Döwletliligimiziň altyn şuglasy

Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň gurluşygy üstünlikli dowam edýär 

                                                                   

Milli Liderimiz 2019-njy ýylyň 4-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzda täze şäheri — Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini gurmak hakyndaky taryhy Karara gol çekdi. Şondan bir aý gowrak wagt geçenden soň, 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geljegi parlak şol şäheriň düýbi tutuldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň sebitlerini, şol sanda Ahal welaýatyny ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu beýik özgertmeleriň dünýäsinde Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini gurmak baradaky tagallasy aýratyn ähmiýetlidir, ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bir bölegidir.  

                                                                   

Täze şäher paýtagtymyzdan 30 kilometrlik günorta-günbatarda gurulýar. Munuň üçin 1,5 milliard amerikan dollary möçberinde serişdeler goýberilýär. Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işläp taýýarlan baş meýilnamasyna laýyklykda, iki tapgyrda amala aşyryljak bu ägirt gurluşygyň birinji tapgyry üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz bu tapgyry 2022-nji ýylyň Halkara Bitaraplyk gününe çenli tamamlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Hökümetiň 6-njy maýda geçirilen mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere bu gurluşygyň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.  

                                                                   

Täze şäheriň gurluşygy üçin müň gektara golaý ýer bölünip berildi. Gurluşygyň birinji tapgyry ýedi ýüz gektar çemesi meýdany tutýar. Bu ýerde 258 sany ýaşaýyş jaýy, 64 sany edara binasy, 14 sany inženerçilik infrastrukturasy bilen baglanyşykly desga, şeýlelikde, jemi 336 desga gurulýar. Welaýatyň täze merkezinde smartfon arkaly dolandyrylýan 2, 5, 7, 9 gatly «akylly» ýaşaýyş jaýlary peýda bolar. 

                                                                   

Bu şäher türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde — Köpetdagyň eteginde bina edilýär. Gurluşyk döwründe, ondan soň hem ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezindedir. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher bolar. Bu ýerde tebigy gözelligi saklap galmak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylar. Sanly tehnologiýalar, intellektual ulgamlar ornaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçiriler. 

                                                                   

Şäherde ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketi ýola goýlar. Elektrobuslar, elektromobiller hereket eder. Awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalar gurlar. Gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder. 

                                                                   

Galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz şeýle nygtady: «Häzirki wagtda zir-zibil galyndylarynyň dünýäde uly mesele bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu babatda dünýäniň ösen tejribesinden ugur alyp, galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir». Gahryman Arkadagymyz şäherlerde we ilatly ýerlerde arassaçylygyň berjaý edilmeginiň wajypdygyny belledi, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde zir-zibiller üçin «akylly» gaplary ornaşdyrmak barada aýtdy. Zyňyndylardan dolan wagtynda, şeýle gaplar hapa ýygnaýjy gulluklara habar gönderýär. Bu iş döwrüň sanly ulgamy arkaly dolandyrylýar.  

                                                                   

Ýeri gelende, şeýle bir zada ünsi çekmek isleýäris: bu köne dünýäde ynsanyň durmuşynda täzelikler, täzelenişler öňlerem bolup durupdyr. Biziň döwrümiz munuň juda tizleşen döwri, indi telim asyrlyk özgeriş bir demde bolup geçýär, gözüňi ýumup-açýançaň, durmuşyňy dolap alýar. Soňky birnäçe ýyly göz öňüne getirip görüň! Bir adam ömründe dagy, gör, näçe öňegitmeler, täzelenişler bolup biljek! Eýsem-de bolsa, durmuşyň şeýle okgunlylygy, ozaly bilen, Türkmenistan ýaly tebigy baýlyklaryny akylly-başly ulanmagy başarýan, abadan ýurda mahsus ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda dilimizde, durmuşymyzda täze sözler, düşünjeler hem peýda bolýar. 

                                                                   

Ýaşaýyş medeniýetimiziň özgerişi, zamananyň iň uly mümkinçilikleriniň biziň halkymyz üçinem elýeterliligi bilen baglanyşykly döreýän «akylly» şäher muňa örän aýdyň mysaldyr. «Akylly» şäher ýa-da «smart-siti» konsepsiýasy öňdebaryjy kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we ýokary tizlikli internetiň utgaşdyrylmagyna esaslanýar, şunuň üsti bilen şäher düzümlerini, gulluklaryny takyk dolandyrmagy üpjün edýän bir bitewi ekoulgam ilatyň hyzmatyna berilýär. 

                                                                   

Bu ýerde maglumatlaryň bir bitewi binýadyny özünde jemleýän «akylly» öýler, data merkezi, ýaşaýjylary dürli hyzmatlar we maglumatlar bilen üpjün edýän bitewi elektron goşundy döredilýär. Häzirki zaman sanly hyzmatlary howpsuzlyk we dolandyryş gulluklarynyň dessin täsir etmegini, mysal üçin, daşarky yşyklandyryş ulgamlaryny dolandyrmagy, «akylly» sebetleriň haýsy biriniň zyňyndylardan dolandygy barada degişli gulluga habar berilmegini üpjün eder. Şu ýerde ýene bir zada ünsi çekmek zerur. Dünýäniň ösen «akylly» şäherlerinde sanly ulgamyň şeýle mümkinçilikleri olaryň gurluşyklaryndan soň ýola goýulýan bolsa, biziň şäherimizde gurluşygyň ilkinji binýadyndan, ilkinji kerpijinden başlap hem däl, eýýäm onuň taslamasynda göz öňünde tutulandyr. 

                                                                   

Türkmen gurluşykçylary diňe belli-belli desgalary däl, desgalaryň örän çylşyrymly, dürli-dürli we iň häzirki zaman görnüşlerini, döwrüň öňdebaryjy zawod-fabriklerini gurmaga ukyplydyklaryny doly subut etdiler. Olar döwrebap obalaryň, şäherçeleriň birbada birnäçesini gurmagy-da başarýarlar. Hatda tutuş bir şäheri gurýarlar. Onda-da nähili şäheri! Ýurduň ilkinji «akylly» şäherini! 

                                                                   

Ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary «akylly» öýleri gurmakda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygynda köp tejribe topladylar. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynda hünärmenleriň 15 müňden gowragynyň zähmet çekýändigini aýdyp, olaryň bu ýerde toplan tejribesiniň «Aşgabat-sitiniň» gurluşygynda hem ulanylyp bilinjekdigini belledi. 

                                                                   

Birinji tapgyrdaky desgalaryň gurluşygyna potratçy kärhanalaryň 60-dan gowragy gatnaşýar. Şeýle uly gurluşyk taslamasynyň agramly böleginiň milli gurluşyk kompaniýalaryna ynanylmagy döwletimiz tarapyndan olara bildirilen uly ynamdyr, goldawdyr. Munuň üçin uly möçberli serişdeler hususy gurluşyk kärhanalaryna bölünip berildi. Gurluşyk işleriniň geçirilýän döwründe potratçylar gümrük paçlaryny, birža ýygymlaryny tölemekden boşadyldy. Buýrujylaryň haýyşnamalary esasynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin baglaşylýan şertnamalaryň bahasynyň esasy bölegini maliýeleşdirmäge ýeňillikli karz serişdeleri berildi. 

                                                                   

Tutuş bir şäheri gurmak, onda-da iň döwrebap şäheri gurmak her bir döwlete başartjak iş däl. Biziň ýurdumyzda şeýle şäherler yzly-yzyna gurulýar. Aşgabat, hakykatda, täzeden guruldy diýsek, ýalňyş bolmaz. Awaza uly bir şäher, tutuş bir dynç alyş-syýahatçylyk merkezi ahyryn! Ine, indi bolsa başga bir beýik şäher, «akylly» şäher — Ahalyň täze welaýat merkezi gurulýar. Nesip bolsa, «Aşgabat-sitini» hem bu sanawa goşup bolar, onuň gurulmagy netijesinde beýik paýtagt şäherimiziň çäginde üýtgeşik şäher, iň döwrebap şäher, ýene bir «akylly» şäher peýda bolar diýsek, hakykatdan daş düşmeris... 

                                                                   

...Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi gurlar. Çagalar baglary, orta mekdepler, başlangyç we orta hünär mekdepleri, sungat mekdepleri, saglyk öýleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, beýleki hassahanalar, Ruhyýet köşgi, medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirk, muzeý, häzirki zaman sport toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri, beýleki hyzmat edaralary... Aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Ylmy-önümçilik merkezi... Şäheriň dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik, ulag-aragatnaşyk ulgamlary... Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, milli ýol-ýörelgeleriň dowam edýän döwründe bu ýerde täze metjidiň bina edilmegi hem ähmiýetli bolar. Netijede, şäheriň çäginde birbada 5 500 adam namaza durar ýaly metjit gurlar. 

                                                                   

Täze şäheriň köçeleri, şaýollary belli şahsyýetleriň atlaryny göterse, elbetde, gowy bolar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde aýtdy. Arkadagly Serdarymyz tarapyndan hem bu pikir oňlanyldy. Şeýlelik bilen, hünärine, halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryna laýyklykda, şoňa mahsus edara binalarynyň ýerleşýän köçelerine taryhy şahsyýetleriň atlary dakylar. 

                                                                   

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Serdarymyz täze welaýat merkezine döwrebap at dakmak babatda teklipleriň öwrenilmelidigini aýratyn nygtady. Nesip bolsa, täze şäher öz mynasyp adyna hem eýe bolar. 

                                                                   

Bu şäheriň döremegi Ahal welaýatynyň ilaty üçin örän begençli waka bolmak bilen, biziň umumy ösüşlerimiziň aýrylmaz bölegidigine görä, türkmenistanlylaryň her biri üçin hem şeýle wakadyr. Ol ak mermerli paýtagtymyza egin diräp, zamanamyzyň nur-şuglasyny dünýä ýetirer. 

                                                                   

Täze şäher uly taryhly, hoştap howaly, gözel tebigatly ýaýlada, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä inen topragynda gurulýar. Bu ýerler gadymlardan bäri iň meşhur bedewleriň çykan ýerleri. Tomaşaly toýlar tutulyp, at çapdyrylyp, altyngabak atdyrylan ýerler. Türkmen mukamlarynyň dörän ýerleri. Dürli ugurlardan meşhur şahsyýetleriň kemala gelen ýerleri. Gadymyýetden bäri rysgallylygy, datly ir-iýmişleri bilen tanalan ýerler.  

                                                                   

 Bu ajaýyp mekanda gurulýan täze şäher bilen baglanyşyklylykda ýene şuny aýdasymyz gelýär: 

                                                                   

Ine, şeýdip Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri döreýär. Bu beýik eser beýik özgerişiň, bagtyň, buýsanjyň mukamydyr. Bu eser mizemez döwletliligimiziň altyn şuglasydyr! 

                                                                                                           

Akmyrat HOJANYÝAZ.

                       

«Türkmenistan».