Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, halk hojalygynyň pudaklaryny döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň döredijilikli mazmunyny açyp görkezdi.
15-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek ýerleriň we tohumlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini hem-de welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy hem-de bu edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisde Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň düzümini hil taýdan ýokarlandyrmak üçin harby özgertmeleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, Watana wepaly harby gullukçylaryň we ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlygynyň derejesini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny hem-de özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir ýolbaşçylaryna harby we ýörite atlary, hünär derejesini bermek hakynda Permanlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär hem-de bu işler geljekde-de dowam etdiriler.
17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. Esasy ugurlary we bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny we onuň netijeleriniň Hazarüsti ulag geçelgesiniň Ýewropany hem-de Merkezi Aziýany birleşdirýän multimodal, häzirki zaman, durnukly, tiz ugra öwrülmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti netijeli duşuşyk üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlykda Ýewropa Bileleşiginiň täzeçil çemeleşmeleriniň bilelikdäki işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi.
18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Iki ýurduň dürli derejedäki Hökümet wekiliýetleriniň amala aşyrýan özara iş saparlary, geçirilýän maslahatlaşmalar, gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy, iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.
19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy. Mejlisiň dowamynda milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri, döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerasty suwlary ýüze çykarmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, tokaý zolaklaryny giňeltmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde taýýarlanan “Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasyna aýratyn üns çekildi.
Resminama laýyklykda, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, pudaklary we sebitleri okgunly ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň ugurlaryny artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, azyk howpsuzlygyny, ilatymyza ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, kiçi, orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.
Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Maksatnamanyň taslamasynda şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijilere, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalaryna, ýerine ýetirilmeli işlere, welaýatlar we şäherler boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijilerine ýene-de bir gezek seretmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy hödürlenildi. Onuň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etdirmek, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Maýa goýumlaryň uly möçberi durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýyl üçin ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, täze kärhanalaryň ýola goýulmagyna, azyk üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri özünde jemleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz maýa goýum Maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak maksady bilen, hödürlenen taslama ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.
Mejlisde söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hem hasabat berildi. Iş meýilnamalarynda ýurdumyzyň bazarlarynda sarp ediş harytlarynyň bolçulygyny, olaryň bahalarynyň durnukly derejesini üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany, hususy ulgamy ösdürmek, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, haryt dolanyşygynyň, eksportyň möçberini artdyrmak boýunça wezipeler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň iş meýilnamalaryna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna we döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň 2024-nji ýyl üçin işlenip taýýarlanan iş meýilnamalary barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, şu ýylyň birinji ýarymynda paýtagtymyzda “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny” atly halkara maslahaty geçirmek teklip edildi. Onuň gün tertibine ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde bitaraplyk ýörelgeleriniň wajyp gurallaryny ulanmak, syýasy dialogyň medeniýetini dikeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Şeýle hem Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda bu guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak, aprel aýynda bolsa ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti we bu düzümiň çäklerinde hereket edýän Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça komitetiň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak baradaky teklip beýan edildi. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldamak babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda parlament agzalarynyň gatnaşmagynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny geçirmek başlangyjy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullap, abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Mejlisde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada-da hasabat berildi. Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan hususy kärhanalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil goşundyny, ylmy-okuw, aýdym-saz, okuw materiallary, habarlar, dokumental filmler bilen yzygiderli üsti ýetirilýän “Belet Video” hyzmatyny görkezmek bolar. Ýurdumyzda “Elektron hökümet” ulgamynyň döredilmegine, onda dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan “X-Road” arhitekturasy esasynda maglumat alyş-çalyş ulgamynyň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde üpjün edijini saýlamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň döwrüň talabydygyny belläp, «Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda» Karara gol çekdi.
20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedew bilen gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Görkezilen taslamalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, senagat ugurly desgalaryň, muzeýiň, saglyk öýüniň, Ýangyna garşy göreş gullugynyň binasynyň, “Saglyk” seýilgähiniň şekil taslamalary bar.
Bu ýerde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak, şäheriň ekologik ýagdaýy, “akylly” şäheriň ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler, söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi. 2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Ol birinji sylaga arassa ganlylygy we owadanlygy üçin, ikinji sylaga bolsa düşbüligi, ünslüligi üçin mynasyp boldy. Çempionata 200-e golaý it gatnaşdy.
Milli Liderimiz Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidentine degişli güwänamalary dabaraly ýagdaýda gowşurdy we üstünlik arzuw etdi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günleriniň şatlykly wakalarynyň özboluşly nyşany bolan bu ýeňiş mynasybetli hormatly Prezidentimize Şatlyk atly alabaý güjüjek sowgat berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Eser Sukuba uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan terjime edildi. 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu uniwersitetiň hormatly doktory diýen alymlyk derejesiniň berlendigini bellemek gerek.
Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisini görkezmek bolar. Oňa Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglylykda, 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy kesgitlenildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň aýdyň beýany boldy. Ýurdumyzy adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi we döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin iň amatly şertler döredilen öňdebaryjy döwlete öwürmek bu maksatnamalaryň esasy maksadydyr.
(TDH)