Döwlet býujeti: halk bähbidini nazarlaýan özgertmeler ýoly bilen

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tassyklandy. Milli Liderimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, döwletimiziň ykdysady we maliýe görkezijilerini jemleýдn ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy bolan bu Kanun Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda deputatlar tarapyndan biragyzdan kabul edilip, soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan makullandy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Guwançmyrat AGAÝEW, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginiň başlygy Ahmet UWDIÝEW, bu ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasat müdirliginiň halkara bölüminiň baş hünдrmeni Nurmдmmet SEÝITLIÝEW bilen taýýarlanan söhbetdeşligi okyjylara ýetirýдris.

— Söhbedimiziň başynda garaşsyz ösüşiň 30 ýyllygyny giňden bellän ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly işlerden söz açaýsak, ýerine düşerdi.

Guwançmyrat AGAÝEW:

— Ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagynyň we ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Şunda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanyp, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Mundan ötri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipeleriniň biri tehnologik taýdan kämilleşmäge, ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmäge we eksport etmäge esaslanýan innowasion görnüşli döwrebap ykdysadyýeti emele getirmek bolup durýar. Ýurduň birsydyrgyn we durnukly ykdysady ösüşi ykdysadyýeti toplumlaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydyr. Bu işler pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň harytlary daşary ýurtlara çykarmak mümkinçiliklerini artdyrmaga, daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň hasabyna, şeýle hem ýokary goşulan gymmaty bolan önümleri gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmegiň hasabyna içerki bazary harytlar we hyzmatlar bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Senagat-innowasion ösüş ugry we onuň durmuşa geçirilmegi, yzygiderliligi döwletiň hakyky ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Bu bolsa dünýäniň ähli ýurtlaryna diýen ýaly täsirini ýetirýän koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýüze çykan ykdysady çökgünligiň, şeýle hem energiýa serişdeleriniň bahalarynyň düýpgöter peselen şertlerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň galaba pudaklarynyň deňagramly ykdysady ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny saklamaga mümkinçilik berdi.

Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümini kämilleşdirmäge köp möçberde daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirildi. Şeýlelikde, köp pudakly ykdysadyýet emele geldi. Ykdysadyýet dürli ugurlary — elektrik energetikasyny, nebitgazy, maşyngurluşygyny, metallurgiýany, himiýa, gurluşyk, elektron, ýeňil we azyk senagaty pudaklaryny hem-de beýleki ugurlary öz içine alýar. Köp pudaklaryň döremegine, döwrebap ösmegine gönüden-göni kiçi we orta telekeçilik hem oňyn täsir edýär.

«Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan Türkmenistana ilkinji gezek oňyn bahalandyrma berilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly we ýokary depginli ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmaga we karz şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, daşary ykdysady işiň has-da ösmegine ýardam berer.

— Geljek ýylyň Döwlet býujetiniň aýratynlyklary barada, esasan, nämeleri aýdyp bolar?

Annamuhammet SARJAÝEW:

— Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde milli Liderimiziň ýokary ykdysady ösüşi, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygy, maýa goýum işjeňligini saklap galmak syýasaty öz dowamyny tapýar. Munuň özi strategik, orta möhletli, pudaklaýyn, maksatlaýyn we sebitleýin maksatnamalar, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynda kemala gelen ileri tutulýan ugurlar, emele gelýän hakyky ýagdaýlar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Geljek ýylyň möhüm wezipeleriniň biri hem Türkmenistanyň uzak möhletli bähbitlerini has-da netijeli durmuşa geçirmek üçin başlangyç esas döretmekdir. Bu bähbitler innowasion görnüşli, dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşan döwrebap ykdysadyýeti emele getirmekden ybaratdyr. Şu maksat bilen, ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň ösüşini goldamaga gönükdirilen işler geçiriler, ösüşi döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet syýasaty amala aşyrylar.

2022-nji ýylda jemi içerki önümiň (JIÖ) garaşylýan möçberi hereket edýän nyrhlarda 188,2 mlrd. manada deň bolar. Bu bolsa 2021-nji ýylyň derejesinden 7,7 göterim ýokarydyr. Hakyky ykdysady ösüş depgini deňeşdirme nyrhlarda 6,5 göterim derejede emele geler we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uçdantutma ähli pudaklarynyň durnukly depginler bilen ösmeginiň hasabyna üpjün ediler.

Geljek ýylda Türkmenistanyň senagat syýasaty döwletiň strategik meýilleşdirme babatda resminamalarynda we senagat pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda bellenen maksatlaýyn görkezijilere, indikatorlara ýetmek üçin höweslendiriji çäreler arkaly geçiriler. Şeýle hem bu syýasat pudaklary durnukly, innowasion häsiýetde ösdürmäge, milli ykdysadyýetiň ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga we saklap galmaga, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň senagat önümleriniň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, şonuň esasynda ykdysady, tehnologik ulgamlarda Türkmenistanyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdiriler.

Pudaklarda diwersifikasiýa geçirmek, ösüşiň çig mala gönükdirilen ugruny çäklendirmek, ýokary goşulan gymmaty bolan eksporta niýetlenen önümçilikleri, ylaýta-da, işläp bejerýän we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryny örän çalt we durnukly ösdürmek, şeýle hem ýurduň ykdysady kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak senagat syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Şu syýasatyň çäklerinde, hususan-da, aşakdakylar göz öňünde tutulýar:

— senagat işiniň subýektlerini maddy, maliýe, zähmet we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga höweslendirmek;

— zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri görmek we tehnologiýalary peýdalanmak, şol sanda şeýle işi öndürijiligi ýokary iş ýerlerini döretmek we döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen amala aşyrmak;

— getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegini we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek;

— senagat pudaklarynda, aýratyn-da, baý tebigy serişdeleri we dürli görnüşdäki oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän pudaklarda telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmek;

— pudakda innowasiýalaryň we sanly tehnologiýalaryň ulanylýan çygryny giňeltmek.

— Bu resminamada senagat bilen ugurdaş ýene haýsy pudaklardyr ugurlar ileri tutulýar?

Ahmet UWDIÝEW:

— 2022-nji ýylda ýurduň obasenagat toplumynyň ähli pudaklary depginli ösüşe eýe bolar. Munuň üçin şeýle netijeli çäreleriň toplumy, ýagny ep-esli möçberde maýa goýumlary bölüp bermek, seleksiýa işinde innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmak, önümçiligi etraplaşdyrmak, ösümlikleri we haýwanlary goramak ulgamynda ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmakda degişli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda oba hojalyk önümleriniň möçberini suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we suwarmagyň usullaryny kämilleşdirmegiň, ylma esaslanýan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmagyň, ýokary hasyl berýän, gurakçylyga we şorlaşma çydamly görnüşleri döretmegiň, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmagyň, maldarçylyk pudagynda önümliligi ýokarlandyrmagyň, iým binýadyny pugtalandyrmagyň, hojalygy ýöretmegiň tärlerini we önümçilik işlerini çaltlandyrmagyň beýleki usullaryny kämilleşdirmegiň hasabyna artdyrmak maksat edinilýär. Şu nukdaýnazardan, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we eksporty giňeltmek, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň çig mala bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, bar bolan guramaçylyk-tehniki mümkinçilikleri ýüze çykarmak; ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegini üpjün edýän döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak; önümleri giň gerimde gaýtadan işlemek; hususy bölegiň ösüşine mundan beýläk hem goldaw bermek; gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek işleri dowam etdiriler. Bu ugurda ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň ekologik jähetlerine hem degerli üns berler.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply gurluşyk toplumyny emele getirmek, onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak işleri yzygiderli alnyp barlar. Şol sanda gurluşyk materiallaryny öndürýän pudaklary çalt depginler bilen ösdürmegiň hasabyna amala aşyrmak işleri hem öz dowamyny tapar.

Gurluşyk toplumynyň, hususan-da, gurluşyk materiallary senagatynyň ösmegine we gurluşygyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalanmagyna ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen, potrat işleriniň bazarynyň mundan beýläk hem emele getirilmegi gurluşygyň buýrujylary bilen potratçylaryň arasynda maliýe gatnaşyklarynyň sagdynlaşdyrylmagyna-da ýardam eder. Gurluşykda bazar gatnaşyklarynyň ösmegi maýa goýum-gurluşyk işiniň gidişini dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryndan işjeň peýdalanýan bazar gurluş düzümleriniň emele gelmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Geljek ýylda ulag-kommunikasiýa ulgamyny emele getirmek dowam etdiriler. Bu bolsa bitewi ykdysady giňişlik hökmünde ýurduň sebitleriniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşine durnuklylyk bermäge, ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň berýän artykmaçlygyndan peýdalanmaga, goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer. Erkin bäsleşik şertlerinde sarp ediş bazarynyň ösüşi, ozalkylary ýaly, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki hojalyk subýektlerini ösdürmegiň esasynda amala aşyrylar. Ilatyň hakyky girdejileriniň artmagy netijesinde onuň satyn alyjylyk ukybynyň ýokarlanmagy bölek haryt dolanyşygynyň ýokary ösüş depginlerine ýardam eder.

Şu işleriň, şeýle hem durmuş we önümçilik maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, durnukly ykdysady ösüşiň depginli dowam etdirilmegi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň hasaplamalarynda öz beýanyny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň jemlenen görnüşi girdejiler we çykdajylar boýunça 85,6 mlrd. manat möçberde, I derejeli Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň möçberi 25,8 mlrd. manat möçberinde tassyklandy.

— Gürrüňi Döwlet býujetiniň çykdajylary bilen baglanyşdyryp dowam edäýsek...

Annamuhammet SARJAÝEW:

— Döwlet býujetiniň çykdajylary, ilkinji nobatda, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilatyň abadan we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek, durmuş hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak, şeýle hem durmuş goraglylygyny üpjün etmek bilen bagly çäreleri maliýeleşdirmäge gönükdiriler.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Şeýle hem çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilse, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylsa, köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam eder» diýip belledi. Adam barada, ösüp gelýän ýaş nesil barada aladanyň iň naýbaşy nusgasy bolan bu teklip tutuş halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.

Şunlukda, 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyrylyp hasaplandy. Döwlet býujetiniň I derejesiniň çykdajylarynda durmuş maksatly ulgama gönükdirilýän serişdeleriň tutýan paýy 76,1 göterim ýa-da 18,5 mlrd. manada barabar bolar. Şeýle hem býujetde aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeler göz öňünde tutuldy.

— Islendik döwletiň geljekki ösüşinde kesgitleýji täsire eýe bolan maýa goýumlaryň indiki ýyldaky ugurlary, şunda nähili ykdysady-maliýe ýörelgesine eýerilýändigi barada hem aýratyn durup geçäýseňiz!

Ahmet UWDIÝEW:

— Geljek ýylda pudaklaýyn, tehnologik we üznüksiz ösüş babatda işjeň maýa goýum syýasaty alnyp barlar. Şeýlelikde, maýa goýumlaryň uly bölegi ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçilikleri innowasion esasda ýola goýmaga, düzüminde goşulan gymmatyň paýynyň ýokary bolan pudaklara hem-de medeni-durmuş ulgamyna gönükdiriler. Munuň netijesinde düýpli maýa goýumlaryň ösüşi bilen jemi içerki önümiň depginli ösüşini gazanmak göz öňünde tutulýar.

Maýa goýumlaryň tehnologik, sebitleýin düzümlerini kämilleşdirmek maksadyndan ugur alyp, serişdeleri täze gurluşyklara gönükdirmek bilen bir hatarda, olary önümçiligi giňeltmäge, kärhanalaryň durkuny täzelemäge we tehniki-tehnologik taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga gönükdirmäge hem üns berler. Maýa goýum maksatnamasynyň ýene-de bir wajyp ugry serişdeleriň eýeçiligiň görnüşleri boýunça bölünişini kämilleşdirmek bilen baglydyr. Şoňa görä-de, daşary ýurt maýa goýumlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň telekeçileriniň serişdelerini amatly ugurlarda ulanmak göz öňünde tutuldy.

2022-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 36,1 mlrd. manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek maksat edinilýär. Önümçilik-tehniki desgalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň paýy umumy möçberiniň 60,2 göterim we durmuş-medeni ulgamlara gönükdirilýän serişdeleriň paýy 39,8 göterim bolar.

— Resminama, esasan, haýsy girdeji çeşmeleriniň hasabyna berjaý ediler?

Nurmämmet SEÝITLIÝEW:

— Milli maksatnamalarymyzda hem-de pudaklar we sebitler boýunça bellenen maksatnamalarda göz öňünde tutulan esasy maksatlaýyn görkezijiler Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdeji bölegini emele getirmegiň binýatlyk esasy bolup durýar. Şeýle girdejileri aşakdaky ugurlarda iş alyp barmagyň hasabyna üpjün etmek göz öňünde tutulýar:

— ykdysadyýetde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri dowam etdirmek we ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerimizi durmuşa geçirmäge innowasion taýdan çemeleşmek;

— ýokary maýa goýum işjeňligini hem-de innowasion ösüşi dowam etdirmek bilen, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak;

— ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak;

— ykdysadyýetiň köpugurlylygyny gazanmaga gönükdirilen özgertmeleri, onuň gurluş düzümleriniň diwersifikasiýasyny hem-de pudaklary we sebitleri arabaglanyşykly ösdürmek;

— ykdysadyýetiň önümçilik we önümçilik däl böleklerini giňeltmek, kiçi we orta senagat kärhanalarynyň sanyny artdyrmak bilen täze iş orunlaryny döretmek;

— tebigy baýlyklarymyzy has-da rejeli we netijeli peýdalanmak, aýratyn-da, nebitgaz çig malyny çykarmak, gaýtadan işlemek we eksport etmek babatda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek.

Guwançmyrat AGAÝEW:

— Sözümizi jemlesek, 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti bagtyýar döwrümiziň geljek ýylynyň bellenilen sepgitlerine ýetmäge, milli Liderimiziň taýsyz tagallalaryndan, halk baradaky aladalaryndan gelip çykýan parasatly çözgütlerini durmuşa geçirmäge we milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan wajyp maksatlary amal etmäge doly mümkinçilik berer.

Söhbetdeş bolan Hakberdi AMANMYRADOW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47976