Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl

Ulag we kommunikasiýa toplumy

2023-nji ýyl milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen döwri hökmünde Watanymyzyň ýyl ýazgysyna girdi. Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze ýollary gurmak meseleleriniň üstünde işlenilýär, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda işler işjeň alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köpşahaly we möhüm ähmiýetli howpsuz halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy bellenilmäge mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly, syn berilýän ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirilipdi. Döwletimiziň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek möhümdir.

Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary derejeli maslahaty geçirmek, şeýle hem bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek bilen bagly başlangyçlary bu ulgamy täze derejelere çykarmaga şert döreder. 2024-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmegi baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy bolsa döwletimiziň ulag diplomatiýasyndaky nobatdaky üstünligidir. Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdeleri bolan we Ýewraziýa giňişligindäki esasy ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ösüşiniň meýillerine laýyk gelýär.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda guralýan ugurdaş pudaklaýyn forumlar gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň şeýledigini 3-4-nji maýda 40-dan gowrak döwletden wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly halkara maslahat we onuň çäklerinde geçirilen çäreler aýdyň görkezýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, maslahatyň çäginde duşuşyklaryň 100-e golaýy geçirilip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekildi.

Aýry-aýry ugurlar boýunça mejlisleriň çäklerinde Türkmenistanyň multimodal üstaşyr merkeze öwrülýän, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde ulag-logistika hyzmatlary bazaryny özgertmek, Merkezi Aziýanyň ählumumy bazar ulgamlary bilen gatnaşyklary, ulag-logistika düzümini ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäklerinde häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek meselesi boýunça onlaýn görnüşde “tegelek stol” duşuşygy geçirildi. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa (CASCA+) halkara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän taslama badalga berildi. Eýranyň we Gazagystanyň demir ýol operatorlarynyň wekilleriniň “CASCA+” geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň düzümine goşulmagy ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine täze itergi berdi.

Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa (CASCA+) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Logistik düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, “CASCA+” ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, awtoulag, deňiz, demir ýol we howa ulaglary bilen ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meseleler duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi.

Ilkinji gezek bellenilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli guralan «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatda we sergide hem bu meselelere garaldy. “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, abraýly halkara, sebit hem-de sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. «Durnukly ulag ulgamynda täze tehnologiýalar we çözgütler», «Durnukly ulag ulgamynda logistika we infrastruktura» atly mejlisleriň dowamynda dünýäniň ulag hyzmatlary bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň geografiýasy we ösüş depgini, bu ugurda netijeliligi, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada goşulyşmagyň we halkara ýük daşamalar giňişliginiň diwersifikasiýalaşdyrylýan şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmakda awtomobil hem-de howa ulaglarynyň orny, töwekgelçiliklere gözegçilik etmek, logistik çykdajylary hasaba almak ýaly meseleler gozgaldy.

Sanly ulgama geçmek we söwda akymlaryny işjeňleşdirmek üçin «Bir penjire» ulgamyny işjeň ornaşdyrmak ulag ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakynda Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmagy bilen baglylykda, harytlar we ulag serişdeleri barada maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamynyň döredilmegini üpjün etmek wezipesi goýuldy. Halkara forumyň çäklerinde Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprüleri, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly we beýlekiler nazara alnanda, Watanymyzyň ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçilikleriniň uludygyny görmek bolýar. Türkmenistan öňdebaryjy kompaniýalardan demir ýol düzümine degişli döwrebap enjamlary satyn alýar. “Türkmendemirýollary” agentliginiň Russiýa Federasiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň kärhanalary bilen baglaşan degişli şertnamalaryna laýyklykda, 2021 — 2023-nji ýyllarda Russiýadan “ТЭП70БС” görnüşli ýolagçy magistral teplowozlary we “2ТЭ25Км” görnüşli magistral ýük teplowozlary, Hytaýdan hem “CKD9A-1” görnüşli magistral ýük teplowozlary satyn alyndy.

Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde saklanýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga ýardam berer.

Deňze çykalgasy bolan ýurdumyz Hazarüsti halkara gatnaw ýollaryna işjeň goşulyşýar we bu ugurdaky kuwwatlyklary doly peýdalanmaga çalyşýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň netijeli ulanylmagy, öz gezeginde, milli deňiz flotuny has-da giňeltmäge, ýükleriň möçberini, üstaşyr geçirilmegini artdyrmaga we daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň “ýaşyl” portlarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler durmuşa geçirildi.

1-nji iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamasyny gowşurdy. Bu resminama ÝHHG-niň «Hazar sebitinde “ýaşyl” portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde berildi. Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alyşmagyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platformanyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgam, öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler. Bar bolan mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, Hazar sebitiniň döwletleri bilen ulag, energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ÝHHG we käbir Ýewropa ýurtlary tarapyndan bu taslama goldanylýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “EcoPorts” güwänamasyna eýe bolmagy oňa Ýewropanyň ulag ulgamyna birikdirilen “ýaşyl” port derejesini berer. Bu bolsa türkmen porty üçin täze mümkinçilikleri açar, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden ýük daşamalaryň netijeliligini we tizligini ýokarlandyrar. Portuň öňdebaryjy infrastrukturasy, düzüm bölekleri diňe bir häzirki wagtdaky islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde ýüze çykjak islegleri hem ýokary hilli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatyna çykarylmagy yklymara ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we türkmen üstaşyr terminallary has gysga hem-de bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasyna öwrüler. Portuň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy Hazar deňzi sebitine uly göwrümli we agyr ýükleriň ulagyň dürli görnüşleri bilen getirilmeginiň aýratynlyklary, olaryň biziň ýurdumyzyň çäklerinden Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirilmegi babatda hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam eder.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody milli gämi gurluşygy pudagynyň kemala gelmegi üçin möhüm binýady emele getirýän ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň düýpgöter täze önümçilik ugrudyr. Häzirki wagtda bu ýerde deňiz düýbüni çuňaldyjy gäminiň we iki sany ýük gämisiniň gurluşygyna girişildi. Olaryň ulanyşa berilmegi Türkmenistanda gurlan gämilerde milli önümleri daşamaga mümkinçilik berer.

Öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak, aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurulmagy iki ýurduň arasyndaky ulag, söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder. Geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy, Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi hem işe giriziler. Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Bu taslamalar ýurdumyzyň sebitlerini gysga ugurlar bilen baglanyşdyrmaga we ulag akymlarynyň ygtybarly, bökdençsiz ugruny işe girizmäge mümkinçilik berer. Diýarymyzyň gündogar sebitini onuň merkezi we günbatar sebiti bilen birleşdirýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň işe girizilmegi goňşy Özbegistanyň ýük awtoulaglarynyň Hazar deňziniň kenaryndaky Halkara deňiz portuna, ondan aňryk deňiz ýollary arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmagyny üpjün eder.

Dünýä belli «Iran Khodro», «Hyundai», «Toyota», «PAZ», «KamAZ», «Yutong» kompaniýalaryndan yzygiderli satyn alynýan ýolagçy awtobuslarynyň, ýeňil awtomobil taksileriniň we ýük ulaglarynyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri dowam etdirilýär. 15-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geçen ýylyň dowamynda, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ygtyýaryna satyn alnan öňdebaryjy “Toyota” ýapon önüm öndürijilerinden kiçi we orta göwrümli döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň ýüzlerçesiniň ýurdumyza gelip gowşandygy barada habar berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň emele getirilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Şäheriň ýol-ulag düzüminiň kadaly işlemegi üçin Hytaýdan elektrobuslar we elektromobiller, şeýle hem olaryň zarýad beriji enjamlary satyn alyndy. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň elektrik ýolagçy awtobuslarynyň, elektromobilleriniň hyzmatlaryndan amatly peýdalanmak üçin “Duralga” mobil goşundysynyň “QR-kod” hyzmaty, taksi sargyt etmek üçin ygtybarly programma üpjünçiligi bar. Ýolagçylardan nagt däl tölegleri kabul etmek üçin düzümler göz öňünde tutulandyr. Elektrobuslaryň kömegi bilen ulaga münýän we düşýän ýolagçylaryň sanyny awtomatik usulda hasaplap bolýar.

Ulaglaryň sürüjilerini ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara ülňülere laýyklykda taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Mary welaýatynyň Mary şäherinde we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde awtotürgenleşik meýdançalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe awtomobil ulaglary pudagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýär we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz bu gadymy ýoluň dünýädäki taryhy ähmiýetini gaýtadan dikeltmäge uly ähmiýet berip, ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen möhüm taslamalary durmuşa geçirýär. Howa ulagy pudagyndaky gatnaşyklar 50-den gowrak halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň, Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň hem-de Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, şeýle hem Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Bu pudak soňky döwürde uly ösüşe eýe boldy, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman howa menzilleri guruldy. Ýurdumyzyň howa gämileriniň üsti iň täze uçarlar bilen doldurylýar. “Airbus A330-200P2F” kysymly iki sany ýük uçary satyn alyndy. Ýük daşamak işini amala aşyrmak üçin Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat, Aşgabat — Hoşimin — Aşgabat, Aşgabat — Milan — Aşgabat ýaly täze ugurlar açyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýük gatnawlary ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan halkara ölçeglere doly laýyk gelýän ýokary hilli ulag hyzmatlaryny hödürleýär, olaryň ygtybarlylygy üpjün edilýär. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzyň Halkara howa menzili däl-de, sebitleriň howa menzilleri hem islendik kysymly we ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr.

Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden, hususan-da, “Boeing” kompaniýasyndan uçarlary satyn alýar. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň awiaparkynyň üsti «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary bilen ýetirildi. Şu görnüşli uçaryň ikinjisi şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyza getirildi. Türkmenistanda bar bolan awiaparkyň netijeli giňeldilmegi strategik häsiýete eýe bolup, ykdysady we üstaşyr bähbitleri gazanmagy maksat edinýär. Milli awiakompaniýamyzyň Aziýanyň iň howpsuz awiakompaniýalarynyň biridigi hasaba alnanda, onuň sebit gatnawlarynda öňdebaryjy bolmagy üçin ähli şertler bar. Häzirki wagtda dürli ýurtlar bilen howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Pudagyň düzümleýin desgalarynyň işi hem kämilleşdirilýär. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýän desgalar dürli görnüşli uçarlary talabalaýyk saklamak we tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny döwrebap derejede, halkara talaplara laýyklykda gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň üstaşyr uçuşlar we uçarlaryň ýangyjynyň üstüni dolmak üçin ýurdumyzyň howa giňişligini peýdalanmaga bolan gyzyklanmalary görnetin artdy. Howa gatnawlarynyň işjeňligi hem yzygiderli ösýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalary Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky has gysga, iň täze dolandyryş, nawigasiýa tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan ugurlar boýunça hereket etmegi ileri tutýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi awiasiýanyň we döwrebap dikuçarlaryň netijeli ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylyň 24-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýanynda ýerleşýän täze desgalaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Döwlet Baştutanymyz we Gahryman Arkadagymyz dikuçarlaryň ýagdaýy, olara edilýän tehniki hyzmatlar bilen gyzyklandylar. Şeýle-de türgenleşik nokadynda dikuçarlaryň uçarmanlaryny taýýarlamak üçin niýetlenen döwrebap, sanlylaşdyrylan ýörite türgenleşik tehnologiýasynyň aýratynlyklary synagdan geçirildi.

Halkara ülňülere laýyk gelýän hem-de maglumat alyşmagy ýokary hilli üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez hökmünde, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ähmiýetiniň barha artmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň telekommunikasiýa pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Şonuň netijesinde, simli, ykjam we internet ulgamlary bilen iş alyp barmagyň görkezijisiniň hem-de ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli geçirijiler arkaly guralýan aragatnaşyk kanallarynyň sany artýar.

Ählumumy derejede maglumatlaşdyrmak we internetleşdirmek hadysasy durmuşymyzda hem-de işimizde düýpli özgerişliklere, köp hyzmatlaryň awtomatlaşdyrylmagyna getirýär. Hojalygy ýöretmegiň bazar ulgamyna geçilmeginiň şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanmak Türkmenistan üçin zerurlyga öwrüldi. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen deň gadam urmak babatda öz öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň möçberine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde-de internetiň giňden elýeterliligini üpjün etmek arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýär.

Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň düzümleri tarapyndan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjy öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri üçin tölegleri töläp bilýär. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, ýakyn geljekde hyzmatlaryň görnüşleri giňeldiler. Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly arkaly pasporty hasaba almak, wizalar, sürüjilik şahadatnamalary, pensiýalar we kömek pullary, salgytlar, iş üpjünçilik, umuman, telekeçilik işinden başlap, durmuş ugurlaryna çenli ençeme beýleki meseleler boýunça onlaýn tertipde ýüz tutup bolar. Internet sahypasyna girýänlere amatly bolar ýaly ol iki dilde — türkmen we rus dillerinde köpçülige ýetirilýär.

Elektron hyzmatlaryň ösdürilmegi täzeçil tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen bölümler döredilen her bir ministrlikde we edarada degişli programma üpjünçiligini talap edýär. Şeýle hem elektron ulgamyň goraglylygyny üpjün etmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak zerurlygy artýar. Mundan başga-da, tebigy gazyň, suwuň, elektrik energiýasynyň ulanylyşyny hasaba alýan tehniki serişdeleriň, Wi-Fi enjamlarynyň, gurallaryň, IP-týunerleriň, modemleriň önümçiliginiň ýurdumyzda ýola goýulmagy Türkmenistanyň elektron senagat we elektron hyzmatlar ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Konsepsiýada göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparlar döredildi. Olaryň alyp barýan işleriniň çäklerinde “Elektron hökümet” ulgamyny ornaşdyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrebaplaşdyrmak, maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary ulgamyndaky işleri kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek, iri taslamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek çäreleri geçirilýär.

Simli, simsiz aragatnaşygyň, telekommunikasiýa ulgamlarynyň we beýlekileriň işine gözegçiligiň, ony guramagyň ýörelgeleridir umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar. Meýilleşdirilen işleriň amala aşyrylmagy ilatyň, şol sanda oba adamlarynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, halk hojalyk toplumynyň netijeliligini, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, dünýä bazaryna doly derejede goşulyşmagyny we maýa goýum babatda özüne çekijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geçen ýylyň noýabrynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Ýöriteleşdirilen forumyň öňüsyrasynda birnäçe çäreleriň, şol sanda GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy mejlisiniň hem-de sebit arkalaşygynyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň bilelikdäki 29-njy mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Ol halkara aragatnaşyk ulgamynyň möhüm wezipelerini çözmegiň çäklerinde bilelikde peýdalanyljak gurallary işläp düzmäge mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň aragatnaşyk işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze kompýuter, ulgamlaýyn, optiki, hemra enjamlary, durmuşda we edaralarda ulanylýan iş tehnikasy, maglumat tehnologiýalary, sanly ulgamlar, programma üpjünçiligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Maslahatyň maksatnamasy «Sanly transformasiýa: halkara dialog we hyzmatdaşlyk» atly umumy mejlisi hem-de «Sanly transformasiýa: kiberhowpsuzlyk», «Kommunikasiýalaryň geljegi», «Hemra tehnologiýalary, goşundylary we durnukly ykdysadyýeti hereketlendiriji güýç hökmünde hyzmatlar», «Sanly ösüşde döwlet strategiýasy: durnukly, ahlakly, giň gerimli sanly jemgyýeti gurmak» atly iş mejlisleriniň dördüsini öz içine aldy.

Gazanylan üstünlikleriň hatarynda Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasyny uçuryp, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy guwandyryjy üstünlik hökmünde bellenildi. Ol adaty hem-de ýokary mümkinçilikli teleýaýlymlaryň onlarçasyny standart we ýokary derejede alyp görkezmäge şert döredýär. Ondaky iň täze enjamlar multiserwis aragatnaşyk hyzmatlarynyň toplumyny hödürlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ikinji milli emeli aragatnaşyk hemrasyny döretmek hem-de uçurmak boýunça işler alnyp barylýar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugruna ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary hem geçirildi. Olarda aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamynda geljegi uly meýilnamalary hasaba almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, ylmy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam edýän halkara guramalar we degişli düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygy bellenildi.

Maslahatyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk ulgamynyň indiki tapgyryny işe girizmek (IMT-2020/5G)» atly türgenleşik sapagy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar 5G ulgamly giňişligiň ägirt uly bähbitlere eýe bolan aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle-de talyplaryň arasynda yglan edilen «Sanly çözgüt — 2023» atly nobatdaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi.

Şeýlelikde, nobatdaky synymyzda getirilen maglumatlar yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Watanymyzy dünýä ähmiýetli iri halkara üstaşyr ulag we telekommunikasiýa geçelgeleriniň merkezine öwürmek babatdaky strategik maksatlara ýetmek ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň okgunly häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassyklaýar.

(TDH)