Döredijilikli işleriň guwandyryjy netijesi

Türkmen işewürleriniň önümleriniň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda birnäçe günläp dowam eden sergisi öz işini tamamlady. Telekeçileriň gazananlarynyň däp bolan gözden geçirilişi ýokary derejede, üstünlikli jemlendi. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji aprelde sergide bolup, ol ýerde görkezilýän önümler, hödürlenen taslamalar bilen tanyşmagy, täze harytlar bilen gyzyklanmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň şol günlerde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleriň karz berilmegi, ýagny hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek baradaky aladasy türkmen telekeçilerini has-da begendirdi. 

Eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki bu serginiň öňkülerden tapawutly aýratynlygy nämedekä?! Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi mynasybetli, 14 ýyl bäri geçirilýän serginiň bu gezek bir hepdeläp dowam etdirilmegini onuň tapawutly aýratynlygy hökmünde görkezmek bolar. Munuň özi türkmen telekeçilerine öz önümlerini öňkülerden has giňden mahabatlandyrmaga, hödürlenen tekliplerdir taslamalar boýunça biri-birleri bilen dowamly pikir alyşmaklaryna mümkinçilik döretdi. Diňe bu hem däl. Harytlaryň ýerlenmegi üçin-de sergi günleri diýseň amatly boldy. Söwdalarda müşderilere ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, eksport ugurly önümler bilen birlikde, iň täze önümler hödürlendi. Bu gezekki sergi milli önümleriň täze görnüşleriniň 100-den gowragyny öz içine aldy.

  Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bar. Munuň şeýledigini IT ulgamda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalar, şol sanda  «Ýokary tilsimatlar» merkezi, «Adyl açar», «Milli ulgam», «Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi», telekeçi Zafar Jumaýew we beýlekiler tarapyndan hödürlenen senagat we elektron önümleri, töleg terminallary, «akylly» öýleriň taslamalary, köp ulgamly programmalarda, elektron söwdada gazanylan üstünlikler bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilen bu serginiň dowamynda ýerli hususy kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy. Diýmek, türkmen telekeçileriniň dünýä bazaryndaky örüsi ýene-de giňemek, türkmen önümleriniň dünýä meşhurlygy öňküden-de artmak bilen bolar.  

                                                                   

Birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň yglan eden «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň jemi jemlenip, onda  hususyýetçileriň 58-si dürli ugurlar boýunça ýeňiji boldy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrebap derejede guralan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär.  

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».