Döwre ganat — ak ýollar

Mälim bolşy ýaly, 29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi ulanmaga berildi. Halkara ülňülerine laýyk gelýän şeýle ulag düzüminiň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna hem-de halkara ulag ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny has-da işjeňleşdirmäge ýardam berer. Munuň özi Diýarymyzda kämil içerki ulag infrastrukturasynyň kemala getirilýändigini hem-de onuň Garaşsyz ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge täzeden-täze ajaýyp şertleri döredýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar we täze ulag ýollary yzygiderli gurulýar. Bu bolsa amatly geografik çäkde ýerleşýän döwletimiziň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarda halkara söwda ýollarynyň möhüm düzüm bölegine öwrülmegine mümkinçilik berýär. Ýakynda ulanmaga berlen ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi hem degişli ugurdaky işleri has-da işjeňleşdirmäge uly itergi berer.

Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň başynda badalga berildi. Bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Uzynlygy 203 kilometr bolan täze ýoluň birinji tapgyrynyň — Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy üstünlikli ýerine ýetirildi. Onuň birnäçe halkara güwänamalaryna eýe bolmagy dünýä ulag ulgamynyň möhüm düzüm bölegine öwrüljek bu ýoluň gurluşygynyň häzirki zaman usullarynyň esasynda alnyp barlandygyny aýdyň tassyklaýar.

Merkezi Aziýa möçberinde iri taslamalaryň biri bolan ýokary tizlikli, halkara ähmiýetli bu ýoluň gurulmagy ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatlyklarymyzdan habar berýär. Döwrümize ganat bolan şeýle ak ýollaryň Türkmenistan döwletimiz üçin sebit we halkara hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açjakdygy bolsa şübhesizdir.

Şemşat KIÇIGULOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45671