Dünýä derejesindäki myhmanhana düzümi Türkmenistanyň myhmansöýerliginiň nyşanydyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 19-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täzeçil strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin has oňaýly döwrebap şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanlary bolup durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasy ugry, çäk taýdan amatly ýerde — Ýewraziýa we yklymara gatnaw ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşmegi ýurdumyzyň hem-de sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde baş şäherimiziň abraýyny barha belende galdyrýar. Bu ýerde iri çäreleridir forumlary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezinde ýerleşen eziz Watanymyz häzirki wagtda bu meşhur ýoly täze taryhy ýagdaýlarda gaýtadan dikeltmek işine işjeň gatnaşýar.

Şonuň bilen birlikde Aziýanyň hakyky merjeni bolan Aşgabat işewürlik we syýahatçylyk merkezine öwrülip, daşary ýurtly myhmanlaryň barha köpüsini özüne çekýär. Şeýlelikde, “Garagum” myhmansöýerligiň, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Bularyň ählisi türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri şan-şöhrata eýe bolan häsiýetleridir.

Mälim bolşy ýaly, köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň sentýabrynda badalga berildi. A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň ýanynda, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda gurlan täze myhmanhana-işewürlik toplumy özüniň täsin keşbi bilen tapawutlanýar. Onda gurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy ýörelgeler milli binagärligiň iň gowy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu taslamany durmuşa geçirmek ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän “Rönesans Holding” türk kompaniýasyna ynanyldy.

Oteliň ady bilen sazlaşyklylykda onuň binagärliginde we bezeginde Türkmenistanyň täsin tebigy gymmatlyklarynyň biri bolan Garagum sährasynyň, onuň ajaýyp ýerleriniň keşbi öz beýanyny tapdy. Öz aralarynda sazlaşykly birleşdirilen toplumyň merkezi hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýada salýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa milli keşbi ýatladýar. Garagum sährasynyň çägeleriniň altynsow reňki oteli bezeýän aýnalarda hem öz beýanyny tapdy.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Olaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Täze myhmanhana-işewürlik toplumynyň öňünde sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda saýlanyp alnan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp etdiler.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ýörite münbere barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, dünýäniň dost-doganlyk ýollarynyň bu gün Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Garaşsyz Türkmenistana uzaýandygyny nygtady. Sebäbi hoşniýetli syýasaty alyp barýan Bitarap Watanymyz ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine sebit hem-de halkara gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda mähriban halkymyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi. Bu şöhratly senäniň merdana halkymyzyň otuz ýylyň dowamynda geçen şöhratly ýoluna düýpli göz aýlamaga, onuň netijelerini jemlemäge mümkinçilik döreden möhüm ähmiýetli waka bolandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň dowamynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilýän binalardyr desgalar bagtyýar halkymyzyň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ak şäherimiz Aşgabat we onuň ýanaşyk çäkleri hem gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslenýär. Halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrülen gözel paýtagtymyz depginli ösýän, ähli babatda dünýä nusgalyk häzirki zaman şäherine öwrülýär.

Ata Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat bu gün döretmegiň we özgertmegiň ata-baba däplerine eýerilip gurulýan, ýaşaýjylar üçin hem, oňa gelýän myhmanlar üçin hem ähli amatlyklary bolan şäher hökmünde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Merjen paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gurlan binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Aşgabadyň ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun almagy buýsandyryjy wakadyr. Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň şanyna diňe şu ýylyň özünde şäheriň gözelligine gözellik goşýan binalardyr desgalaryň onlarçasyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berdik. Ynha, bu gün bolsa paýtagtymyzda siziň bilen şeýle dabaraly çäreleriň ýene-de birine gatnaşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen parasatly sözlerine eýerip, halkymyza mahsus bolan myhmansöýerligiň, dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň hem-de parahatçylygyň mekany hökmünde giňden tanalýan berkarar döwletimize gelýän myhmanlary garşylajak ýene-de bir döwrebap myhmanhana toplumyny işe girizýäris.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýiniň bellenilýän ýylynda ulanmaga berilýän täze myhmanhana uly toýumyza mynasyp sowgatdyr. Merjen paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrjak ýene-de bir ajaýyp binadyr. Munuň özi ýurdumyzda şu ýyl ulanmaga berilýän 70-nji iri desgadyr.

Bu bolsa biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli adamlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmegi hemme zatdan ileri tutýan ynsanperwer döwletdiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Şoňa görä-de, bu wakalar mähriban halkymyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Her bir desganyň taslamasy düzülende, onda göz öňünde tutulýan binalaryň ata-babalarymyzyň irki döwürlerden gelýän milli binagärlik däpleriniň häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşmagyna, ýurdumyzyň tebigy gözellikleri bilen sazlaşykly bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu myhmanhana «Garagum» oteli diýlip atlandyryldy. Onuň daş keşbiniň hem özboluşly Garagum sähramyzyň altynsow alaňlarynyň gözelligini ýatladýandygy bu taslamada şol talabyň doly berjaý edilendigini görkezýär.

Milli Liderimiz şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgy setirlerini mysal getirdi. Şahyryň aýdyşy ýaly:

Hatar-hatar kerwen öten,
Gün astynda ýaýlyp ýatan,
Bu Garagum atly Watan...
...Guba çöller Hydyrlydyr!

Ýokarda bellenilişi ýaly, täze oteliň içki hem-de daşky bezegi ata-babalarymyzyň binagärlik we döredijilik däplerini özünde jemleýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz munuň şu ýerde düşlejek adamlara myhmansöýer halkymyzyň ruhy-medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga oňat mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýelejek bu myhmanhanada hyzmatyň häzirki zaman ösen talaplaryna laýyk gelýän şertler döredildi. Ýedi gatdan ybarat, umumy meýdany 6,8 gektar bolan bu ajaýyp myhmanhanada ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň rahat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Myhman otaglarynyň 87-sinde hem gelýän adamlary türkmen myhmansöýerligi bilen garşylamaga we olara hyzmat etmäge ähli şertler göz öňünde tutuldy. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän otelde myhmanlara amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 8 sany işewürlik merkezi, ak öý şekilinde gurlan 500 orunlyk toý zaly, 150 orunlyk restoran, mejlisler we maslahatlar zallary, dürli harytlary hödürleýän dükanlar bar. Mundan başga-da binanyň düzüminde myhmanhananyň edara otaglary, bank hyzmatlaryny edýän bölümçe ýerleşýär.

Biziň halkymyzda «Gelen — döwlet» diýen ajaýyp pähim bar. Şeýle parasatly sözler türkmeniň mizemez göwnaçyklyk we döwletlilik däplerine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze “Garagum” myhmanhanasynyň hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gözel paýtagtymyza gelýän myhmanlara şu däplere laýyklykda, ýokary derejede hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary, watandaşlarymyzy halkymyza we ýurdumyzyň myhmanlaryna uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etjek, ähli amatlyklary bolan, häzirki zaman, kaşaň myhmanhana toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, täze myhmanhananyň işgärlerine bolsa alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteli açylýar. Şol pursat asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda kemala gelýän döwrebap myhmanhana ulgamynyň düzüminiň üstüni ýetirjek bu desganyň gurluşygyň barşyna uly üns berendigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň hut özi onuň gurluşygy bilen ençeme gezek, hut şu ýyl hem tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň taslamalary düzüjilere, binagärlere we gurluşykçylara aýdan anyk bellikleri, maslahatlarydyr teklipleri bu taslamanyň kämilleşdirilmegine hem-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berdi.

Köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteli täsin bezegi, innowasion inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Onuň gurluşygynda, timarlamak işlerinde ýokary hilli serişdeler, şol sanda granit, mermer we beýlekiler ulanyldy. Olary seçip almakda bu serişdeleriň ulanyş häsiýetnamalary, hususan-da, berkligi, ygtybarlylygy, ekologik talaplara laýyk gelýändigi hem-de Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda toplumyň ýokary seýsmiki durnuklylygy üpjün edildi.

Otele girenlerinde, myhmanlar, ilki bilen, ajaýyp bezegi bilen tapawutlanýan giň merkezi eýwana barýarlar. Binada 87 sany otag — 17-si standart, 8-si maşgala, 47-si lýuks, 15-si kaşaň lýuks otaglary ýerleşýär. Olar jemi 204 orna niýetlenendir. Mundan başga-da “Garagum” otelinde medeniýetli dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin degişli düzüm göz öňünde tutuldy. Restoranlar, SPA bölümi, dürli trenažýorlar bilen enjamlaşdyrylan fitnes zaly, üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz, gözellik salony myhmanlaryň hyzmatyndadyr. Bu ýerde 500 orunlyk toý mekany bar. Şeýle hem dükanlar, lukmançylyk nokady göz öňünde tutuldy.

Toplumyň düzümine girýän köpugurly işewürlik merkezinde işewürleriň duşuşyklaryny, gepleşikleri we dürli görnüşli çäreleri geçirmek üçin oňaýly mümkinçilikler üpjün edildi.

Topluma ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Suw çüwdürimleri guruldy, agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, dürli güller ekildi. Toplumyň golaýynda ýaýlyp gidýän täze ýaşyl zolak ýerli landşaftyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ýerde amatly howa ýagdaýynyň döredilmegi tutuş şäheriň ekologik ýagdaýyna oňyn täsir eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň otele baryp, onuň içki bezegi, myhmanlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy we olara hyzmat edilişi babatda döredilen şertler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz myhmanhana toplumynyň restoranyny synlap, bu ýerde zalyň içki bezegine hem-de myhmanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň we tagamlaryň hiline aýratyn üns berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şeýle otaglaryň meýilleşdirilişinde hem-de bezeginde timarlamakdan, reňkleriň öwüşgininden we yşyklandyrylyşyndan, bezegiň elementlerinden başlap, mebelleriň ýerleşişine, degişli enjamlar bilen üpjün edilişine çenli ähli zatlar göz öňünde tutulmalydyr. Stollaryň bezelişine hem aýratyn üns bermek zerurdyr. Içki bezegler işlenip taýýarlanylanda, döredijilik çemeleşmesi zerurdyr. Bu babatda estetika meselesi we myhmanlar üçin has ýokary amatlyklaryň döredilmegi esasy görkeziji bolup durýar. Çünki restoran diňe bir jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň dynç almagy we gürrüňdeş bolmagy, boş wagtlaryny göwnejaý geçirmegi üçin niýetlenen ýerdir. Mundan başga-da şanly wakalar mynasybetli dabaralaryň hem-de köp halatlarda işewürlik duşuşyklarynyň geçirilýän ýeridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow naharlaryň dürli görnüşlerini öz içine alýan restoranyň tagamlarynyň sanawy bilen gyzyklanyp, türkmen aşhanasynyň tagamlaryna ünsi çekdi. Çünki milli tagamlar halkymyzyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, baý taryhy we durmuş ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu tagamlary taýýarlamagyň däpleri aýawly saklanypdyr hem-de nesilden-nesle geçirilipdir.

Häzirki wagtda şu usulda taýýarlanylan tagamlar türkmen halkynyň ähli dabaralarynda ulanylýar. Olar restoranyň tagamlarynyň sanawynyň esasyna öwrülip, daşary ýurtly myhmanlaryň göwnünden turar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Elbetde, bu ýere gelýänlere edilýän hyzmat iň ýokary derejä laýyk gelmelidir.

Milli Liderimiz otel bilen tanyşlygy dowam edip, onuň otaglaryny, şol sanda standart we lýuks otaglaryny synlady. Şunuň bilen baglylykda, derejesine garamazdan, myhmanhana toplumynyň ähli otaglary halkara standartlara doly laýyk gelmelidir. Olarda rahat ýaşamak üçin ähli şertler, şol sanda amatly mebeller, otaglaryň döwrebap enjamlar bilen üpjünçiligi hem-de estetiki aýratynlyklar göz öňünde tutuldy.

Otaglaryň bezegi özboluşlylygy hem-de köp öwüşginli sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Şunda mylaýym reňkler, şol sanda Garagum sährasynyň gaýtalanmajak tebigaty bilen sazlaşýan altynsow we goňras reňkler agdyklyk edýär. Milli bezeg reňkleriň usullarynyň oýlanyşykly ulanylmagy, nusgawy hem-de döwrebap ýörelgeleriň sazlaşykly utgaşmagy içki bezege aýratyn öwüşgin çaýýar. Umuman, munuň özi örän oňaýly we şol bir wagtyň özünde myhmansöýerlik ýagdaýyny döredýär, täze oteliň daşary ýurtly myhmanlar üçin özüne çekijiligini artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň meýilleşdirilişiniň aýratynlyklaryna, onuň içki bezegine, mowzuklaýyn barelýef pannolaryna hem-de tebigaty janlandyrýan täsin suratlara gyzyklanma bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhana-işewürlik toplumy bilen tanyşlygy tamamlap, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra bu ýerde, «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Işewür, wagt tapyp kabul edendigi üçin, döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de milli Liderimiziň bildirýän ynamyna uly sarpa goýup, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda türkiýeli işewür toparlaryň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda dürli ulgamlarda bilelikde işlemegiň üstünlikli tejribesi toplandy. “Rönesans Holding” kompaniýasy Türkmenistanda işlän ýyllarynda möhüm düzümleýin desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny amala aşyrdy. Şol desgalaryň hatarynda köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteli hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýanyň işine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Erman Ylyjak “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini, milli Liderimiziň başyny başlan, Türkmenistanyň innowasion ösüşine, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandygyny tassyklady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň gatnaşmagynda iş maslahatyny g eçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady ep-esli berkidildi. Onuň işine dolandyryşyň döwrebap usullary we innowasiýalary ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, suw süýjediji desgalaryň gurluşygynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny netijeli ulanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde türkiýeli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleri durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň işjeň, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilmeginiň ýardam edýändigini belledi.

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda Türkmenistanda täze elektrik stansiýalaryny gurmaga hem-de bu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, “Rönesans Holding” kompaniýasy ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde Mary welaýatynda “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşdy.

Işewür milli Liderimize türk kompaniýasynyň ýurdumyzda amala aşyrýan işleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtady.

Işewür netijeli işler üçin amatly maýa goýum ýagdaýy we giň mümkinçilikler döredilen ýurdumyzyň işewür hyzmatdaşy bolmagyň “Rönesans Holding” kompaniýasy üçin uly hormatdygyny ýene-de bir gezek nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz binadan çykyp, köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteline sowgat hökmünde täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Soňra milli Liderimiz täze desganyň açylmagy mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdy.

Özboluşly bezegi bilen tapawutlanýan, toý dabaralary üçin niýetlenen jaýda köpçülikleýin çäreleri guramak hem-de sungat ussatlarynyň çykyşlary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek.

Garagum sährasy ýaly giňden düşelen desterhanyň üstünde türkmen topragynda bitýän we ekologik taýdan arassalygy, ýokumlylygy bilen dünýä meşhur bolan dürli önümler görkezilýär. Bu ýerde çörek we çörek önümleriniň örän köp görnüşleri, yhlasly daýhanlaryň netijeli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja we miwe önümleri özüne çekijiligi bilen haýran galdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy bilen daýhanlarymyza hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Sadaka gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän däpleriniň hem-de tagam taýýarlamak babatda iň täze tehnologiýalaryň sazlaşygy esasynda taýýarlanylan milli tagamlar hödür edildi.

Sadaka tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Bir söz bilen aýdylanda, täsin binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan täze myhmanhana toplumyny hakyky sungat eseri diýip atlandyrmak bolar. Agşam çagy ol aýratyn gözel keşbe eýe bolýar. Munuň şeýle bolmagyna köp öwüşginli yşyklar ýardam edýär. Bu ýerde ornaşdyrylan ýöriteleşdirilen enjamlar hem-de sanly tehnologiýalar arkaly günüň şu çagynda suw çüwdürimleri bilen bezelen oteliň daş-töweregi haýran galdyryjy, köp öwüşginli yşyklaryň şüweleňini görkezmek üçin meýdança öwrülýär.

Şeýlelikde, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna beslenen şu ýylda paýtagtymyzyň binagärlik düzüminiň üsti ýene-de bir ajaýyp desga bilen ýetirildi. Ol milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47435