Okamak, ýazmak, döretmek — maşgalamyza mahsus häsiýetleriň biri. Bular bize berlen terbiýäniň esasyny düzýän aýratynlyklar. «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýerdiler. Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar. Soňra şol okan zatlarymyz hakda pikir alyşmak, ýiti täsir galdyran ýerlerini belläp almak, düşünjelerimizi beýan etmek, depdere ýazmak — öýümiziň adaty. Wakalaryň çuňňur many-mazmunyna akyl ýetirmek üçin ýazylan maglumatlar tapylgysyz hazyna mysalynda. Sebäbi ýazyp goýsaň, ony hemmeler okap bilýär. Ýazmak bilen adam gowy zada ymtylýar, ony aňynda aýlaýar. Şeýdibem taryhy hakykaty göz öňünde janlandyryp bilýär. Şonuň üçin hem aýdylan pikirden kagyza geçirilenini okamak has gyzykly görünýär.
Aslynda, ýazmak, gündelik ýöretmek ata-babalarymyzdan bäri dowam edip gelýän, maşgalamyza mahsus aýratynlyklaryň biri. Ylym-bilime, ukyp-zehine aýratyn uly ähmiýet berilýän maşgalada önüp-ösemsoň, döredijilik ukybymyzyň kämilleşmegi üçin kakam bize hem gündelik ýöretmegi öwretdi. Muňa okuwçy döwrümizden başlap endik etdiripdi. Sebäbi günleriň kyssasy siňen setirler durmuşa düşünmek hem-de wakalardan many çykarmak üçin ähmiýetlidi. Gündelik ýöretmek sözleýiş, beýan ediş ukyplaryňy hem kämilleşdirýän zat. Söz baýlygyň artýar, ýazdygyňça, beýan etdigiňçe, pikiriňi dogry-dürs we täsirli ýaňzydyp bilmek başarnygyň kämilleşýär.
Halkymyzyň taryhyna, şu gününe we geljegine dahylly pikirlerimi, garaýyşlarymy, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişip, ilkinji toplan tejribelerim hakyndaky pikirlerimi şu günlerem gündeligime ýazmagy dowam etdirýärin. Bu gün seljersem, gündeliklerim, olardaky ýazgylar ep-esli bolupdyr. Olary okyjylar bilen paýlaşmak islegi döredi. Atam pahyryň maslahatyna eýerip, kitap ýazmak hakynda pikir edip başladym.
Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär. Tejribe bolsa diňe özüň gazanylýan, ýöne il-gün bilen paýlaşylýan hazynadyr. Gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar.
Men bu kitabymda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylan beýik işler, olara ýaşlarymyzyň gatnaşygy, şeýle hem geçilen ýollar, toplanan tejribeler hem-de ýerlikli hasaplan maglumatlarymyň, esasanam, halkymyz, Watanymyz baradaky pikir-garaýyşlarymyň käbirlerini siziň bilen paýlaşmagy müwessa bildim.
Bu kitabym eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi ugrunda bilelikde öňe ilerlemekde her birimize goldaw berer, gollanma bolar diýip umyt edýärin!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan.