Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda Berkarar döwletimiziň her bir sebitinde ösüşleriň ýaýbaňlandyrylýandygyny, özgerişleriň giň gerim alýandygyny duýmak bolýar. Mälim bolşy ýaly, jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ösmegi bilen maglumatlara bolan isleg hem artýar. Aragatnaşyk kommunikasiýalarynyň ýokary derejelere ýetmegi, maglumat alyş-çalyşygyny çaltlandyrmaga mümkinçillik berýär. Bazar ykdysadyýeti döwünde bolsa, şolar ýaly maglumat alyş-çalşygyna bütin jemgyýetçilik, döwlet edaralary, kärhanalar, hususy telekeçiler hem-de ilat tarapyndan bolan isleg barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiz “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary astynda kemala gelýän, halkyň gowy ýaşaýyş-durmuşyna gönkdirilen bazar ykdysadyýeti döwründe bolsa şeýle giňişleýin maglumat alyş-çalşygy has-da möhümdir.
Soňky ýyllarda dünýä ýüzünde maglumat-aragatnaşyk tehnologoiýalarynyň ulanylmagy giň gerimli ösüp barýar. Maglumatlary işlemegiň we geçirmegiň häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakda, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem raýat jemgyýetini sazlaşykly ösdürmegiň çärelerini durmuşa geçirmekde täsirli gural hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem biziň ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegine, hususan-da, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagyna, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäginde “Elektron hökümet” ulgamyna geçilmegi ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň esasynda hem häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilip, sanly ykdysadyýet boýunça öňdebaryjy döwletler bilen aýakdaş gitmekde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Degişli Konsepsiýasiýada ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň maksady we wezipeleri anyk kesgitlenendir. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly elektron resminama dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek, elektron söwda we hasaplaşyk hyzmatlarynyň giň gerimini üpjün etmek, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny kemala getirmek ýaly möhüm wezipeler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar.
Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, elektron resminama alyş-çalşygynyň geriminiň giňeldilmegi döwlet dolandyryş edaralary, kärhanalardyr telekeçiler, ilat üçinem örän peýdaly. Çünki munuň özi işewür aragatnaşyklary amala aşyrmakda wagtyň we serişdeleriň tygşytlanmagyna, dürli resmi maglumatlary derhal we ygtybarly ýagdaýda gerekli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi wagtyň, kagyz, ulag we poçta çykdajylarynyň tygşytlanmagyna, degişli amallaryň guramaçylyk häsiýetli, dürli bökdençliklere sezewar bolmazdan, çalt amala aşmagyna uly ýardam edýär. Şu jähetden alanymyzda maglumat serişdeleri emele getirilende berilýän maglumatlaryň dogry we doly möçberde bolmagy olaryň ýuridiki we fiziki şahslara elýeterli bolmagynyň, howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmeginiň, dürli maglumatlar ulgamlarynyň biri-birlerine sygyşykly ýa-da uýgunlaşdyrylan bolmagynyň özi hem bu ugurdaky ähli işleriň jemgyýet üçin peýdaly bolmagyna, dürli subýektleriň arasyndaky maglumat alyşmakda geçirýän işleriniň ahyrky netijeliligine ugrukdyrylmagynyň ähmiýeti uludyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasiýaly tehnologiýalar, ýokary öndürijilikli maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Munuň özi önümçiligiň täze usullaryny, adamlaryň bilimine we iş endiklerine bildirilýän täze talaplary emele getirýär. Şol sanda sanly ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmäge-de oňaýly şert döredýär.
Şeýlelikde, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmagyň kanunçylyk binýadynyň kemala getirilmegi we döwür bilen aýakdaş ösdürilmegi, bu babatda dünýä tejribesiniň öwrenilmegi barha uly we möhüm ähmiýete eýe bolýar. Goý, şeýle il-ýurt bähbitli işleri amala aşyryp, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyndaky gündelik ýerine ýetirilýän amallarynda ýeňňilliklerden peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň parasatly syýasatlary rowaçlyklara beslensin!
Ogulşirin MYRADOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Dünýä maliýe bazary hünäriniň 3-nji ýyl talyby