Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary arkaly goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy. Iň ýakyn goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklarymyza esaslanýan täze desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bir günüň dowamynda birbada dört sany desganyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwary türkmen-owgan dostlugynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ýene bir sene boldy. Şol gün Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanandygy mynasybetli dabara mähriban Arkadagymyz bilen goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşyp, onlaýn arkaly bu şanly gün mynasybetli birek-biregi gadyrly gutlap aýdan sözleri, iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň has irki döwürlerden bäri dowam edip gelýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Elbetde, Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň açylmagy, bu iki döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyny, halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy üpjün etmäge mümkinçilik döreder. Bu taslama 5 döwletiň arasyndaky «Lapis Lazuly» ulag geçelgesini demir ýol ulgamy arkaly berkitmäge-de ýardam eder. Bu taslamalar yklym derejesinde ykdysady, senagat we söwdany ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän çalt ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlary we hyzmatlary çykarmak üçin mümkinçilikleri açar. Demir ýoly çekmekden başga-da, 30 kilometrlik ýoluň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollary guruldy, konteýner terminallary we beýleki kömekçi desgalar bina edildi we enjamlaşdyryldy. Bu bolsa ýoluň işe girizilmegi bilen daşalýan ýükleriň möçberiniň birinji ýylda 20 göterim, ikinji ýylda 50 göterim artjakdygyny görkezýär. Şol gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Akina menzilinden Andhoý şäherine Türkmenistanyň eksport önümleri guýlan ýük kerweni ýola düşdi.
Açylyp ulanylmaga berlen Kerki — Şibirgan ugry boýunça kuwwaty 500 kilowolt bolan elektrik geçirijiniň işe girizilmegi bilen elektrik energiýasyny ulanýan amallaryň sany owgan döwleti boýunça 9 milliona çenli artar. Bu elektrik energiýasy birinji nobatda Andhoý, Şibirgan we Mazari-Şarif şäherlerine iberiler. Ikinji tapgyrda — 2022-nji ýylyň başyna bolsa Puli — Humri we Kabul şäherlerine eltiler.
Mundan başga-da, taryhy wakalara beslenen dabaranyň dowamynda ulanylmaga berlen Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň täze tapgyryna nobatdaky badalga boldy. Iki döwletiň maglumat ulgamyny täze tapgyra çykarjak bu ulgam, Türkmenistandan Owganystana uzalyp gidýän optiki-süýümli ulgamlaryň ilkinjisi däldir, ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, ozal Akina — Turgundy ulgamy hem birikdirildi. Şeýlelikde, bu optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky esasy maglumatlar köprüsini emele getirer.
Görşümiz ýaly, iki goňşy döwletiň uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän gatnaşyklaryny has-da jebisleşdirjek bu taryhy desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi, mähriban Arkadagymyzyň ulag we energetika diplomatiýasynyň hakykat ýüzünde amala aşýandygynyň halkara derejesindäki ýene bir subutnamasydyr.
Biz hem şeýle ägirt uly taslamalary amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da belende göterýän milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň hemişe dik bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
Baýmuhammet ORAZSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.