Döwrebaplyk — esasy maksat

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi 2021-nji ýyly üstünlikli tamamlap, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny täze maksatlar bilen garşylan kärhanalaryň biridir. Geçen ýylda ýük daşamakdan, ýolagçy gatnatmakdan we gaýry hyzmatlardan alnan girdejiler munuň şeýledigini tassyklaýar.

Geçen ýylda hyzmatlaryň ähli görnüşi boýunça 49 million 865 müň manatlyk girdeji almak meýilleşdirilen bolsa, alnan girdeji 59,1 million manatdan hem geçdi. Şunça girdejiniň agramly bölegi, has takygy, 42,4 million manatlykdan gowrak bölegi ýük daşamagyň hasabyna alyndy. Şeýle hem kärhana ýolagçy gatnatmakdan 14,9 million, gaýry hyzmatlardan 1,7 million manatlyk girdeji gazandy. Şunda ýolagçy gatnatmakda alnan girdejiniň 10,1 million manatlykdan gowragynyň bellenen awtobus ugurlary boýunça gatnawlar arkaly, 4,7 million manatlygynyň sargytlardan gazanylandygyny aýtmak gerek.

Geçen ýyl ýük daşamakda önümçilik birleşigine degişli «KamAZ», «Şteýr», «MMZ», «ZIL», «GAZ» kysymly awtoulaglar ulanyldy. Ýolagçy gatnatmaga bolsa, «Hýundai», «Iran Khodro», «Paz», «Ýutong» kysymly awtobuslar, «Hýundai Elentra» kysymly taksi ulaglary gatnaşdy.

Önümçilik birleşigine degişli kärhanalarda ýük daşamakdan we ýolagçy gatnatmakdan daşary bejeriş işleriniň dürli görnüşleri we käbir binalary kärendä bermek arkaly hem goşmaça girdejiler alynýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň sebitlerindäki awtoulag kärhanalarynyň mümkinçilikleri yzygiderli artdyrylýar. Geçen ýyl «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine hem täze ulaglaryň ençemesi gelip gowuşdy. Olar ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda işjeň ulanyldy. Bu işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýokary depgin bilen dowam etdiriler.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmeni.