Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl

Ulag-kommunikasiýa ulgamy 

                                                                   

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman üstaşyr ulag, logistik düzümlerini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

“Biziň ýurdumyz Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrýar, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar we TRACECA halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda belledi. Geçen ýylda ulag gatnawlaryny gowulandyrmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk tekliplere garamak üçin olar birnäçe iri halkara forumlaryň, ýokary derejedäki duşuşyklaryň gün tertibine girizildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen 2-nji aprelde Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň barşynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategik ugurlarynyň hatarynda ulag ulgamy hem görkezildi. Taraplar Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen, şol sanda ýurdumyzyň Hazar deňzindäki üpjünçilik ulgamlaryny ulanmak arkaly hindi deňiz terminallaryna barýan durnukly Ýewraziýa geçelgelerini emele getirmekde özara ýardam bermek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Çabahar we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda göni gepleşikleri guramagy teklip etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda Prezident Wladimir Putin bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndan köp sanly awtoulag, deňiz we awiasiýa tehnikalaryny satyn alýandygyny, Russiýanyň iri kompaniýalaryna ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli ykdysady taslamalara işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döredýändigini aýtdy. Saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalar toplumynyň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministrliginiň arasynda aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Russiýa demir ýollary” açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň; “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “RDÝ Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda halkara we üstaşyr ýük gatnawlaryndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň hem bardygyny bellemek gerek. 

                                                                   

15-nji iýunda Tähranda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetli ugurlaryny kesgitlemek bilen, bu ýurdy Demirgazyk — Günorta demir ýoly boýunça Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Pars aýlagynyň portlaryna çenli iň gysga ýol hökmünde esasy hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan — Gazagystan — Eýran demir ýolunyň ägirt uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek teklip edildi. 

                                                                   

Şeýle-de Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny ýakyn wagtda durmuşa geçirmek üçin tagallalaryň güýçlendirilmegi zerur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bu taslama Hindistan we Gazagystan hem resmi taýdan goşuldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalar toplumyna, şol sanda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

                                                                   

Biziň ýurtlarymyzyň ulag-kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerine degişli düzümleriň wekilleriniň arasynda Tähranda geçirilen duşuşyklar hem şaýatlyk edýär. Olaryň dowamynda bu ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň «Rasan Rail Pars Co.» kompaniýasynyň arasynda halkara ýük daşamalar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama we «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň «Wagon Bar Caspian» kompaniýasy bilen halkara ýük daşamalar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

                                                                   

29-njy iýunda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde altynjy Hazar sammiti geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada ulag we üstaşyr akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňziniň “mümkinçilikleriň deňzi” diýlip atlandyrylmagynyň hakykatdan daş däldigini belledi hem-de geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynam bildirdi. Şoňa görä-de, kenarýaka ýurtlara port düzümini gurmak we döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitini harytlaryň hem-de hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly, döwrebap, amatly giňişlige öwürmek üçin durnukly, ygtybarly we netijeli logistik ulgamy kemala getirmek babatda uly işler garaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn nygtady hem-de syýasatdan azat bolan konýunkturanyň zerurdygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen gepleşiklerde, hususan-da, ulag ulgamynyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksada — kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek wezipesine gönükdirilmelidigine ynam bildirildi. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biler. Hususan-da, ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziniň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. 

                                                                   

Gepleşikleriň jemleri boýunça strategik häsiýete eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Demir ýol ulaglary pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Uzbekiston temir ýullari» paýdarlar birleşiginiň arasynda Ähtnama bar. 

                                                                   

Häzirki wagtda ulag meselesi bilermenler bileleşigi tarapyndan uly üns hem-de gyzyklanma bilen öwrenilýän ugra öwrülýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmegi zerur hasaplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda belledi. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada — kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biler. Şunda biziň ýurdumyzyň Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňzi we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygy tassyklanyldy. 

                                                                   

Içerki kontinental döwletler üçin ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, 15-16-njy awgustda Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat guraldy. “Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we her biriniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde nygtady. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, bu maslahaty biziň ýurdumyzda geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylda kabul edilen Kararnamasy bilen berkidildi. Bu başlangyjyň möhümdigini wagtyň özi subut etdi, sebäbi ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna, deňagramlylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýän ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şertidir. Maslahatyň ikinji gününde ugurdaş çäreler — halkara ulag we üstaşyr geçelgesini (Aşgabat ylalaşygy esasynda) döretmek boýunça utgaşdyryjy geňeşiň mejlisi hem-de “Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar — Afrika” görnüşinde ulag ministrleriniň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen bagly duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda birnäçe köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. 

                                                                   

17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan bu taslama Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň hemişelik Sekretariatynyň Ulag diplomatiýasynyň halkara merkezi, GDA-nyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri IT tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de taslamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir. Halkara ulag geçelgesiniň sanly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ulaglaryň dürli görnüşini birleşdirýän sebitleýin sanly ulgamy döretmäge mümkinçilik berer. Munuň özi TRACECA agza ýurtlaryň köpüsiniň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň deňze çykalgasy bolmandygy göz öňünde tutulanda, aýratyn möhümdir. 

                                                                   

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Astanada Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna, şol sanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň arasynda kosmos giňişligini parahatçylyk maksatlary bilen öwrenmek we ulanmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparynyň barşynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde ulag-logistika ulgamyna hyzmatdaşlygyň strategik ugry hökmünde garalýandygyny, bu ugurda iki ýurduň port düzümlerini herekete getirmek bilen utgaşykly ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn nygtady. Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Onda taraplaryň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde ulag gatnawlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtandyklary bellenilýär hem-de Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara portlarynyň hyzmatdaşlygynyň zerurdygy aýdylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna Abu-Dabi şäherinde resmi saparyň ikinji gününde geçirilen “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça giň möçberli işler geçirilýär, hususan-da, deňiz ulag düzümi giňeldilýär, täze awtomobil, howa we demir ýol ulag merkezleri hem-de geçelgeleri gurulýar. 

                                                                   

14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Forumda Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe ugry boýunça täze ulag geçelgesiniň has geljegi uly taslamalaryň biri bolup biljekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugur boýunça ýük daşamalary ýeňilleşdirmek üçin Bir bitewi logistika merkezini döretmek meselesine garamagy teklip etdi. Duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

                                                                   

Awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän täze ýokary tizlikli awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag binýadynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli doldurylýar, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary doly täzelenilýär, ýol hereketi howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamlary we beýlekiler giňden ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu awtoban Türkmenistanda amala aşyrylýan iň iri ulag taslamalarynyň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna birikdirilmegini üpjün eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda uzak aralyklara ýük daşalmagyny çalt hem-de oňaýly nyrhlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän awtomobil ýoly peýda bolar we ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine oňyn täsir eder. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 8-nji awgustda ulag düzüminiň möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýük hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Ol Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ýol bilen çykmaga ýardam eder. 

                                                                   

24-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň täze desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu döwrebap desgalarda ähli zerur düzümler — edara ediş binalary, duralgalar, sanly hyzmat ulgamlary göz öňünde tutulandyr we ýolagçylar üçin iň amatly şertler döredilendir. Täze ýolagçy awtomenzilleriniň ulanmaga berilmegi häzirki zaman ulag ulgamyny kemala getirmek wezipesiniň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär, ulag gulluklarynyň işine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ulag ulgamy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň — “Toyota”, “Hyundai Universe Luxury”, “Hyundai Universe Noble”, “Hyundai Super Aero City”, “Yutong ZK6129H”, “ПАЗ-32054” ýaly döwrebap ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Olar şäheriçi ugurlarda hem-de şäherara gatnawlarda ulanylýar. Täze ulag ugurlary işlenilip taýýarlanylýar hem-de döredilýär. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň 23-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1000 sany «Toyota Coaster» kysymly orta synply we 250 sany «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Karara gol çekdi. Şeýle hem eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň tehniki parkynyň üsti “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň demir ýol ulagy ulgamy güýçli depginde ösdürilýär hem-de ýolagçy we ýük gatnawlarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýokary tizlikli awtomobil we demir ýollaryň müňlerçe kilometri çekildi, halkara ulag düzümleri döredilýär. Häzirki wagtda Gazagystanyň, Kataryň we Hindistanyň Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgelerine birikmekleri bilen baglylykda bu ugurlar boýunça gatnawlary işjeňleşdirmek, synag ýük gatnawlaryny guramak, bökdençsiz ýük daşamalary üpjün etmek üçin ýüze çykýan meseleleri çözmek maksady bilen, milli operatorlary kesgitlemek arkaly awtomobil, demir ýol ulaglary bilen ýükleri daşamagy amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Pakistan, Owganystan, Hindistan, Russiýa, Gazagystan hem-de Ýewropa ýurtlary ugry boýunça üstaşyr ýük daşamalara, şeýle-de Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça konteýnerli ýük daşalyşy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda ulag kompaniýalarynyň arasyndaky gepleşikleriň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr ýük daşamakdaky kuwwatyny peýdalanmak meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Içerki hem-de halkara ugurlar boýunça ýolagçy we ýük gatnawlarynda bu pudaga aýratyn orun degişlidir. Howa menzillerinde döwrebap ulag geçelgelerini döretmek hem-de olaryň netijeli ulanylmagy döwlet Baştutanymyzyň awiasiýa pudagynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Häzirki wagtda daşary ýurtlar bilen howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler geçirilýär, munuň özi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň we beýlekileriň gurluşygy dowam etdirilýär. 

                                                                   

Halkara ulag geçelgeleri ýaly, häzirki zaman telekommunikasiýa ulgamlary hem uzak aralyklary, dürli ýurtlaryň halklaryny ýakynlaşdyrýar. Ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän asyrynda biziň durmuşymyz telekommunikasiýa ulgamlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň telekommunikasiýalar pudagynyň maýa goýum görkezijileri ýyl-ýyldan ýokarlanýar, netijede, ykjam aragatnaşygyň hem-de internetiň ornaşdyrylyşynyň derejesiniň görkezijisi, ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli ulgamlar arkaly guralýan aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany hem artýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tehnologiýalarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara ylmy maslahaty möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Bu gözden geçirilişe ýigrimä golaý ýurtdan wekiliýetler gatnaşdylar. Olar daşary ýurtlaryň dürli döwlet pudaklaýyn düzümlerine, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijilerdir we iberijilerdir, öňdebaryjy tehnologiýalary, hyzmatlary işläp düzüjilerdir, aragatnaşyk ulgamynyň, programma üpjünçiliginiň iri halkara operatorlarydyr. 

                                                                   

Türkmenistanda innowasiýa, maglumat, kommunikasiýalar tehnologiýalarynyň sanly ulgama geçirilmegini ösdürmek meseleleri, täze hemra we kosmos tehnologiýalary, olara goşundylar, şeýle hem dolandyrmagyň häzirki zaman usullary ylmy maslahatda garalan esasy ugurlar boldy. Foruma gatnaşyjylar aragatnaşyk toplumynyň möhüm ugurlaryny ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler, hemra kommunikasiýa tehnologiýalary, programma önümleri bazary, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de geljekki hyzmatdaşlygyň we maýa goýum mümkinçilikleriniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň çäklerinde talyplaryň arasynda geçirilýän “Sanly çözgüt — 2022” atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. 

                                                                   

Häzirki wagtda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar toplumlarynyň düzümleri tarapyndan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. 

                                                                   

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda 2022-nji ýylyň möhüm wakalaryna bagyşlanan synymyzy tamamlamak bilen, Türkmenistanyň iň täze taryhynyň nobatdaky tapgyrynyň başyny başlap, öňe tarap ynamly hereketini dowam etdirýändigini bellemek gerek. Türkmenistany dünýä ähmiýetli iri halkara üstaşyr ulag hem-de telekommunikasiýa merkezine öwürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler ýurdumyzyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. 

                                                                                                           

(TDH)