Mälim bolşy ýaly, XXI asyrda sanlylaşdyrma hadysasy dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda sanly bilim ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda adamlaryň gündelik durmuşyna, hünär işine barha işjeň ornaşýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek bilen, öz çykyşlarynda döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet dolandyryş we döwlet hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň raýatlar üçin elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Döwleti we jemgyýeti dolandyryş ulgamlarynyň işiniň netijeliligini, aýanlygyny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda täze özgertmeleri amala aşyrarys» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny, gullukçylaryny, şeýle hem magistrleri taýýarlamak maksady bilen, degişli işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistr bilim maksatnamasynyň ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça taýýarlygyň sanly dolandyryş ugruny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Akademiýa taýýarlygyň sanly dolandyryş ugry boýunça kompýuter tehnologiýalary, ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasynyň 4-nji bendinde bellenilişi ýaly, taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi (magistr maksatnamasy) hünär we dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, pedagogik işiň dürli görnüşlerini geçirmäge, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlamagy üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet gullugynyň milli mekdebinde sanly dolandyryş ýaly derwaýys ugruň açylandygyny bellemek ýakymlydyr.
Şeýlelikde, önümçilik gatnaşyklarynyň, hyzmatlar ulgamynyň ösmegi we çylşyrymlaşmagy, tehnologik hem-de düzümleýin ilerlemäniň ýokary depgini, çözgütleriň köpdürlüligi bilen bagly täze şertleriň döremegi dolandyryşyň çeýe görnüşine bolan zerurlygy ýüze çykarýar. Sanly dolandyryşy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen ýolbaşçylar üçin çalt täsir etmäge ukyply dolandyryş gurallaryny döretmek mümkinçiligi peýda bolýar.
Dolandyryş ulgamyny sanlylaşdyrmagyň açary hökmünde kärhanalary elektron-hasaplaýjy maşynlar bilen enjamlaşdyrmak, hasaplaýyş merkezlerini bir bitewi milli tor ulgamyna birleşdirmek, pudaklary dolandyrmagy awtomatlaşdyrmak, hasaplaýyş tehnikalarynyň ähli serişdelerini kuwwatly merkezleriň bir bitewi umumy tor ulgamynda jemlemek ýaly ugurlary görkezmek bolar. Sanlylaşdyryş işine dolandyryşyň ýörite matematik üpjünçiliginiň nazaryýetiniň düýpli täsir edendigi barada bellenip geçilýär. Ykdysadyýetiň, kibernetikanyň, matematikanyň, filosofiýanyň usullarynyň bitewüleşmegi we maglumatlaryň işlenip taýýarlanylmagy, ýagny dolandyryş ulgamlaryna maglumatlaryň täzeden işlenip taýýarlanylmagy üçin matematik usullar we algoritmler esasdyr.
«Kibernetika» grek dilinde «dolandyryş» diýen manyny berip, çylşyrymly ulgamlarda dolandyryş maglumatlarynyň kabul edilişiniň, saklanylyşynyň, özgerdilişiniň umumy kanunyny öwrenýär. «Kibernetika» adalgasy 1948-nji ýylda janly bedenlerde we jemgyýetde maglumat alyş-çalşygy hem dolandyryşyň umumy kanunyny öwrenýän ylym hökmünde dolanyşyga girizilipdir.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda sanly ulgamyň işiniň tertibini kadalaşdyrýan ýene-de bir resminama — «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Täze Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Kanunda bellenilişi ýaly, elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki ýa-da ýuridik şahslar üçin elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy.
Şeýlelikde, maksadalaýyklyk we uzak möhletleýin bähbitleriň nukdaýnazaryndan ykdysady hem-de dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegi täze ykdysady syýasatyň möhüm ugurlarydyr, okgunly ösýän sanly tehnologiýalar hojalygy alyp barmagyň adaty görnüşleriniň we usullarynyň üýtgemegini şertlendirýär.
Häzirki döwürde «sanly ykdysadyýet», «sanly dolandyryş», «sanly durmuş goraglylygy» we olar bilen ugurdaş adalgalar ykdysatçylaryň, bilermenleriň giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meselesine öwrüldi. Türkmen alymlarynyň bellemegine görä, munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirmek bolar. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge daşary ýurtlarda üns has-da artýar, sebäbi onuň islendik ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmakda we ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde döredýän mümkinçilikleri örän uludyr. Bu ugurdaky öňde durýan wezipeleri amala aşyrmaga goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda magistr bilim maksatnamasynyň ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça taýýarlygyň sanly dolandyryş ugry girizildi. Akademiýada sanly dolandyryşyň magistr ugrunyň açylmagy geljekki ýolbaşçylary taýýarlamak işiniň kämilleşmeginde täze tapgyry alamatlandyrdy.
Özleşdirilýän mowzuklar talyplaryň sanly ykdysadyýet baradaky esasy düşünjeleri sanly özgertmeleri we sanly gurallary döwlet gullugyna ornaşdyrmagyň ähmiýeti, programma üpjünçiligi hem-de hyzmatlar, maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk baradaky bilimlerini artdyrmaga, gözýetimlerini has-da giňeltmäge ýardam berýär. Şeýle çemeleşme ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijeli häsiýetini şertlendirýär.
«Sanly dolandyryş» magistr taýýarlygy maksatnamasyna laýyklykda, talyplara dolandyryş işinde maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýetde maglumat ulgamlary, sanly dolandyryşyň hukuk üpjünçiligi, döwlet maliýesiniň we bank ulgamynyň dolandyrylyşy, maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyryşy, sosial ylymlarda barlag usullary, sanly ykdysadyýet, maglumat gorlarynyň howpsuzlygy, elektron hökümetiň tehnologiýalary, maglumatlaryň intellektual derňewi, üýtgetmeleri (innowasiýalary) dolandyrmak, dolandyryş ýagdaýynyň seljerilişi we çözgütleriň modelleşdirilişi, pedagogikanyň esaslary we okatmagyň usulyýeti dersleri boýunça sapak berilýär. Guralýan okuwlarda maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň, sanly ulgamlaryň dolandyrylyşynyň esasy konsepsiýalary bilen tanyşdyrmak wezipesine aýratyn ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak, röwşen geljegi nazarlaýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.