Döwletli maslahatyň döwletli çözgütleri

watandaşlarymyzyň buýsanjyny belende göterdi 

                                                                   

 Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Konstitusion kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna bellenilmegi watandaşlarymyzda uly buýsanç hem guwanç duýgularyny döretdi. Şu mynasybetli, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden redaksiýa köp sanly seslenmeler, buýsançly ýürek sözleri gelip gowuşýar. Biz olaryň birnäçesini okyjylara ýetirmegi makul bildik.   

                                                                   

 Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy:
 

                                                                   

— Şu günlerde biz taryhy wakalaryň täsiri bilen ýaşaýarys. Täze döwür — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ynamly gadamlar bilen barha ýol alýar. Halkymyz Arkadagly Serdarynyň daşyna jemlenip, jebisleşip, Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden döwletlilik ýoly bilen öňe barýar. Halkyň ýoly — Hakyň ýoly. Biziň ýurdumyzda her bir iş halkyň bähbitlerinden ugur alyp, nesilleriň röwşen geljegine gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky başlangyjy halkymyz tarapyndan giňden goldaw tapyp, Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde degişli çözgüt kabul edildi. Halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň bellenilmegi ýokary ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Berkarar döwletimizi dürli ugurlarda belent derejelere ýetirmekde ägirt uly işleri bitiren, döwleti dolandyrmakdaky pähim-paýhasy ählumumy ykrarnama eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bolsa agzybir watandaşlarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Biziň bagtyýar durmuşymyzyň, ösüşlerimiziň we özgerişlerimiziň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem gaýduwsyz zähmeti dur. Biz umumymilli forumyň taryhy çözgütlerine tüýs ýürekden buýsanýarys. 

                                                                   

Milli Liderimiziň: “Öňde durýan wezipeler örän uly, edilmeli işler has köp. Bu işleri biz halkymyz, her bir raýatymyz bilen bilelikde, el-ele berip, agzybirlikde işläp, iş ýüzünde durmuşa geçirmelidiris” diýip nygtamagy her birimizi öňküden-de yhlasly zähmet çekmäge, mähriban Watanymyzyň ösüşlerine öz ornumyzda mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Halkymyzyň döwletlilik ýoly dowam, beýik işler, asylly başlangyçlar mundan beýlägem rowaç bolsun!  

                                                                   

 Rasul SADULLAÝEW,
Daşoguz welaýat salgyt bölüminiň uly inspektory, Mejlisiň deputaty:
 

                                                                   

— Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýan, ýagty ertirimize nur saçýan şanly wakalar bilen şöhratlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyp, ata-babalarymyzdan gelýän milli däpleriň, demokratik ýörelgeleriň täze eýýamda nusgalyk derejede dowam etdirilýändiginiň janly şaýady bolduk. Bu taryhy günde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi biziň buýsanjymyzy has-da artdyrdy. 

                                                                   

Türkmen halky uzak asyrlaryň dowamynda döwletliligiň, agzybirligiň we jebisligiň arzuwynda ýaşap gelipdir. Milli Liderimiz Garaşsyzlygymyzyň hil taýdan täze tapgyrynda halkymyzyň arzuwlaryny wysala ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän beýik tutumlaryň, giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösýär, belent sepgitlere ýetýär. Täze eýýamymyzda millilik, watansöýüjilik duýgulary kämilleşýän jemgyýetiň aňyýetini kemala getirýär. Milli Liderimiz bagta beslenen döwletli döwrany peşgeş beren, egsilmez eşretleri, abadan durmuşda ýaşamak üçin uly mümkinçilikleri döreden beýik Şahsyýetdir. Milli Liderimiz täze taryhy döwrümiziň esaslandyryjysy hem ruhlandyryjysydyr. 

                                                                   

 Täzegül JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy:
 

                                                                   

— Golaýda paýtagtymyzda bolup geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisine gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigi üçin, özümi juda bagtly saýýaryn. Çünki munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ähmiýeti asyrlara ýetjek, örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda milli demokratiýa barha dabaralanýar. Munuň şeýledigini şu uly waka hem ýene bir gezek äşgär etdi. Mälim bolşy ýaly, örän ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda, üstünlikli geçen mejlisiň netijesinde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine ýeke-täk Gahryman Arkadagymyzyň mynasypdygy baradaky ýürekden aýdylýan sözler hemmeler tarapyndan doly goldanyldy. Arkadagly Serdarymyzyň bu baradaky Permany başymyzy gök diretdi.  

                                                                   

Milli Liderimiz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň beýik ýoluny gurdy. Ýaşaýşymyzyň ähli ugurlarynyň öňe gitmegi, dürli kärlerde zähmet çekýän watandaşlarymyzyň işiniň rowaç, durmuşynyň abadan bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edip gelýär. Şonuň bilen birlikde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň ilerlemegi üçin-de ähli şertleri döredip berdi. Hususy telekeçileri ýurduň altyn gaznasy diýip atlandyrmak bilen, ykdysadyýetimiziň barha ilerlemegi, ýokary hilli we dürli önümleriň önümçiliginiň artdyrylmagy babatda Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiler üçin döreden ýeňillikleri, mümkinçilikleri bahasyz taryhy işlerdir.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň — parasatly Milli Liderimiziň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent, tutumly işleri rowaç bolsun!  

                                                                   

 Gözel AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri:
 

                                                                   

— Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylymyz uly üstünliklere beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçen wakalar muny ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen tassyklady. Şol wakalaryň içinde merjen paýtagtymyz Aşgabadyň Maslahat köşgünde geçirilen uly syýasy-jemgyýetçilik çäresine — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisine aýratyn orun degişlidir. Dürli ýaşdaky, dürli kärdäki watandaşlarymyz, şol sanda türkmen ýaşlarynyň wekilleri bilen birlikde bu taryhy maslahata gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, degişli Konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň biragyzdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy, bu barada hormatly Prezidentimiziň Permana gol çekmegi, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri hökmündäki ykrarnamasynyň kanuny taýdan berkidilmegi ýaly ykbal çözüji, möhüm wakalaryň içinde bolandygym üçin juda bagtlydyryn. Mejlisden galan täsirleri hiç mahal unutmarys.  

                                                                   

Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy-da ýaşlar baradaky hem ählihalk, hem umumydöwlet aladasyny örän äşgär edýär. Ýylyň adyny halkymyz saýlady, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bu hakynda karar çykardy, hormatly Prezidentimiz muny oňlady. Şeýlelikde, ýaşlaryň ady bilen gülüp gelen ýylymyz uly taryhy wakalara, üstünliklere beslenýär.  

                                                                   

Biz — türkmen ýaşlary gurujy, dörediji halkyň nesilleridiris. Bütin halkymyz bilen birlikde hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň daşynda mäkäm jebisleşendiris. Biz — ýaşlara öran uly ynam bildirýän, zehinimiziň, döredijilikli zähmetimiziň açylmagy we döwrümiziň ösüşlerine joşgun bilen goşulmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň belent başlary aman, tutan işleri rowaç bolsun! 

                                                                   

 Myratgeldi TÖRÄÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy:
 

                                                                   

— Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna bellenildi. Halkyň teklipleri hem-de bilelikdäki maslahatyň çözgütleri esasynda kabul edilen bu taryhy resminama bizde egsilmez begenç we buýsanç duýgusyny döretdi.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz öz halkynyň, Watanyň öňünde bitiren uly hyzmatlary bilen türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, kanuny esasda ykrar edildi. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda ýurdumyzyň şäherleri, obalary düýpgöter özgerdi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokary göterildi. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, şol işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza çyn ýürekden alkyş aýdýarys.  

                                                                   

Milli Liderimiziň taryhy mejlisdäki çykyşynda: “Biz geljekde-de bu ýörelgelerimize ygrarly bolarys. Ähli raýatlarymyz bilen bilelikde, Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine yhlasly işläris. Munuň üçin şertlerimiz hem, mümkinçiligimiz hem bar” diýip nygtamagy ösüşiň täze belentliklerine çagyryş bolup ýaňlandy. Gahryman Arkadagymyz çuňňur manyly çykyşynda döwletimiziň ýaşlar syýasatyna hem aýratyn ünsi çekdi. «Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys, biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, Milli Liderimiz öz çykyşynda nygtady. Bu belent ynam bizi — ähli bilim işgärlerini döwrüň talabyndan ugur alyp, yhlasly işlemäge borçlandyrýar.  

                                                                                                           

«TÜRKMENISTAN»