Dünýäniň energetika döwleti Türkmenistan elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurt hökmünde barha uly kuwwatlyklara eýe bolýar

Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji, dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şonuň üçinde Türkmenistany dünýäniň energetika döwleti diýip atlandyrmak bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz häzirki zaman halkara hyzmatdaşlyk ulgamynyň iň bir işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolmak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasaty oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika diplomatiýasy hem ýokarlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymatynyň düýp özeni bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň ylmy esasda ösdürilmeginden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýeleýän energetika ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ulgamyň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň energetikany ösdürmekde alyp barýan syýasaty we öňe sürýän başlangyçlary, ilkinji nobatda, energetika ulgamynyň kuwwatyny düýpli artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň durnukly depginini gazanmak bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini öňküden-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygynyň täze derejesiniň esasynda, çalt depginler bilen ösýän kuwwatly energetika insfrastrukturasy emele gelip, elektrik energiýasynyň ulanylyşynyň netijeliliginiň ýokarlanmagy, energiýanyň aýawly saklanylmagy, pudaga innowasion tehnologiýalaryň we döwrebap dolandyryş usullarynyň girizilmegi, ekologiýany gorap saklamak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaklygyň, energiýa göterijileriň halkara üstaşyr geçirilişini deňhukukly we adalatly esasda amala aşyrmaklygyň netijesinde bu meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine elýeterli etmek we elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze energetika kuwwatlyklaryny döretmek, energiýa paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji, dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şonuň üçin-de Türkmenistany dünýäniň energetika döwleti diýip atlandyrmak bolar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, indi birnäçe ýyl bäri türkmen elektrik energiýasy Owganystan Yslam Respublikasyna üznüksiz ugradylýar. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da täze derejä çykarýar. Elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurt hökmünde Türkmenistan barha uly kuwwatlyklara eýe bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu pudagy ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda gurlup işe girizilýän gaz turbinaly elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik togunyň möçberi we kuwwaty barha ýokarlanýar. Hut şonuň üçin-de, Owganystan döwletine iberýän elektrik energiýamyzy iki esse artdyrmaga giň mümkinçilikler açyldy. Aýdylanlaryň aýdyň mysaly hökmünde 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde iri taslamalaryň:

Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň;

Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan, uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň;

Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmeginiň teleköpri arkaly açylyş dabarasy boldy. Bu dabara türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýän nyşan hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Bilelikdäki taslamanyň işe girizilmegi iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Badalga berlen bu taslama iki döwletiň ulag-üstaşyr, energetika kuwwatyny we kommunikasiýa pudaklarynda netijeli gatnaşyklary amala aşyrmak üçin mümkinçiliklere giň ýol açdy we Owganystanda energetika bazaryny döretmekde möhüm ädim boldy. Bu iri taslama Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryndan elektrik energiýasynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine we ýurduň umumy elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam eder.

Akina — Andhoý demir ýolunyň işe girizilmegi Owganystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer. Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, daşalýan ýükleriň möçberiniň birinji ýylda 20 göterim, ikinji ýylda 50 göterim artjakdygy baradaky aýdylanlar bolsa has-da buýsançlydyr. Çünki bu taslama goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça şertleri döreder, onuň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açar, owgan önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de täze iş orunlary peýda bolar. Ulanylmaga berlen bu iri taslamalar goňşy Owganystan Yslam Respublikasy bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy has-da berkidip, hyzmatdaşlyk ulgamynyň işjeňligini barha ýokarlandyrar.

Bu taryhy açylyşlaryň yzysüre, ýagny 15-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy hem ýylymyzyň ajaýyp wakasy boldy. Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş ornunyň döredilmegi-de halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Umuman, asyryň bu beýik taslamalarynyň amala aşyrylmagy Türkmenistan Diýarymyzyň bütin adamzadyň ykbalyna dahylly beýik işleri amala aşyrýandygyny ýene-de bir gezek dünýä aýan etdi.

Goý, dostlukly ýurda ugradylan elektrik energiýasydyr optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlary mährem ojaklara ýagtylygy hem ýylylygy paýlasyn. Bize baky bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Merdan AKMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19456