Döwrebap hyzmatlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýadyny döretmek, onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler pudaklaryň we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, resminama dolanyşygyny çaltlandyrmaga, kadalaşdyryjy resminamalaryň elektron binýadyny kämilleşdirmäge, şeýle-de raýatlara, ýuridik şahslara, hususy telekeçilere edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz innowasiýalary we häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, tehnologik işläp taýýarlamalaryň kömegi bilen «akylly» şäher we «akylly» öý taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şoňa laýyklykda, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylyp, maliýe-bank hyzmatlary kämilleşdirilýär.

Häzir ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olara täze tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar. Dördünji senagat öwrülişiginiň başdan geçirilýän döwründe kompýuter we beýleki maglumat tehnologiýalary adamlaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman dünýäsinde maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýeti ýylyň-ýylyna ýokarlanýar. Olar adama çylşyrymly meseleleri çözmäge ýardam berýär.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda bank hyzmatlary hem ösdürilýär. Milli we dünýä tejribesini öwrenmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, innowasion ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginiň baş şerti bolup çykyş edýär. «Sanly kart» — wirtual ýa-da sanlylaşdyrylan bank karty häzirki wagtda ulanylýan adaty kartlar ýalydyr, ýöne ol plastik göterijisiz gurluş bolup durýar. Ol bankyň şahsy otagynda adaty kart ýaly görünýär we rekwizitleri — belgisini, CVC-koduny (şertli bellikler), hereket edýän möhletini, eýesiniň adyny, atasynyň adyny, familiýasyny we töleg ulgamynyň adyny özünde jemleýär.

Sanly bank kartyndaky elektron maglumat «token» diýlip atlandyrylýar. Wirtual kartda ähli amallar internetiň üsti bilen geçirilýär. Eger eýesi esasy bank kartynyň maglumatlaryny girizmek islemese, kart bir gezeklik bolup biler: ol kesgitli çäk (limit) bilen bir gezeklik söwda üçin goýberilýär.

Wirtual bank karty maliýe amallarynyň köpüsini geçirmäge mümkinçilik berýär. Ulanyjy karta islendik hyzmatlary — eltip bermek, taksi, söwda merkezleri bilen bagly hyzmatlary birikdirip bilýär. Elektron kart eýýäm hereket edýän hasaba goşmaça hökmünde plastikany çalyşmak üçin goýberilip bilner. Şeýle ýagdaýda birmeňzeş balans we hasapdan aýyrmagyň, ýagny ol çykdaja geçirmegiň «umumy taryhy» bolýar. Emma käbir banklar sanly karty aýratyn bank hasaby — debete girizilen ýa-da karz pully özbaşdak önüm hökmünde teklip edýärler.

Aýratyn bank hasaby bilen wirtual bank kartyny döretmek sarp edilýän pul serişdelerini bölmek, meselem, ony dürli görnüşli hyzmatlara birikdirmek we her aýda anyk pul möçberi arkaly üstüni doldurmak üçin zerurdyr. Eger eýesiniň girdejisi üýtgäp durýan bolsa, ýagny ol iş bilen özbaşdak meşgullanýan ýa-da işewürlik edýän bolsa, wagtly-wagtynda tertipli töleg geçirmek üçin aýratyn karta pul serişdelerini goýup bolýar. Kartyň ulanyş möhleti dolan ýagdaýynda, ol awtomatik ýagdaýda uzaldylýar.

Amatlylygy, peýdalylygy we elýeterliligi taýdan sanly kart birnäçe artykmaçlyklary özünde jemleýär. Mysal üçin, ol çalt onlaýna goýberilýär. Bank kartyny almak üçin onuň taýýarlanmagyna garaşmaly däl. Ol awtomatik ýagdaýda şahsy otaga goýberilýär, ähli maglumatlary bolsa ulgam döredýär we bir görnüşe getirýär. Arzany kompýuter ýa-da smartfonlar arkaly müşderiniň şahsy otagynyň üsti bilen iberip bolýar. Öň hasaba alnan müşderilerden goşmaça resminamalar talap edilmeýär. Bankyň täze müşderileri üçin anketa doldurmak we pasportdaky suraty ýükläp ugratmak ýeterlikdir. Eger ol nagt däl hasaplaşyk üçin karz karty bolsa, bank tölege ukyplylygyň tassyknamasyny sorap, degişli kepilnama üçin müşderiniň iş ýerine ýüz tutup bilýär. Bank wirtual karty goýberende we ol ulanylanda töleg almaýar.

Plastik görnüşinden tapawutlylykda, sanly kartda ony ýitirmek ähtimallygy aradan aýrylýar. Üstesine-de, eýesinden başga hiç kim belgä, CVC-koda (şertli bellikler) we beýleki möhüm maglumatlara girip bilmeýär. Sebäbi ähli maglumatlar şahsy otaga girmek üçin parol (açar sözi) we login bilen goşmaça goragly saklanýar. Sanly kart diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak bilen çäklenmän, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we sarp edilýän wagty gysgaltmaga-da mümkinçilik berýär.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, ilatyň abadan durmuşy üçin ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyny şertlendirdi. Munuň özi pudaklarda innowasion-intellektual ulgamlary ornaşdyrmak, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine döwrebap usullary, sanly hyzmatlary, maliýe we karz edaralarynyň iş ugurlaryny sanlylaşdyrmak babatda uly mümkinçilikleri döredýär.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.