«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» netijesinde halkara standartlaryna laýyk gelýän döwrebap enjamlary, tehnologiýalary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýetiň maglumat, görkezijiler ulgamyny hem-de usulyýetini işe girizmek üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi dünýä ösüşiniň çalt özgerýän häzirki şertlerinde gönüden-göni ykdysadyýetiň netijeliligini hem-de döwlet düzümleriniň işiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ykdysady nazaryýetiň nukdaýnazaryndan teswirlenende, ozal zähmet maýa goýum we çig mal önümçilik şertlerine degişli bolan bolsa, mundan beýläk innowasion ykdysadyýet şertlerinde onuň düzümine tehnologiýalar, bilim we innowasiýalar goşulýar. Häzirki döwürde sanly görnüşdäki maglumatlaryň ähmiýeti artýar we olar täze ösüş hökmünde häsiýetlendirilýär. Biziň döwletimiz üçin kuwwatly innowasion öňegidişligi gazanmak syýasaty aýratyn özüneçekijidir. Bu ugurda üstünlikler ösüşiň innowasion ýolunyň wajyplygynyň we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, hyzmatlaryň we harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylýar.
Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we innowasiýa ösüş ýoluna geçmek çözgüdi uzak möhletleýin ykdysadyýetiň durnukly ösüşine baglydyr. Ulag we logistika ulgamynyň innowasiýa ösüşini dolandyrmagyň esaslaryny öwrenmek ýurdumyzyň ulag we logistika ulgamy üçin goýlan ähli derwaýys meseleleri göz öňünde tutup, döredilmeli dolandyryş mehanizmini kämilleşdirmelidigi barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Ulag we logistika ulgamynyň innowasion ösüşini dolandyrmakda onuň aýratynlyklary, mümkinçilikleri möhüm bolup durýar. Bu ulgamy ösdürmekde dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bu ugra hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy we gyzyklanmagy zerurdyr.
Ýurdumyzda ulag toplumynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ulag-logistika ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin bu ugurda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugry ösen we täsirli ulag ulgamyny döretmek, hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, içerki we daşarky bazarlarda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek esasy wezipe bolup durýar.
Ulag ulgamlarynyň öňünde durýan maksatlara ýetmek üçin tehnologiki ösüşde öňegidişlik gazanmaly. Bu ýerde innowasiýa esasy orun eýeleýär. Şeýlelik bilen, ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda sanly ulgam öňdebaryjy orny eýeleýär. Geljekde bütindünýä sanly ykdysadyýetiň gurşawyna sazlaşykly goşulmaga ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek üçin häzirki wagtda sanlylaşdyrmak hadysalaryny halkara we sebit derejelerinde bir umumy kadalara getirmeklik möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň düzümini emele getirýän möhüm tehnologiýa binýady kemala getirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda durnukly ösüşi we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, eksportuň kuwwatlylygyny artdyrmaklyga, eksport edilýän önümleriň görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze innowasion ulag tehnologiýalaryň esasynda logistika amallary kämilleşdirmeklige uly üns berilýär. Bu ugurda ägirt uly mümkinçilikler bar. Bu mümkinçilikleri doly ulanmak bilen öz milli harytlarymyzy dünýä ýüzüne ýaýratmaga, hilini ýokarlandyrmaga, internet-söwda hyzmatlaryny amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Goý, berkarar Diýarymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Aýlar USSAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň öwreniji mugallymy.