Aşgabat, 3-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.
Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine gözegçilik etmäge hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmaga degişli soraglaryň birnäçesi hem-de beýleki ugurlar boldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, edermen Watan goragçylarynyň birkemsiz gulluk etmegi hem-de oňaýly ýaşamagy üçin has amatly şertleri döretmek arkaly Milli goşunymyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen köpugurly harby özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berildi.
Şu ýyl bellenilýän şöhratly senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk görmek işleri hasabatyň esasyny düzdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen baglylykda işlenip taýýarlanylandygyny we yzygiderli amala aşyrylýandygyny aýratyn belledi.
Milli Liderimiz Goranmak ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, ýaş nesli watançylyk, mukaddes harby borjy birkemsiz ýerine ýetirmek we eziz Watanymyza bolan söýginiň ruhunda terbiýelemegi şolaryň hatarynda görkezdi.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew şanly ýylyň başyndan bäri IIM-niň düzümleri tarapyndan geçirilen işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak we düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şol sanda ýangyna garşy netijeli çäreleri işläp taýýarlamak, Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli düzümleriň işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol düzümler jemgyýetçilik tertibiniň, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň birkemsiz berjaý edilmeginiň hemmetaraplaýyn goralmagyny gazanmalydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, düzgün bozulmalarynyň öňüni almaga, şol sanda ýurdumyzyň awtomobil ýollarynda düzgüniň berjaý edilmegine aýratyn üns berilmelidir. Şu maksat bilen, raýatlaryň, aýratyn-da, okuwçylaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri hakynda giňişleýin düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmek zerurdyr.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýylyň başyndan bäri kanunçylygyň we düzgün-tertibiň berk berjaý edilmegine, dürli kanun bozulmalaryň ýüze çykarylmagyna we öňüniň alynmagyna gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralarynyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunyň rüstemligini üpjün etmek boýunça işe örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Watanymyzyň hakyky demokratik, hukuk döwleti bolmak bilen, geljekde hem milli kanunçylygymyzy bozýanlara garşy barlyşyksyz göreş alnyp baryljakdygyny, olaryň soňuna çykmak üçin degişli çäreleriň görüljekdigini, hut şoňa görä-de, her bir işiň seredilmegine jogapkärçilikli we adalatly çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işler, döwrüň talabyny nazara almak bilen, halkara hukugyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak arkaly ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň işiniň Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň belent maksatlaryna we wezipelerine hemmetaraplaýyn laýyk gelmelidigini belledi. Halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda işleri güýçlendirmegi hem-de kazylaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2021-nji ýylyň iki aýynda ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we raýat jebisligini üpjün etmäge gönükdirilip, amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oňyn jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň saklanylmagynyň türkmenistanlylaryň rahat we abadan durmuşynyň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmek we wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda üstünlikli hereket etmegiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew goňşy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine laýyklykda, Watanymyzyň çäkleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak boýunça aýratyn wezipäniň serhetçileriň üstüne ýüklenendigini hem-de olaryň ene topragymyzda parahatçylygy we asudalygy saklamaga goşandynyň uludygyny belläp, Döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmegiň, serhet galalaryny abadanlaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň ilkinji iki aýynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de hormatly Prezidentimiziň döwlet ösüşi ugrunda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň ygtybarly binýady bolan milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän hukuk özgertmeleriniň wajypdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça degişli edaralar bilen utgaşykly işlemegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy kanunçykaryjylyk tejribesiniň öwrenilmeginiň hem-de onuň täze kanunçylyk namalary taýýarlanylanda peýdalanylmagynyň möhümdigi nygtaldy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi, gullugyň alyp barýan esasy ugurlarynyň biri onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakdan, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, ýurdumyzyň barlag-geçiriş nokatlarynyň işgärleri üçin hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny, amaly we nazary usulda guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat bolan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça şu ýylyň başyndan bäri görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet migrasiýa gullugynyň, onuň ähli düzümleýin bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmagyň, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň hem-de olaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýurdumyzda döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine kanunçylyga laýyklykda eýelik edilişine gözegçilik etmek hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet emlägine aýawly we oýlanyşykly çemeleşmek, milli ykdysadyýetimizi hem-de dolandyryş ulgamlaryny sanly tehnologiýalara geçirmek boýunça möhüm wezipelere ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň iki aýynda harby we hukuk goraýjy düzümleriň alyp baran işleri, umuman, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda duran ähli harby düzümleriň sazlaşykly işlemegini ýola goýmagyň möhümdigini belledi. Watançylyk-terbiýeçilik işiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi, onuň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi üçin degişli çäreleri geçirmek gerek. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, berkarar Watanymyzyň çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň kabul edilendigini belledi. Şonuň esasynda döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de goraglylygyny, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Kanunçylygy berkitmegiň we hukuk tertibini goramagyň ýörelgeleri kämilleşdirilýär. Şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy berkitmekdäki täsirini güýçlendirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, goranyş häsiýetli Harby doktrina esasynda Ýaragly Güýçlerimiziň düzümi häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň ýaraglary we harby tehnikalary bilen üpjün edilýär. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk hem-de iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Alnyp barylýan bu işlerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň bitirýän hyzmatlary aýratyn hormata mynasypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary ýurdumyzyň howpsuzlygyny we goragyny, adamyň konstitusion hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek babatdaky syýasaty durmuşa geçirmek işine yhlasly we tutanýerli zähmetleri bilen işjeň gatnaşýarlar.
Şu maksat bilen, milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde uly hyzmatlary bitirendiklerini nazara alyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly ady dakmak barada karara gelendigini aýtdy.
Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmagy bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Permana gol çekýär.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edýär.
Olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini hem-de döwletimiziň harby gullukçylarymyz barada hemişe alada etjekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly ady dakmagyň dabaraly çäresi geçirildi.
Sylaglananlaryň her biri degişli nyşany kabul edip, watançylyk Kasamyny aýtdy.
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny “Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara döwletimiziň özygtyýarlylygyny, döwlet Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, serhetleriň eldegrilmezligini, parahatçylygy we asudalygy, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.