Döwrebap tehnologiýalar — ýokary hil

Welaýatymyzyň çäginde möhüm desgalaryň 14-siniň gurluşygy gyzgalaňly dowam edýär. Şolaryň ikisini — Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir ýere jemlemek üçin lagym sorujy bekedi we Çärjew etrabynyň Bitik geňeşliginde ýerleşýän kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgasyndan Çärjew etrabynyň ilatly nokatlaryna suw eltýän ulgamy «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýarlar. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy aýawly saklamak babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa strategiýasynyň Türkmenistanda hem üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda hut biziň welaýatymyzda hem agyz suwy, şeýle hem lagym ulgamynyň arassalaýjy desgalarynyň birnäçesi guruldy. Dünýä ülňülerine gabat gelýän, iň täze enjamlar we tilsimatlar bilen űpjün edilen bu döwrebap desgalar ilimize hyzmat edýär. Lagym ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegi bolsa arassaçylygy we ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün edýän zerur şertleri döredýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, ýokarda atlary agzalan desgalaryň gurluşyklary uly ähmiýete eýe bolýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir ýere jemlemek üçin lagym sorujy bekediň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrynda. Bekediň umumy tutýan meýdany 9 940 inedördül metre barabar bolup durýar. Desgada suw göteriji bekediň gurluşyk-gurnama, daşky abadanlaşdyryş işleri dowam edýär. Bu işleriň agramly bölegi ýerine ýetirildi.  

                                                                   

«Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň direktory Kerim Annaýew desgalaryň ikisiniň hem ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna ulanylmaga beriljekdigini aýdýar. Ol Çärjew etrabynyň Bitik geňeşliginde gurulýan suw arassalaýjy desgasyndan Çärjew etrabynyň ilatly nokatlaryna suw eltýän ulgamyň gurluşygynda hem işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny sözüniň üstüne goşýar. Taslamada göz öňünde tutulyşy ýaly, suw göteriji beketleriň 4-siniň her birinde 500 kub metrlik göwrümi bolan suw howdany, 1-2-nji suw göteriji beketlerde sagatda 610 kub metr suwy beýiklige göteriji elektrohereketlendirijileriň 4-si hem-de 3-4-nji suw göteriji beketlerde sagatda 150 kub metr suwy beýiklige göterijilik kuwwaty bolan elektrohereketlendirijiler gurnalýar. Suw sorujy bekediň gurluşygynyň agramly bölegi ýerine ýetirildi. Suw howuzlarynyň diwarlarynyň demir örtgüleri goýuldy, howuzlary betonlamak işleri dowam edýär. Şeýle hem hususy kärhananyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, uly göwrümli suw geçirijileriň 14000 metri, şeýle hem kiçi göwrümli geçirijileriň 5000 metri gurnalypdyr. Bu işler soňky aralyklarda alnyp barylýar. 

                                                                   

Desgada zerur bolan tehnikalaryň 21-siniň güýjünden peýdalanylýar. Turbalary daşamaga, seplemäge, beton erginini degişli aralyklara daşamaga ýöriteleşdirilen tehnikalaryň sazlaşykly işledilmegi işleriň ilerlemegini üpjün edýär. Umuman alanyňda, 2009-njy ýylda Mämmetnur Annaýew tarapyndan esaslandyrylan «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasy işleri ýokary hilli we gysga möhletde ýerine ýetirmekde, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmakda, kämil inženerçilik çözgütlerini durmuşa geçirmekde geçen ýyllarda baý tejribe gazanandygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň möhüm gurluşyklarynyň aglabasynda bu hususy kärhananyň paýy örän uly saýylýar.  

                                                                                                           

Ilmyrat DÖWLETOW.