Ýagtylyk — ýalkym, ýakym ýa-da nurana geljegiň hatyrasyna gurlan döwrebap senagat desgasy hakda kelam agyz

Ýagtylyk ynsan durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Çünki ýagtylyk bu jahanyň giňişligi. Şonuň üçin bolsa gerek, ata-babalarymyz ýagtylygy – şamçyraga meňzedipdirler. Uzak ýola sapara ýa-da argyşa gidýän ýolagçylara «Ýoluňyz ak bolsun!» diýilmeginiň aňyrsynda-da, ýagtylyk, ýagty ýol bilen bagly çuňňur many ýatyr. Durmuşdan tejribesi ýetik pederlerimiz ylym-bilimi hem perzentleriň durmuş ýolundaky şamçyrag, ýagtylyk, yşyk saýyp, olaryň bilimden ýüki ýetik ynsanlar bolup ýetişmeklerini isläpdirler. Her ädimde nesillerine öz döwrüniň sowatly, bilimli adamlary bolmagyny ündäpdirler. Şeýdibem, nesilleriň dünýä ylym-bilim arkaly akyl ýetirýän, tüm gijeleri gündize öwürýän ýagtylyga, ýyldyrym çaltlygyndaky tizlige eýe bolýan, tebigatyň gizlin syrlaryny açyp bilýän ynsanlar boljakdygyna berk ynanypdyrlar. Nesillerem öz gezeginde ata-babalarynyň ylym-bilim, durmuş tejribesine eýerip, olaryň ynamyny aňryýany bilen ödäp bilipdirler diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek?! 

                                                                   

Ýaş wagtymyz oba ýerlerinde gyş günleri käýarym güýçli gar ýa-da ýagyn ýagmagy sebäpli elektrik togunyň kesilip, çyralaryň öçýän wagtlary bolýardy. Şonda ulularyň onluk çyranyň peltesini ýakyp, üstünden ýukajyk aýna çüýşesini geýdirip, otagy ýagtylandyrýany ýadyma düşýär. Biziň hemmämiz bolsa sülgüniň çagalary ýaly orta ýazylan saçagyň gapdalynda goýlan çyranyň daşyna üýşerdik. Öçügsije yşyk berýän onluk çyranyň ýagtylygy bizi känbir kanagatlandyryp baranokdy. Onsoň ene-atalarymyz bazara gidenlerinde ýene-de onluk çyra ýa-da panus çyra alyp gelerdiler. Şol çyralaryň ikisini, hatda üçüsini ýaksagam, elektrik çyrasynyň ornuny tutup bilmeýärdi, üstesine-de, ýanýan nebitiň tüssesiniň ysy çykar durardy. Göwnümize bolmasa, şonda öýümizem daralan ýaly görnerdi. Käte çyraň ýagtysyna otagyň diwarynda göwrämizden birnäçe esse uly kölegämizi synlap oturyşymyza uklap galardyk. Emma, muňa garamazdan, özümizden uly uýalarymyzyň şol çyralaryň ýagtysyna keşde gaýap, haly dokandyklarynyň, mekdep okuwçysy bolan jigilerimiziň kitap okap, düzme ýazandyklarynyň şaýady bolupdyk. Şeýle günler gysga-da bolsa, bizi basym ýadadýardy. Haçan-da, obamyza elektrik ussalarynyň gelip, elektrik simlerine zeper ýetirilen sütünleri, olara togy bölüp goýberiji elektrik transformatorlary bejerip, öýümizde ýene-de elektrik çyralary ýalkym saçanda, özümizi täzeden dünýä inen ýaly duýardyk. Begenjimizden ernimiz ýerine gelmezdi. Öýümizem, göwnümizem, umuman, bütin dünýämiz giňän ýaly bolardy. Şeýle ýagdaýlarda ýaşulularyň: «Sadagasy boldugym, elektrik togunyň ýagtylygynyň eşretini görmegiň özem jana lezzet» diýýän sözlerini häli-şindi eşiderdik. Şol wagtlar bu jümlelere doly akyl ýetirmesek-de, soň-soňlar elektrik energiýasynyň adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegidigine, asla şonsuz durmuşyň kyndygyna göz ýetirdik. Bu, hakykatdan hem, şeýle. Biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan elektrik energiýasyna häli-şindi täzelikleri diňläp, tomaşa edýän radiodyr telewizorlarymyzam, kir ýuwujy, öý süpüriji, otaglarymyzy sowadyjy, saçymyzy guradyjy enjamlarymyzam, tikin tikýän maşynlarymyzam, eşikleri ütükleýän ütügimizem, iş otagymyzdaky kompýuterdir hemişe diýen ýaly ýanymyzda göterýän el telefonlarymyzam, önümçilik kärhanalaryndaky enjamlardan başlap, zawoddyr fabriklerimiziň önümçiligi, mahlasy, her ädimimiz elektrik energiýasyna bagly. Şonuň üçin elektrik energiýasynyň häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň gözbaşynda duran hereketlendiriji güýçdigi ikuçsuzdyr. 

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäde elektrik energiýasyny almagyň birnäçe alternatiw usullary peýdalanylýar. Olaryň arasynda ýelden, Günden, suwdan, ösümlik dünýäsinden, tebigy gazdan we beýlekilerden elektrik energiýasyny almak arkaly durmuşymyzyň many-mazmuny baýlaşdyrylýar, ösüş gazanylýar.  

                                                                   

Biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, elektrik energiýasynyň kuwwatlylygyny artdyrmakda, ýurdumyzy doly elektrofikasiýalaşdyrmakda, önümçilik kärhanalaryny awtomatlaşdyrmakda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň elektrik energiýasyna bolan islegini doly kanagatlandyrýar, zawoddyr fabriklerde döwrebap şertlerde höwesli işlemäge ruhlandyrýar. Şu ýerde ilaty elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün edýän elektrik enjamlaryny abatlamagyň, bejermegiň, gaýtadan dikeltmegiň bu ulgamda alnyp barylýan işleriň bökdençsiz ýola goýulmagyna şert döredýändigini bellemek zerurdyr. Bu babatdaky meseleleriň doly çözülmegi göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň düýbi tutulypdy. Üç gektar meýdanda ýerleşýän bu desganyň gurluşygyny Türkiýäniň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş» kompaniýasy amala aşyrdy. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bolsa, bu desganyň gurluşygy tamamlanyp, 20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda onuň açylyş dabarasy geçirildi. Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen bu täze desganyň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde hem-de senagatlaşdyrmakda, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda, innowasiýa tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Merkeziň şu ugur boýunça sebitde ýeke-täk desgadygy, onda iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda «General Electric» kompaniýasynyň gazturbinalarynyň abatlanyljakdygy, şeýle hem bu ýerdäki koordinataly ölçeg we 3 ugurly mehaniki taýdan işläp bejerýän stanoklaryň sanly tehnologiýalaryň binýadynda işlediljekdigi, netijede, hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigi ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Ylaýta-da bu desganyň iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy baradaky «The London Energy Club» kompaniýasynyň güwänamasynyň, şeýle hem Germaniýanyň «Duisburg-Essen» uniwersiteti tarapyndan (GFR) Aşgabatda açylan bu täze Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy ýurdumyzda tebigat bilen jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilýändiginiň tassyknamasyna öwrüldi.  

                                                                   

Merkezde netijeli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilendigi, ýöriteleşdirilen enjamlaryň 55-siniň gurnalandygy, mundan başga-da toplumyň ugurdaş bölümleri, barlaghanany, edara binasyny, mejlisler jaýyny, arhiwi, ammary, tehniki, kömekçi jaýlary we beýleki zerur düzümleri öz içine alýandygy, şeýle hem bu ýerde işgärler üçin lukmançylyk otagynyň, aşhananyň hem-de naharhananyň göz öňünde tutulandygy ildeşlerimiziň döwrümize bolan buýsanjyny, nurana ertirlere bolan ynamyny artdyrýar. 

                                                                   

Hawa, biziň öýlerimiziň ýagtylygy – durmuşymyzyň, ömrümiziň ýagtylygy, bir-birege bolan hormatymyzyň ýakymlylygy. Ildeşlerimiziň her biriniň döwrebap şertlerde işlemekleri, abadan durmuşda rahat ýaşamaklary üçin il-ýurt bähbitli şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.  

                                                                   

Goý, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, berkarar ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan döwletli tutumlary hemişe rowaçlyga beslensin! 

                                                                                                           

Aýnabat ATAÝEWA,

                       

«Bereketli toprak».