Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary hem-de çäreleri barha giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap baýramçylyk desgalary we binalary yzygiderli açylýar, täze desgalaryň gurluşygyna badalga berilýär.
Ine, düýn hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, täze toplumy ulanmaga bermek dabarasy hakyky baýramçylyga öwrüldi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda, uly tutumlaryň, dabaraly toýlaryň ýyly hökmünde 2021-nji ýyl täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlan we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynda öndürilýän nah-mata we taýýar önümler diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde iň islegli harytlara öwrüldi.
Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Köpöwüşginli çykyşlarda eziz Watanymyz, mähriban halkymyz, milli Liderimiziň amala aşyrýan beýik işleri wasp edildi.
Meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumy ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Kärhananyň ulanylmaga berilmegi bilen, 1 müň 300 täze iş orny dörediler, öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler bolsa, ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligini üpjün etmek bilen birlikde, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga-da mümkinçilik berer.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşy üçin hemme zerur şertler döredilýär. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän zawodlardyr fabrikler gurulýar hem-de ulanmaga berilýär. Şolarda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümler öndürilýär.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, onuň eksport mümkinçiligini has-da ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açylan dokma toplumy munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Önümçilige netijeli innowasiýalary ornaşdyrmak işinde halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegi, dünýä ylmynyň gazananlarynyň, iň kämil tehnologiýalaryň ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçegine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Türkmen dizaýnerleri içerki bazaryň isleglerini öwrenip, ilatyň möwsümlere degişli isleglerinden ugur alyp, egin-eşikleriň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyrlar hem-de önümçilige girizmelidirler.
Milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar gatnaşyklarynyň hem-de döwlet dolandyrylyşynyň sazlaşygyny emele getirmek dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy ugur edinýän ýurdumyzyň senagat syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu jähetden soňky ýyllarda eksport ugruny nazarlaýan we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi alyp barýan ýurdumyzyň dokma senagaty öz ösüşini depginli dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde, bu pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirilýär, dokma senagatynyň önümçilik kuwwaty yzygiderli artdyrylýar. Häzirki döwürde bu pudak döwrebap kärhanalaryň onlarçasyny özünde jemleýär.
Serişdeleri işläp taýýarlamakdan başlap, nah we ýüpek önümleriniň önümçiligini, serişde mümkinçilikleriniň doly peýdalanmagyny, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ulanmagy nazarlaýan, doly tehnologik we innowasion esasdaky senagaty döretmek strategiýasy milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Onuň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasy, şol sanda Türkmenistanda dokma pudagyny we söwdany ösdürmek Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň dokmaçylarynyň öňünde has möhüm wezipeler goýuldy. Munuň özi ýurduň diňe bir içerki bazaryny importuň ornuny tutýan ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmekden däl, eýsem, ýokary bäsdeşlige ukyply, dünýä bazarynda dokma önümlerine berilýän kepilliklere laýyk gelýän, halkara ülňülerine daýanýan eksport önümçiliginiň artdyrylmagyndan ybaratdyr.
Dokma pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmak maksady bilen yzygiderli gurulýan kärhanalardan başga-da, olarda öndürilen ýokary hilli önümleri ýerlemek üçin niýetlenen döwrebap dükanlar hem yzygiderli bina edilýär. Mysal üçin, geçen ýylyň 17-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň ugrunda hem-de Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň söwda dükanlarynyň täze toplumy açyldy. Täze dükanlarda ýurdumyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleriniň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.
Öwezmyrat RAHYMOW.