Döwrebap desga

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we ilatynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has gowulanýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze elektrik stansiýalarynyň işläp başlamagy netijesinde Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberi ýene-de birnäçe million kilowatt-sagada golaý artýar. Täze döwrebap elektrik stansiýalarynyň hatarynda olaryň ýene-de biri peýda bolýar. Ol Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasydyr.

Gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň döwrebap ulgamy elektrik energiýasyny öndürmekde we energiýa serişdelerini tygşytlamakda aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda 2018-nji ýylyň noýabrynda düýbi tutulan kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy hem ulanylmaga berler. Şu günlerde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Russiýa Federasiýasynyň «Trubnaýa Metallurgiçeskaýa Kompaniýa» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «GAZPROM Schweiz AG» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda getirilýän turba we beýleki önümler desganyň gurluşygyny has çaltlandyrdy.

Häzirki wagtda desganyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyryna gadam goýdy. Ol Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Hitachi Power Systems», şeýle hem Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar. Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megewat bolan gazturbina gurnamalarynyň 3-si işlär. Energo bloklaryndan başga-da edara ediş binasy gurlup, onda döwlet elektrik bekediniň esasy dolandyryş bölümi, gaz paýlaýjy beket, şeýle hem ähli zerur bolan inženerçilik-tehniki ulgam ýerleşýär. Elektrik bekediniň çägi hem gözelleşdirilýär.

Milli hünärmenlerimiz hem gurluşyga işjeň gatnaşýarlar. Desga welaýatyň çäginde ozal ulanylmaga berlen ugurdaş desgalaryň arasynda has kuwwatlysy bolar. Welaýatda öňden bar bolan — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işe girizilen «Lebap», «Watan» ýaly kuwwatly döwrebap elektrik stansiýalary we «Kerki-500» ýaly elektrik bekedi işe girizilen gününden bäri diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň artmagyna hem uly goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatynda iş saparynda bolup, ak pata bermegi bilen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly geçen dabaralar welaýatyň energetikleri üçin uly bir toý-baýramçylygyna öwrüldi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Lebap welaýatynyň elektrik desgalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede döwrebaplaşdyryldy, täze elektrik stansiýalary we beketler işe girizildi, ýene-de möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň dünýäniň şeýle öňdebaryjy desgalaryny gurdurmagy ykdysady kuwwatynyň berkdigini görkezýär.

Şakir TURAÝEW,

žurnalist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37529