyň her biriniň ýüzüni görkezdi. Ýüzüni görkezdi hem sebit üçin, dünýä üçin juda ähmiýetli işler bilen baglanyşykly parasatly sözüni diňletdi. Şoňa laýyklykda aýtsak, hakykatda, adalatly, mert, ynsanperwerlikli işleriň ählisinde adamzadyň pikir-garaýyşlarynyň bir bolmalydygy ýaly, şu gezekki wakalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň pikir-hyýallarynyň birdigini görkezdi. Agzybirlik, doganlyk, halklaryň bolelin, bagtly durmuşy ugrundaky tagallalar ýene bir gezek ýeňiş gazandy! Köňüller — bir, maksatlar — bir.
Ata-babalarymyzyň ýaşan, guran, döwran süren, durmuşy gülleden topragynda mydama şeýle bolupdyr. Pikir-hyýallar, maksatlar, menziller, işler, aladalar hem tagallalar bir bolupdyr. Şeýle bolanda, bu topraklarda ýaşan ynsanlar, il-halkyň başynda duran hanlar-soltanlar döwletliligiň hem mertebäniň belent derejesine eýe bolupdyr. Gülläp ösen medeniýet, rahatlyk hem eşret diňe şu ýol bilen gazanylypdyr. Bu halklaryň uzak geçmişlerden gaýdýan şöhratly taryhynyň, şol taryhyň dowamynda adamzat ösüşlerine tizlik beren ylmynyň, edebiýatynyň, sungatynyň, ýaşaýyş medeniýetiniň biri-birine juda ýakynlygy, hatda bölünmezligi şunuň bilen baglanyşyklydyr.
Geçmişiň iň gowy sapaklaryny kabul edip almak bilen, olary döwrüň parasadynyň Gün deňine galmagy üçin peýdalanmagyň nähili zerur netijeleri berýändigini şu bäş döwletiň özara gatnaşygynyň, hyzmatdaşlygynyň mysalynda görmek bolar. Bular abadançylygyň hem ösüşiň ýagty ýolundan barýarlar diýip hem arkaýyn aýdyp bileris. Ine, şonuň bilenem biziň sebitimiz dünýäniň abadan, nurana sebiti derejesine eýe bolýar. Munuň şeýle bolmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň, sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky başlangyçlarynyň, tagallalarynyň belli bir bahasynyň ýokdugy düşnüklidir. Hut hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzda bu ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň abadançylyk baradaky başlangyçlary, taryhy tagallalary bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän we dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýan şeýle başlangyçlar, tagallalar diňe öz halkymyz üçin däl, dünýä halklary üçin örän bähbitlidir. Şu ýerden hem biziň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatçy, adamzadyň bagty ugrunda ýadawsyz göreşiji hökmündäki işleriniň milli çäklerden çykyp, bütinadamzat gymmatlygyna öwrülýändigine düşünmek mümkindir.
Hormatly Prezidentimiziň garaýyşlaryna esaslanyp aýtsak, aslynda, bu biziň müňlerçe ýyllyk taryhy tejribämiz, ata-baba ýol-ýörelgämiz bilen baglanyşyklydyr. Oguz hanyň nesillerine agzybirlik hakynda aýdanlaryny hemmeler bilýändirler. Şonuň ýaly hem, Oguz han: «Gylyjyňyzdan gan dammazdan owal, diliňizden parasat aksyn!» diýipdir. Mälik şa: «Parahatçylyk bilen gazanylýan ýeňşiň ýanynda ok-ýaragyň güýji hiç zatdyr» diýipdir. Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň biziň döwletliligimiziň goşa ganatydygy hakynda aýdanyny ýatlalyň! Şundan hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzda we dünýäde parahatçylyk dörediji güýçdügine, diňe parahatçylyk arkaly doly derejeli ösüşi, öňegidişligi gazanyp bolýandygyna düşünensiňiz. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ähli ösüşlerimiziň, belent maksatlarymyza ýetmegimiziň esasynda abadançylyk baradaky üýtgewsiz taglymatymyz durandyr» diýen sözi muny has hem aýdyň edýär. Görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk — munuň özi gazanylan iň beýik, iň mukaddes ýeňiş bolsa, parahatçylyk hem ösüş ugrundaky uly işler şol ýeňşi gorap saklamagyň, berkitmegiň iň ygtybarly ýoludyr.
Geliň, ýene Awazada bolup geçen wakalara dolanalyň! Bu ýerde birbada geçirilen alty sany halkara derejeli çäräniň her biri hakynda we biri-birini makullan, biri-biriniň üstüni dolduran ähmiýeti hakynda juda-juda köp zat aýtmak mümkin. Dünýäniň habar beriş serişdelerinde bu barada henizem aýdylýar we ýene aýdylar. Ýakyn we uzak ýyllar üçin ähmiýetlidigine görä, ol möhüm wakalara gaýta-gaýta dolanylyp gelner. Gatnaşygy, hyzmatdaşlygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy ösdürmegiň ähli ugurlaryna täze güýç beren wakalaryň her pursady gymmatly boldy.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda: «Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur» diýdi. Sebitiň ýurtlarynyň dürli ugurdan örän uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady. Şol mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanylmagy biziň ýurtlarymyzyň her biriniň abadançylyk, rowaçlyk, ösüş baradaky bähbitlerine laýyk gelýär. Şonuň bilen birlikde, sebitiň diňe yklymda däl, dünýäde ornuny gürrüňsiz artdyrar.
Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur! Bu dünýä döwletleri babatda aýdylanda-da örän dogrudyr diýesimiz gelýär. Munuň özi Türkmen Lideriniň dünýäni agzybirlige hem abadançylyga çagyrýan syýasatynyň ýaňy bolup eşidilýär. Şonuň üçinem, bu sözi ýene bir gezek ýürekden gaýtalasyň gelýär: adamzadyň bilelikde çözüp bilmejek meselesi ýokdur!
Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37020