Täze ýyladyşhana toplumyndaky döwrebaplyk we sanly tehnologiýalar babatynda ýene-de käbir zatlary aýdyp bolar. Çünki bu ikisiniň sazlaşykly işine tas her ädimde diýlen ýaly gabat gelinýär.
Bu babatda ilkinji aýdylmaly zat ekini suwarmak, şol bir wagtyň özünde-de dökünlemek üçin iň häzirkizaman, kämil gurluşyň ornaşdyrylanlygydyr. Arassa ýerasty çeşmelerden alnan suw ýörite ulgamyň üsti bilen ýene bir gezek süzgüçden geçirilip, başga bir ulgamda oňa ekine berilmeli dökün goşulýar. Tutuş ýyladyşhanada her düýp pomidory damjalaýyn usulda suwarmak üçin hem umumy uzynlygy müňlerçe metre ýetýän ulgam guralypdyr. Bu ulgam inçejik şlangalar arkaly suwy ekiniň düýbüne çenli getirýär.
Toplumdaky ägirt uly çelekleriň biri bolsa suw gory üçin ulanylýar. Ekine bermek üçin taýýarlanylýan suw bu çelekde ätiýaçda toplanylyp, zerur wagty ýörite ulgam arkaly akdyrylýar. Ýyladyşhanalarda bellenen ýylylygy saklamak üçin bolsa «Erensan» kompaniýasynyň öňdebaryjy ýyladyş ulgamy ornaşdyrylypdyr. Kesgitli ýylylygy hemişelik saklamakda tebigy gaz ulanylýar.
Toplumyň sowadyjyly ammarynda hem ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nygtamak gerek. Ammara berkidilen hünärmeniň gürrüň berşi ýaly, onda 120 tonna çenli pomidory saklap bolar.
Ýene bir aýdylmaly zat döwrebap ýyladyşhana toplumynda işgärleriň hünär kämilligini yzygiderli artdyrmak işleriniň hem göz öňünde tutulanlygydyr. Munuň üçin onuň dolandyryş merkezinde ýöriteleşdirilen okuw otagy döredilipdir. Bu otagda tejribeli hünärmenler tarapyndan gysga wagtlaýyn okuw geçirilip, hemmeleriň döwrebap tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarmagy gazanylýar.
Ýokarda agzalanlaryň ählisiniň sanly tehnologiýa daýanyp, awtomatiki ýagdaýda işleýändigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.