Döwrebap mümkinçilikler ösdürilýär

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary depginlerde ösýär. Bu ösüşler sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly alnyp barylýar. Maglumatlar zamany bolan häzirki döwürde sanly tehnologiýalar ähli ugurlaryň ösmegine oňat täsirini ýetirýär.

Telekommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň, şol sanda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşýar, olaryň ösmegine, kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde sanly ulgamyň ähmiýeti uludyr. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýetdäki üstünliginiň esasy şerti bolup durýar. Sanlyja ýyllaryň içinde Türkmenistan kosmosy we innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde köp öňegidişlikleri gazanmagy başardy. Şeýle hem ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we durmuşa geçirilýän beýleki işler ösüşiň bu ugrunyň üstünliklere beslenýändigini beýan edýär. Bilşimiz ýaly, ylmy-tehnologik ösüşiň halkara hukuk esaslary bu ugurda ýüze çykýan her bir täzelige laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Maglumatlar tehnologiýalarynyň, ösen telekommunikasiýa torlarynyň, internetdir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, elektron resminamalar dolanyşygynyň, sanly ykdysadyýetiň giň ähmiýete eýe bolmagy bilen, bu ugurlarda ýokary derejeli kämil bilimli milli hünärmenleriň ýetişdirilmegini talap edýär. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmäge goşant goşjak hünärmenler kemala getirilýär. Milli bilim we ylym ulgamlaryny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça yzygiderli geçirilýän özgertmeler öz oňyn netijesini hem berýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Bilim-ylym ulgamynyň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şol sanda internetiň hem-de elektron kitaphanalaryň umumy ulgamynyň üsti bilen dünýä maglumatlar goruna çalt aralaşmagyň usullary hem giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurlar boýunça taýýarlykly, ýokary derejeli hünärmenleri ýetişdirmäge hem döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini we bilim, ylym ulgamlaryny ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Pälwan NURMEDOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.